22:00

Ters akym / hekaýa

TERS AKYM

Men bu gün otagymdaky ýerimi üýtgetdim. Has dogrusy, dostum üýtgetdi, men däl. Yzyndanam begendi. Ýogsam, Jumageldi aga bilen ikisi bir diwara tiňkesini dikip oturandyrlar, haçan barsaň ýa-da barsam. Ol bolsa stoly garşy tarapyna geçiripdir. Wagt öýlänläberende:
– Henizem pikirlenýän, nämüçin beýtdiň?
– Arasynda üýtgeşiklik etmesem, birsydyrgynlykdan ýadadym.
– Iki ýyly aşypdyr, asyl bu barada pikirem edip görmändim.
– Durmuşa üýtgeşik nazar aýlasym geldi.

Bu gürrüňlerden öň, adaty işiň akymyna görä girip-çykýanlaram boldy. Ilki bilen orunbasar Orazgül gelneje, kimiň orunbasarydygyny aýtmagyň hajaty ýok, gelip, begenen ýaly etdi. Ony gözlerinden okamagam kyn däl.
– Oho, örän gowy, üýtgeşik bolupdyr. Men-ä haladym.
– Özümem şoň üçin üýtgetdim. Ýeri, aýdyberiň!
– Seret, şu ýerini üýtgedibräk alsak näderkä?
– Şuň bilen ýerini çalşaýyň… Bu gün üýtgeşiklikleriň güni öýdýän.
– Manysy başga zada çalym edýän ýaly göwnüme?
– Originalynda näme diýýärkä?
Jumageldi aga ara girdi:
– Ikisem bolaýjaga meňzeýär. Juda gaýry süýşmez.
Ylalaşylansoň, Orazgül gelneje garşy tarapa göçenimi halandygyny gaýtalap çykyp gitdi. Göräýmäge, şeýle üýtgeşiklige göz dikýän diňe bir gelneje-de däl ýaly. Tutuş bu otagyň hemişeki gonaklarynyň barysy gowy gördüler. Bulam nämäniň alamaty, ony özleri bilýärler. Ýöne Myrat aganyň haýbaty başgaçarakdy:
– Rewolýusiýa edipsiň-ä?
Başyndan iki rewalýusiýa geçirmedigem bolsa ençe çarşenbäni geçiripdi. Sebäbi Myrat aga çarşenbe günleri nobatçylyk edýär.
– Ýöne biraz aýlanyp geçmeli boljak.
– Üýtgedip gurlanda-da başymyz aýlanar öýdüpdik, soň-a düýpgöter üýtgedik.
– Ýöne barybir otagyň içinde öňki işimizi edýäs.
– Ana filosofiýa! /Pelsepe sözüni ol ulanmaýar, ýogsam şeýle alardym/
– Täze üýtgeşiklige-de barybir ram bolarys.
Eli mydama-da çyrşalan kagyzly aýlanyp ýören Myrat aga köpi gören. Ýa öwrenşipdir üýtgeşiklik edilmegine ýa-da öz pikiri bardyr-da. Bujagaz stol süýşürmegime rewolýusiýa diýip bilen adama başga ewolýusiýa gerekmi diýsene. Ýok diýme, başga bir gyzam geldi sebäbi, Tawus. Içerik girip bir maňa birem Jumageldi aga seretdi:
– Öýlän şuny ýetişdirmeli diýdi.
– Kime zeruryýeti çykypdyr?
– Başlyga.
– Hany göreli.
Şeýdiýdi-de ötägitdi. Ýaşaýşy şol bir akym bilen dowam edýän üçin otagyň içindäki kiçijik gymyldylar ullakan herekete meňzeýär. Tawusyň geňlemeýşine şoň üçin geň galmadym. Sebäbi onuň durmuşynda özgeriş kän. Basym ol gyz şol durmuşa çykmaly.
Haly hoş Perhat bolsa oň bileň bir tardan gopdy. Ýöne bir salamlaşmaga gelipdi, beýlekilerden parhlylykda.
– Başga bir ýere gelen ýaly-aý şu wagt men.
– Başgaçarak ýere diýeli!
– Nireden kelläňe gelip ýör beýtmek?
– Öňki oturan ýerimden geldi!
– Menem üýtgetjeg-aý stolumy. Gowy bolýan eken.
Perhatyň içindäki üýtgeşikligi ilki özüň edip görkezip, onsoň daşyna çykaryp bolýar, käbir adamlarda bolşy ýaly. Her kimem beýle gowy zada garaşýandyr, belki, ýöne onuň üçin biri ilkinji bolup ädim ätmeli, dostumyň edişi ýaly. Endikleriňe ownujak täzelikler girizmeli. Olar durmuşyňy üýtgetmese-de oňa öwüşgin saçar. Perhadyň äheňini doly aňmasam-da, göçi geçip barýan ýaly gapyny ýapyp otagyna ýöneldi.
Bu zatlaryň hiç birine-de tomaşa etmedim. Otagyň soňky ýagdaýy gyzyklandyrmanam duranok. Öň ýanyna baranymda şol ýerde oturyp seredýärdim durmuşa. Indi barsam dostumyň ýerinde oturyp, öz ozalky ýerimden sudurymy tapjak bolaryn. Ol-a eýýäm nazaryny aýlady töweregine, garşy tarapa geçip. Otagyna aýlansam belki olam, menem başgaça serederis, töweregimize.

 Seýran OTUZOW.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 372 | Добавил: Нawеran | Теги: Seýran Otuzow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Eddanyň öýlenişi / hekaýa - 06.01.2023
Ýüpek jiltge / hekaýa - 06.01.2023
Ýaşlyk joşguny / hekaýa - 08.01.2023
Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - 07.01.2023
Kupedäki ýoldaşlar / hekaýa - 19.03.2023
Täze ýyl gijesinde / hekaýa - 06.01.2023
Lal / hekaýa - 06.01.2023
Çoça / hekaýa - 04.01.2023
Meledor / hekaýa - 08.01.2023
Gijeki otly / hekaýa - 12.03.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]