11:23 Kappuçino / hekaýa | |
KAPPUÇINO
Bir ýere seniň bilen gitmesemem, şol seni ýatladyp dur. Belki şol ýerde seni ýatlanym üçin şeýledi. Belki indiki hekaýamyň başy şeýle bolar. Ýene hemişeki gyza seniň halaýan şekersiz koppuçinaňdan buýurdym-da, ýarym galan kitabymyň sahypalaryna girjek boldum. Koppuçino maňa-da ýarady. Daşarda bolsa çalajadan ýagyş çisňeýär. Aňyrsynda bolsa hemişekiň ýaly ýylgyryp sen görünýäň. Ýuka şarfyň owadan gelişýänini saňa ozalam birki ýola beýan eden bolsamam, şu gezegem içimden şeýle diýdim. Aýnanyň aňyrsyndan meni görüp, tawus basyşly, başyňy dik tutup, nurana gözleriňi maňa tarap dikip, ýumşak ýagşyň lezzetini içiňe çekdiň-de, bärik ýörediň. Birdenem bir jürlewügiň sesi, bu näzikligi bozdy: – Aý, gyz, bärden geçmek bolanok, aňyrrakdan, ho-ol çatrykdan geçmeli! – Gaty uzak bolýar-a, şu ýerden geçäýeýin! – Ýok, bolanok. Şeýle bir owadan surat bardy. Bir ökde, ýok, gögele nakgaşam juda göwne degiji edip çekerdi. Ökdesi bolsa, gyzyň ýüzünde gizlenen ähli ýakymly we şoňa meňzeşräk duýgulary iküç çyzykda görkezerdi. Bialaç gitdiň, eliňdäki ýygnalan saýawan bilen. Bolýa. Gelişiňdäki tolgunyp urýan ýüregimiň urşy seniň ýaly ugruny üýtgetdi. Gahar bilen düňküldemäge başlady. Ýagyş indi gülýärmi aglaýarmy belli däl. Seniň ýüzüňdäki ýylgyrşyň henizem aýrylmandygyna öz ýanymdan monça boldum. Oturan aýnamyň öňünde ýene bir surat döredi. Giç gelen koppuçinamdan ýeke owurt alyp, gelşiňe seretmegiň üýtgeşikligine haýran galyp synladym. Dünýäden bihabar, şadyýan bakyşlaryň aňyrsanda özümi näçe göresim gelýär. Saňa aýtmak ýadymdan çykypdyr, indi bu kofýahana gapdalyndan girmeli. Seniň ýene badyň azajygam bolsa gaýtdy. Gapyny açyp bilmän, maňa seretdiň, menem elim bilen ýol salgy berdim. Ahyry sen geldiň. Güýz geldi. Plaşyňy çykarma diýesimem gelýär. Ýagyş gowy ezip ýetişmändir. Saňa-da şekersizden birini buýurdyk. Az salymdan ofissiant gyz eli boş geldi. Eýýäm gutaryp ýetişdimikä?! Ýok, bir zat diýjek boldy-da, kellesinde ýyldyrym çakan ýaly edip, yzyna öwrüldi. – Ynha, bu meniň hemişeki ýerim. Ine, indi ilkinji gezek biri bilen şu ýerde oturýan. – Bu ýere gelip-gidip ýörsemem, şu stolda oturmagy kelläme-de getirmändirin. Ýylgyrdym. – Gowy edipsiň, özümiňki ýaly bu, göýä. Hemmeleriň duşundan geçirýän inçeligi bolýar. A men bu ýerde, näçe çaý-kofýa sowatdym, näçe goşgyny haladym, näçe romanyň gahrymany boldum… Men bu ýerde näçe pasyl çalşygynyň şaýady boldum. Gar ýagdyryp eretdim, ýapraklar pyntyklady umyt ýaly. Howa sowap maýlady. Şolaryň arasynda senem meniň bilen ýaşadyň. Saňa diýip bilmeýän sözlerimi näçe gezek şeýle wagty ýuwudypdym. Bärden çykyşymyza diňmedik ýagyşdan ganmak üçin parka ugradyk. Hepdäniň duşenbe günleri ýapyk bolýan eken. Geň galaýmaly, seýilbag ýapyk. Höwesimiz gursagymyzda galmaz ýaly, derrewjik taksi bilen başga birine ugradyk. Gürrüňçil adam eken, bize ýeke agyz gep alyşdyrmady. Kirpikleriňdäki utançlary synlasym gelipdi. Ýetdik, saklamak bolmaýan diýen belgi bardy. Şonda-da saklajak boldy, aňyrrakdan biri göründi. Uzagrakda düşdik. Sürüji biziň wagtymyzy gowy geçirmegimizi diledi. Baş atyp, sagboluň diýdik. – Şol ýeri görýäňmi, şondan ýöräp gaýdan bolsak, hasam ýakymly bolardy! – diýdiň. Ony özümem bilýärdim. Içimiň ýarasyna duz sepmejek bol diýdim saňa eşitdirmän. – Gel, o tarapa geçeli! Giň seýilgähde, ýagyşdan bukulýanlardan başga adam ýokdy. Olaram bukulýandygy üçin görüp bilmedik. Geregem däl. Sebäbi ikimiz ýetik. Gynanan ýerimiz, şeýle manzary sypdyrýardylar. Ýoluň soňuna çykyp yzymyza gaýtdyk, aňyrky ujundan bolsa iki sany meňzeş gök eşikli ýaş oglanam bärik tarap öwrüldi. Belki ortarakda sataşarys. Sen ýadyma düşseň, bilmen bir ýerlerden ýakymly owaz eşidilýän ýaly, gözlerimi ýumýan. Şäheriň niresine gitsem seni ýatladýan howa, oturgyç, koppuçino, pişikler we ýeneler köňlümi otdan doldurýar. Köp gezelenç etdik, sungat deňziniň düýbünden ençe dür çöpledik. Ädimlerimiz bilen surat çekdik. Gözlerimiz aýdym aýtdy. Ne sen, ne-de men diýip bildik. Ne gözel günler. Şol seýilgähde, ortada sataşypdyk. Olar asudalygy goraýarlar. – Salowmaleýkim! Bir minut aýak çekip bilersiňizmi? – Aleýksalam oglanlar. Aýdyň, diňleýäs! – Siziň resminamalaryňyz barmy, nirede ýaşaýarsyňyz? – Bar, öýde olar. Bizem öýde ýaşaýarys. Nämä gerek boldy? – Beýdip ýörmek bolanok? – Nädip ýörmek? – Siziň bolşuňyz bolanok? – Nämesi bolanok? Soraga sorag bilen jogap bermek, garşyňdakyň içini ýakýar. Içýakgyç soraglar berýän bolsa, başga nähili gaýtargy berjek. Bizden başga adamam ýokdy, gaty işsizdiler. Meniň gaharymy zordan köşeşdirdiň. Ýene-de ýatyşdy gazabym. Bir gün okuwa gidýändigiňi aýdanyňda juda gynandym. Bir ýurt seni elimden alýan ýaly boldy. Ruhum agyrdy. Bildirmän gözlerimiň ýaşyny süpürdim. Soň bilet aldyň. Wagt ýetdi. Aeroporta gitdik. Gapyda adam köp. Taksi saklajak boldy, bolmady. Uzagrakda düşdük. Men ýene gynandym. Ullakan ýoltorbalary sürüp getirdik. Hasaba alyndyk. Gyra çekildik. Täzeden höwesli gynandym. Maňa tarap gelýän tawus basyşlar, dik baş, ters tarapa ugrady. Gözlerim bilen ugratdym. Kalbym gyýym-gyýym, köňlüm dilim-dilim. Iki adamlyk şäherde ýeke özüm galdym. Soň gideniňe ýarym ýüregim bilen begendim. Indi rahatdyň. Belki hekaýamy şeýle ýazaryn. Ýa-da şu durşuny goýaryn, arasyndan gerekmejek ýerlerini aýryp. Soň saňa ugradaryn elde täzeden ýazyp. Hat almadygyňa näçe wagt bolandyr. Häzirki ýagdaýynda goýsam gowy bolaýjak ýaly. Sebäbi şu durkuna bar duýgymy goşdum. Seni ähli owadanlygyň bilen goşdum. Häzir daş çykyp, şekersiz koppuçino içmäge giderin. Daşarda bolsa çalajadan ýagyş çisňeýär. Aňyrsynda bolsa hemişekiň ýaly ýylgyryp sen görnersiň. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |