11:27 Ssenariçi / hekaýa | |
SSENARIÇI
– Sen bu bolýanlardan gorkma, Ahmet. Saňa zat bolmaz. Agyr hassa bolup ýatan Ahmet, pyşyrdady: – Sen muny nireden bilýäň? Kellesini azajyk urgy alan Mälik, arkaýyn dillendi: – Meniň adym Mälik. Ssenarini okadym. Seniň ýazyjyň zalym däl. Baryp ýatan ýuka ýürek. Bir daş ülkede işlemedik jenaýatyndan gaçyp ýören kordiolog lukmany, bir sebäp bilen aýagyňa getirer. “Dertli gutuljak bolsa, tebibi duş geler” diýlenini eder ol. Üstesine sen bu filmde baş gahrymanyň keşbini janlandyrmaly. Onsoň, film düşürilip başlandan baş gahrymanynyň janyny aýamak gerek. Tomaşaçy görer ýaly. Mäligiň bu gürrüňleri Ahmede azajygam bolsa ruhy goldaw berdi. Agrylary azalan ýaly boldy. Awtorynyň özüni näme sebäpden beýle ýol betbagtçylygyna uçradanyna Ahmediň gahary geldi. Aslynda welin, ikisiniňem awtory bir adamdy. Ahmediň oýnamaly filmi yşk barada ýa-da şuňa meňzeş duýgulardan dykyn edilen kino däldi. Ol meşhur biznesmeniň, onda-da dişlänini goparýan baý ýigidiň keşbidi. Bu başlangyçda gahrymana ýarady. Sebäbi göräýmäge hemme zady ýetik, eli uzadan ýerine, hatda, uzatmadyk we uzatmajak ýerine-de ýetip dur. Ýeri şeýle işiň ugruna mahaly bu çola ýoldaky buldozeri diýsene. Ahow, menden başga ýek-tük ulag geçýär şo köçeden. Nireden peýda bolupdyr. Heeeý bolýa-da, agyr pyşdyl ýaly ýöreýän buldozeriň arkasyndan men nädip geýipdirinkäm? Bular indi hiç, filmde şikes ýetirmän alarlar. Usullary köpeld-ä indi oň. Onsoň birden Ahmede jan gelen ýaly boldy: – Ýeriii, seniň ykbalyň niçik bolýan eken, Mälik. Hany gür ber bakaly! Mälik özüniň dowamaty soralanda ýüzi üýtgedi. Hakykaty boýun aldy: – Şu kelläme degen urgydan soňky üç-dört sahypa ýöne bir göz gezdirdim. Adym geçmeýän eken. Dogrusyny aýtsam, yzyny okamaga gorkdum. Filmdir-dä, nähili oýnasaň, tomaşaçylaryň aňynda şeýle galýaň. Şükür bagşyny ýatla, akylly ýigit, ýa-da Artygy. Iň bolmanda bu, gaýry ýurtlaryň keşplerini göz öňüne getirip bilýäňmi? Biziň nämämiz kem şolardan? Olar üçin dagy awtorlar ýörite ssenariý ýazýarlar. Hondan bärsi bolubam keşpden-keşbe giren bolýarlar. Soňam tutuş dünýä ýüzi tanaýar olary. Üstesine-de atly bir baýragam oýlap tapypdyrlar. Bor-la, gürleseň gürläp oturmaly. *** Iki sany ssenariçi der-başagaý bolup ýazylanlary derňäp otyr. Dünýä ähmiýetli iş bitirýän ýaly. Abdylla Torgaý diýlip adygandy bularyň biri. Bir elinde sorulman öz-özüni gutaryp barýan çilimi, beýlekisinde indiki düşüriljek filmiň garalama ssenarisi. Aklama diýse-de boljak. Gutardym edip goýupdyr-da, birki ýerine öz göwni suw içenokdy. Ahmediň ýagdaýy Abdyllanyňam ýüregini agyrdana meňzeýär. Ýok, onuň ýüregi awaýar Ahmede. Ahmet görgüli-de ne günlere duş boldy, hakyky işi gaýdan adam eken. Ýaňky ssenariçileriň beýlekisem oba çäginden çykyp bilmän ýören Nätanyş lakamly Gulmyratdy. Bu gyzykly lakamyny öz eli bilenjik mugtjak satyn aldy. Onuň ýazýan hekaýalarydyr ssenarilerinde biri-birlerini tanaman ýörenler köpdi. Hatda, ogly bilen atasam käte nätanyş bolup çykaýýar. Onsoň galamdaşlary oňa bu lakamy ýelmediler. Gulmyrat zehinlidi. Ýöne ýazýan ssenarilerinde ýa-da hekaýalarynda köplenç oba wakalaryna orun berilýär. Abdylla Torgaý ýöriteläp çagyran dosty bilen ýazanjalaryny soňky gezek gözden geçirip otyrlar. – Sen bar-a, Mollatorgaý, gowusy bu iki ssenariňden birini ýasasaň näder? Erbet bolmaz-a? Abdylla Torgaýyň degnasyna degilen ýaly boldy. Ikisini ýazmak üçinem gözleriniň köküni iýipdi. Holliwudyň ssenariçilerinden kem görenokdy özüni. Daşary ýurtda-da iküç ssenarisi filme öwrülipdi-dä sebäbi. Baýraklary barada gürrüňem ýok. – Ýo-ok, onyň-a bolmaz, Gully. Bularyň temalaram gabat gelenok-a? Nireden gelýär-aý kelläňe bu pikir? Hany, wakalary deňeşdir-da, hany bol? Gully Nätanyş Abdyllanyň üstünden güljek boldumy, nämemi: – Seret Mollam, Ahmediň-ä, ýol heläkçiligi bilen, Mäligiňem, gurluşykda kiçiräk bolsa-da heläkçilige uçraýar? – Onsoň? – Onnoň, özüň ýaly-da bularam, ýürek doktorda ýatyrlar? Her haýsyny öz ugruna iberseň bolmaýamy? Dogry, Abdylla Torgaýyň ýürek agyrysy bardy. Munuň aryny döredýän gahrymanlaryndan alýan ýaly, olaram ýürek agyryly edip çykdy. Ýürek-dä, bir zada agyrmasa, gury et bölejiginden tapawudy bolmaz. Bu ssenarileri ýazyp otyrka-da agyrysy bardygyny ýatladypdy. Gaharyna Ahmet bilen Mäligem kordiologiýa eltip dykan bolmaly. Ýürek barka, döwük-ýenjik küje, kelle-beýni küje. Onsoň iki köne dost hassahanaly ýerine täzeden düzediş berdiler. Ýazdylar, pozdular, dawa-da etdiler gerek ýerinde. Jaýyň tüssesem hiç neneň däl. Ýene iki gün şeýle otursalar, biri-birlerinem görüp biljek däl. *** – Ahmet, meni äkidýäler. Eýleki bölüme geçýän. Saňa-da näme, şypa dileýän. – Köp sag bol. Menem äkidäýjek ýaly öýdýän. Bolmasa bu agyrylar geçmejek ýaly. Ahmediň kellesinde kiçijik ýyldyrym çakdy. – Hany men sagalmalydym-la? Bir kordiolog diýdiň, daşary ýurtly diýdiň, soňy bolmady-la muň? Mälik çala ýylgyrdy: – Seniň ýüregiň agyranog-a Ahmet. Döwük-ýenjige gitmeli sen. Ýöne alada etme, sen barybir sagalarsyň. Düýn şeýle netijä gelindi. Mälik bulary nädip bilýärdikä? Ýagny, nädip okap bilýärdikä? Ýa oňa şum ykbal duşan bolmaly. Onuň ssenarisi ilki ýazylyp, oýnalyp, soň täzeden ýazylan bolmagam ahmal. Şonuň üçin Mälik lapykeçdir. Ýöne zyýany ýok, indi ol bar. Barlygy bilenem bir ýerlerde ýaşaýşyny dowam etdirer. Azajyk wagtdan soňam iki sany gahryman çala baş atyp hoşlaşdylar. *** – Indi nähili boldy Gully? – Şu gezeg-ä oňardyň Mollatorgaýym, senem adam diňle-how arasynda. Dogrudanam, Abdylla Torgaý ep-esli ýyl bäri özünden başgany diňlänokdy. Diňläsi gelýändirem, ýöne özüne bolan ynamy filmleri bilen has artansoň, şol ynamy indi özem syndyryp bilenokdy. Garaz bulaň gürrüňleri ýene iki guty çilim tükenýänçä dowam etdi. Biri-biriniň häsini ýetirip, gerek ýerinde gahar edip, iki bolup köpläp-kömekläp ýapa degjek iki ssenarini režissiora bereris diýip goýdular. Galanynam özleri alyp çyksynlar. Eline taýyn aş baransoň, iýmegi bir başarsynlar-da, beri. *** Ahmet bilen Mälik bolsa, öz soňlaryndan bihabarmy dälmi, hassahanaň otaglarynda täze düşüriljek filmiň baş gahrymany bolup garaşyp ýatdylar. Wakalar ösdi, dürli-dümen hadysalar geçdi bu ikisiniň başyndan. Almanyň öz düýbünden daş düşmeýäni boldy. Aýlanyp, öwrülip ykbal Ahmet bilen Mäligi ýene-de kordiologiýanyň otagynda duşurdy. Mälik ýene gabatlaşjagyny bilýändigi üçin geňlemedi. Ahmet bolsa: – Ýazgydyň şemalyna seret, indi bir dogry ýere geldikmikäk? – Seni bilemok welin, men-ä dogry geldim. Şu gezeg-ä hakyt ýüregimi agyrtdy awtor. Ahmet ýylgyryp: – Şu gezeg-ä meňem ýüregim agyrýar. Azajyk utdursam-da, ýüregim köpräk agyrýar. Ýogsam, ojagaz ýitik bilen men hassahana düşmeli adam däldim. Garaz bularyňky paşmady. Sebäbi Abdylla Torgaýyň özem şu wagt hassahananyň kordiologiýa bölüminde içi gysyp ýatyr. Iki eseriniň baş gahrymanlaryny hem öz ýanynda göresi geldi durdy. Kim biler, belki olaryň söhbeti hasam gyzyşar. | |
|
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |