11:25 Melewşe / hekaýa | |
MELEWŞE
Öňler ol reňke melewşe diýýärdiler. Belki häzirem şeýledir ýa täzeçe daşary ýurt dilinden alandyrlar bir aňlatma. Ýok, wiýola ýa şol bir kökden dörän fiýoletowyý diýýän bolmaklaram ahmal. Ýa-da siren diýip bir zadam bar. Ýöne melewşe has edebi we owadan eşidilýär. Eger geýýän geýmiň bilen owadan reňk sazlaşan bolsa, onda gözleriň nuruny artdyraýjak ýakym döreýär. Ýüzünde dertleriň yzy galan goňur saçly zenan melewşe şarfyny boýnuna edil kinolardaky ýaly dolapdyr. Şarf bilen reňkdeş ellikleri ellerini ýyladýandyr öýtmesem-de, açyk melewşe paltosy bilen juda näzik sazlaşypdyr diýip biljek. Galanyny özüňiz görmeli. Sebäbi onuň ýöreýşem saz bolup, ädimleri goşgusyna öwrülip barýan ýaly üýtgeşik. Ol birine görünjek bolanok. Özüni gözelem saýanok. Belki onuň ady hem Melewşe bolansoň reňkine-de aşyk bolandyr. Onam göreris barýarkak. Melewşe – orta ýaşdan çala geçen zenan. Ol şu wagt ýanýodadan parahat ýöräp barýar. Bir zada ymtylsaň, galany ýönekeý detal bolýar. Ýa-da bir ýere. Mysal üçin, ine, daşarda ulaglaryň galmagaly gulagyňy deşip gelýär. Garyň ümsüm ýagyşy ýere gonanda, keýpiňi göteräýjek bolýar. Ýöne hany muňa seretjek ýa diň saljak?! Onuň yzyndan garanlar öýünden gelýändir öýdýändirler. Kim bilýär, gözüň bilen diňe duşuňdan ugradýaň. Başyny dik tutup barýan Melewşe bolsa agyr ädimleri bilen öýüne barýar. Hiç ýerden gelýär. Köçäň eýleki burçundan ýöräp gaýtdy. Öýi başga bir ýerde – ýakynrakda. *** Melewşe bu gezek gülüň ýüzüne çaýyldy. Owadan melewşe güllerini bir ýaş gyz jorasyna doglan gününde gowşurdy. Örän näzik çemen boglupdyr şonda. Gyzyň ellerine diýseň gelişdi. Şeýle hem bu gülleri goja suratkeş howlusynda ekipdir. Şonda öýüň çar ýany wiýola reňkine bürenipdi. Bu görnüşe göwün beren goja, haýal etmän öz jaýynyň suratyny uly höwes bilen çekdi. Reňklere usul bilen çotgasyny batyrdy, gülleri ýekän-ýekän ysgap çykdy. Hrizantema gülleri hem özüneçekiji bolýar. Olaryň melewşesi goşgy setirlerinem bezäp dur. Sebäbi, näme diýseňem, gülleriň juda üýtgeşik ykbaly bar. *** Öýi ýeke otagly; kiçijik kuhnýasy bar, ýeke adamlyk krowady, bir diwary tutup duran kitap tekjeleri. Elbetde, dürli dillerdäki kitaplar… Perdesini iki ýyl öň alypdy, dogry aňdyňyz, goýy melewşe. Käte ýagşyň sesine gark bolup otyrka kofýa içýän bulguryňam tutawajy bu reňkli. Ýa Melewşe bu reňki özüne dertdeş edinipdir, ýa ony içgin söýýär, ýa özüniň aýnasy saýýar… Ýokary okuw jaýynda mugallym. Äýnegini seýrek dakynýar. Saçy üýtgäp dur, günler ýaly. Daraýşyna hiç hili hile goşulanok. On ýyl öň ýüregine düşen ody ony kyrk ýaşyna ýeke özüniň gelmegine mejbur etdi. Şondan bäri bilýäni ýöremek, okuwy, atdaş güller, tämiz howa. Iň kyn sowal, gözleri nähili reňkde? *** Melewşäni her ýerde görüp bolar. Ýöne gelişýäni kä ýerde. Ynha, geýinmegi oňarmasaň, ol seni juda arzan görkezer. Geçen gün üýtgeşik şlýapa geýjek bolan goja professory gülkünç ýagdaýa salypdyr. Özi örän göwnühoş. Talyplar bolsa kikirdeşip durlar. Goýy we köne melewşe; hiç neneň däl, emma ýüzüň muny kabul edenok. Olam şeýledir welin, başga bir ýerde duş geldim muňa: işdäaçaryň bezeginde, süýjüleriň düzüminde, naharlaryň tagamynda… Dogry, ünsüňi çekmänem durmaýar. *** Muny özümem bilemok. Belki açyk goňurdyr, gara-ha däl. Bolmasa, bakyşlary ýyldyryma çalym etmezdi. Oňa seredenler hiç kim bilen gürleşenok öýderdiler. Ýöne marketlere girýär, bazara gidýär, çaýhanalara sowulýar, baglarda aýlanýar. Awtobusa köplenç ýagyşly ýa garly howada münmegi halaýar. Begendirmegi hem başarýar, bäşlik bilen. On ýyl öň adamsy bilen oglunyň ölendigini aýdýarlar. Ony uzakdan tanaýanlar gynanjagyny ýa gynanmajagyny bilenoklar. Sebäbi daşyndan seretseň – wagtyhoş. Aslynda, beýle bolmandy. Ol on ýyl ozal bir alys ýurtdan gelipdi. Öz halaýan ýurduna. Galany diňe gürrüň. Nireden gelendigini aýtjak däl. Ünsli okan bolsaňyz… Ine, bar gürrüň. Häzir Melewşe öýne barar, gapyny bir gezek towlap açar-da, açaryny owadan gülli demir käsejige goýar. Ýeňiljek nahar ediner. Gyzykly sungat gepleşiklerine tomaşa eder. Gije ýakymly ysly otlardan demlenen çaýyndan içip kitap okar. Ýyldyzlara tomaşa eder. Onsoň?! *** Düýn bir agaç gördüm. Gyşyň ortasynda gülläp dur. Reňkini dogry bildiňiz! *** Size bir syr aýdaýyn, ýyldyzlara tomaşa edip bolandan soňra ýazýan gündeligindäki ýazgylary okadym. Häzirlikçe, diňe şuny biliň… 00:29 15.02.2018 ý. | |
|
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |