15:23 Syrga / hekaýa | |
SYRGA
Maksat başga zat, ýol başga. Sebäbi bu şähere eltýän ýola baryňyz belet. Baryp gördüňiz diýmedim, araňyzda ondan entek mahrumlaram bardyr. Ýöne aýdaýyn, juda meşhur o taýsy. Şoň üçin adyny agzabam oturman dykgatyňyza sowuklygy bilen ýetireýin. Adamlar alňasap ýaşaýar, özlerinden bihabar. Iliň dilinden maşyn diýip alsammykam ýa resmiräk gürläp ulag? Ýaňrap oturmaýyn, bir gün şäherde hiç hili maşyn ýola çykmandyr. Ýekejesem diýip ýamaşgandan ýaňzydaýyn. Sebäbi bir maslyk peýda bolupdyr habary ulagdan-ulaga at salyp, öýläne çenli baryny garaža eltip dykdy. Gum-gukluk aýlanyp ýör indem kileň şäherde. Bu habary eşiden degişli guramalaryň agzybir işgärleri şol peýda bolan atyr ysly maslygy agtarmaga başladylar. Olar ulaglydy. Kakdyryp ýa gülmek üçin beýle ulanmadym, hakykatdanam, ysy hoşboý diýdiler. Onda nämüçin /aýry ýazaýmandyryn/ maslyk bolýamyş, iň bolmanda salyhatlyrak ýazyp jeset diýäýmeli ekenim… Maslygam bezzat, ýat-da orta ýolda görene göz bolup, adamlara iş bolman. Hiç kim işinden galanok, agsanok, ondan arkaýyn boluň. Pyýada ýelk ýasadylar ugurlary bilen. *** – Eşitdiňmi? – Nämäni? – Her kimiň agzynda sakgyç bolan zady? – Men sakgyç çeýnämok. Iliň diýýänine-de gulak gabardyp oturamok. – Üýtgeşik sen. – Üýtgejek bolýan sebäbi. – Nämüçin gödek? – Bar bolşum. – Işiň mejbur edýärmi? – Sen. – Bu gün bir arkaýyn oturaýaly? – Gez-dä eliňe pursat geçen mahaly. – Seň bilen gezjek. – Şäherde adam köpelipdirmi? – Iki gün bäri meňem maňzyma batanok. – Maňzyňa däl, özüňe iňňe batyrmaly, semrejek bolupsyň. – Gulagyma çolaşýan gepiň gyýkyndylaryny bir ýanly edeýin. – Şolary içine dykyp, ýassyk tikip bereýinmi? – … – … – Oň bolup barşy näteňet-aýt? Gaçyp barýan ýaly bir zatdan. – Ne işiň bar oň bilen? *** Maşynlar ýer ýuwudana döndi. Kimseleriň işi ep-esli azaldy. Näme etjeklerini bilmediler. Gezekli-gezegine ýaýdanman, ýaltanman ýanyp sönýän çyralaram gepe düşenok, ýerlerini çalyşmak küýüne-de gelenok. Diňe şolaryň öwüşgininden lezzet alyp, wazyrdyly günleriň hasyrdylaryny ýagşylykda ýatlaýmasaň, yrsaramaga ne sebäp galdy, ne-de bahana. Işiň depginini çaltlaşdyrmaly, bolmasa ozal haýal ýöreýän adamlar tizleşip barýarlar. Ne bir dükanlara haryt wagtynda ýetişýär, ne bir ýolagçylar uçarlaryna wagtynda. Göräýmäge, ähli agyrlyklar adamlaryň gerdenlerini ýeňletmek üçin maşynlara ýüklenipdir. Indem başlaryna inen howpdan hopugyp, seslerini batly ýuwudypdyrlar-da nämedir bir zatlara garaşyp ýörler. Kelläň kölgesine-de gelmejek pikir biriniň içine girdi. Şeýdibem maslykçy guşlaryň bäş-alty sanysynyň keýpini gaçyryp tutup geldiler-de, salyp goýberdiler şähere. Bularam ekdi edilen ýaly, her nokady dökän-saçan etdiler. Hiç zat gatan çüňklerine çümmedi, gaýtam parahat işe gidip-gelip ýören adamlary bimaza etdiler. *** – Işiň nähili geçdi? – Hemişekisi ýaly. – Hemişe nähilidi? – Birsydyrgyn. – Ýokarky dialogymyzda üýtgejek bolýan diýipdiň? – Men reňkli, işiň durky bir. – Öz reňkiňden çoýup bolanokmy? – Reňk tutanok. – Kino görmäge gidelimi? – Ýöremekden ysgyn-mydarym gaçdy. – Kafe gideli? – Kelläm güwwüldeýär. – Parkda oturaly? – Guşlara däne-de atalymy? – Olar başga zat iýýäler. – Şäherde adam has köpelipdirmi? – Her kim pyýadalamagy gowy görýär. – Bir hepde bäri senem. – Menem köpüň biri. – Maňa bir köpük. – … – … – Ol ýene nämeden gaçyp barýar? – Täleýinden. *** Eýýäm iki hepde bäri ýagdaýlar tutuş şähere haly düşäpdir. Düşegi-de ýeňläpdir. Adamlar näme zatlara werziş bolmaýar, beýniňi beýhuş edip barýan maýyň ýakymyna çalymdaş ysa maýyl bolup barýanyňy duýman, gije gezer kimin gözleriňi ýumup özüňi oňa oklaýaň. Ýogsam maslykly okaranyň içi elden-ele geçip takrap barýar, iň soňky öýe ýetýänçä-de düýbi deşiläýmegi ahmal, şonda-da maşynlar peýda bolup ili köçeden ýygnaýanok. Ýene bir gepbazyň çalan sazyna görä, şol maslyk adamyňky däl-de, kirpiňki eken. Maňa aýdanynda şol wagt sazy tapba kesdim-de, elindäki guralynyň her tekesini bir tüke etdim. Sebäbi şeýle-de öýlerde tabak-çanaklardan depejikler emeli geldi, hapa eşikler aç eşege ýük. Görensiňizem, arasynda gyk-bak ses edip başynda aýlanýan reňki bilen ýoldaky ýok ulaglary iki ýana kowup wyzzyldaşyp käte maşynlar duşuňyzdan geçýär. Içiňizdäki umyt tohumjyklary pyntyk ýaryp, ýok ýerden dowul salyp ýören maslyga top atýar. *** – Eşitdiňmi? – Bir aý bäri gulagym gapyk. – Gördüňmi? – Gözlerimi ýumup ýöreýän. – Üç maýmyn oýnaýaňmy? – Ewolusiýa geçirdim başymdan. – Indi hiç kim gaçyp baranok. – Gaçybatalga tapdylar. – Seni söýýän. – Başga biri bolsam menem söýerdim özümi. – Bu ýerde kirpiniň näme dahyly bar? – Gowja äňet, belki kirpigimdir? – Ikisem atýar. – Şäherde adam görnenok. – Ikimiz bar. – Yns-jyns ýok? – Eşitmediňmi? – Nämäni? – Hemmäň gulagyny deşen zady? – Men gulagymy diňe syrga üçin deşdiler. – … – … – Biz nirä barýas? – Alnymyzdakyny görmäge. *** Indi Naharan şäheriniň maňlaýy onuň ady bilen bilelikde agarýar. Derýalar şol maňlaýda gasyn-gasyn bolup, adamlary gark etmän usul bilen akyp gidip otyr. Ençe wagt geçdi, indi arkaýynlaşaýmaly. Tebigatyň käbir gatlaklaryna güýç ýetmeýär, bize geňeşmän özi etjegini edýär. Dym-dyrslyk mahaly ýyldyrym çakar welin, ähli garaşylýanyň üstüni küle öwürmek üçin çakmagyny ulanar. Ýogsa-da, ony henizem tapanoklar. Görseňiz haýal etmän gaçyň, bolmasa ol ozalam içi bir zatdan dykyn edilen beýniň dykysyna öwrüler. 31.05.2019 ý. Seýran OTUZOW. | |
|
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |