17:08

K...

K...

Men seniñ öñüñde asla kiçelmän,
Senden ýaña men nähili ynjadym.
Indi meñ üstümden hökm edip bilmez
Ne seniñ salamyñ, ne-de gyjydyñ.

Bilip goý, saýry biz şu günden başlap,
Hemem sapak bolsun, goý, başgalara.
Sen unudypsyñ: öz erkinligimi asla
Çalyşjakdygmy azaşmalara.

Gurban etdim näçe ýyllarmy seniñ
Ýylgyrşyña hemem röwşen gözlerñe.
Umytlarny ähli ýaşlyk günlermiñ
Senden tapdym yhlas bile gözlegde.

Güýçli söýmek üçin ýürekden seni,
Hatda bütin dünýäni hem ýigrendim.
Seni söýüp - öwrendim men söýmäni,
Seni söýüp - ýigrenmäni öwrendim.

Nädip bilip bolar, belki, seniñ şol
Aýagña ýykylyp akan pursatlar,
Gör, näçe biderek gidendir ylham,
Näçe şygyr ýok bolandyr gursakdan?!

A sen onuñ deregiñe näm berdiñ?
Belki, şol hyýaly oý-pikirlerim
Hem öz ruhy güýjüm, hem juwan serim
bilen dünýä, uly serpaý ederdim.

Deregne bakylyk bererdi dünýä.
A sen dünýäñ berjek tylla täjiniñ
Deregni tutmaga wadalar berdiñ
Hem nyşany bolduñ meniñ öjümiñ.

Sen nämüçin owal başda häzirkiñ -
Edil şu mahalkyñ ýaly bolmadyñ?
Egee şeýle bolan bolaýsa, mümkin
Halas bordum saralmadan-solmadan.

Men gedem! - bagyşla, sen söý özgäni,
Indi söýgi agtar özge gözlerden.
Keşt edip giderin men bu dünýäni,
Söýgi gözläp daglardan hem düzlerden.

Şol günorta asmanynyñ astynda
Giderin men dynç bermäge kalbyma.
Hem çykmaryn öz-özümiñ kastyma,
Ynanyp allara, çapyp salgyma.

Has içgin tanadyk birek-biregi,
Indi unudardan, ýatdan çykardan.
Indi asla tanap bilmersiñ meni
Ýa-da tanaýsañam, tanarsyñ zordan.

Çünki keýp çekerin öñýeten bilen,
Gerek bolsa kasam ederin ýersiz.
Her öñýeten bilen gülüşerin men,
- Her kes bilen aglanymy görmersiñ.

Indi şeýle aldaw başlanar mende!
Çyndan söýmen asla, öñkülem ýaly.
Öz perişdäñ biwepalyk edende,
Hormatlamak mümkinmi ýa aýaly?

Seniñ nepis elleñ bir gezek artyk
Gysyp, akylymdan azaşmak üçin
Ölüme taýyndym kysmatym tartyp.
Her hili jebre-de taýyndym men düýn.

Bilmän biwepalyk diýilen zady,
Öz kalbymy saña berdim, talandym.
Päk kalbyñ gadryny bildiñmi, ýa-da!..
Sen bilipsiñ: - men tanaman aldandym! -

• K...

Eýjejik hem her hil günä çemeje,
Söýüp ýörmelije, eziz juda sen!
Bagt berip biljek sen ýarym pelege,
Ýöne özüñ şol bagtdan jydasyñ:
Goşa döwran süren ýokdur täleýde,
Görüpmidiñ çasly çaýy sen heý-de?
Bark ursa-da ýakasynda ýaz pasly
Çuñdur, tümdür, örän sowukdyr asty!

Mihail LERMONTOW.

Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 350 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Mihail Lermontow | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýoklugyňda / Goşgular - 22.01.2023
Süýnen ýyldyzym / Goşgular - 06.01.2023
Ene / Goşgular - 10.02.2023
«Не говори мне, что ты любишь меня!..» / Goşgular - 12.02.2023
На пятидесятилетие музы 29 января 1889 года / Goşgular - 29.01.2023
«Муза, погибаю!.. Глупо и безбожно…» / Goşgular - 19.01.2023
"Ýanwarda - gardan soñ durlanan asman..." / Goşgular - 12.02.2023
Ýanyma gelýäň / Goşgular - 07.01.2023
Поэзия – бог / Goşgular - 31.01.2023
Söýgi derwezesi / Goşgular - 07.01.2023

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Garaýolly  
27
Ajayyp shahyr. Yazyjy Chary Ashyryñ urushda bile bolan yoldashlarynyñbiriniñ yazgysyn ir mahal gazyetde okapdyr. Onuñ yazyshyna gora, Chary Ashyr yash wagty Lermontowa meñzeyan eken. Oña Lermontow diyip yuzlenyan ekenler.

0
2 Gulruh  
smile

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]