16:53 Dirižýor / hekaýa | |
DIRIŽÝOR
Günden öň oýandy. Daşaryň serginine özüni oklanda, ilki bilen howany uludan demine çekdi. Gözüni ýumdy-da, elini saga-sola galgadyp, gözýetime bir zatlar yşarat etdi. Kileň mähelle älem sazyny çaldy, onuň ýakymy diňe öz gulaklaryny sypady. Ol – Omar. *** Gara eşik pataçylykda geýilýändir öýdülse-de, bu maglumatyň ýalňyşdygyny gijeki boljak oturlyşyklara gidýänler subut etdi. Hatda, bir giden sazandany özünde jemleýän orkestrem muňa eýýämhaçan göz ýetiripdir. Alahasyrdy şäheriň ümsüm drama teatrynyň töweregi juda asuda görünýär. Içinde bolsa el-aýagyny ýitirip barýan dirižýor howany saýgylap, 70 adamlyk orkestre ýolbaşçylyk edip dur. Özem gaharly. Göýä sazandanyň her birinden ary köýen ýaly, elindäki çöpjagazy gözlerine dürtäýjek-dürtäýjek bolup uzadýar. Saza özüni näçe aldyrsa-da, entek orkestrden isleýän äheňini alyp bilenok. Sazandalar juda ökde sebäbi. Dirižýor olardanam ökde. Olar oýunjagyny gysganýan çaga deý gysymlan saz gurallarynda özem çalyp bilýär. Gürledibem. Diňe sürtülip çalynýan saz gurallaram däl, kakylyp çalynýany, üflenýäni, hatda, depilýänine deňiç saýradyp otyr. Eline düşen özüň bolma! *** Omar soň ylgady, ylgadygyça sazyň äheňi çaltlaşdy, bir ýerlerden batly öwsen sergin şemal onuň ösgün saçlaryny, dogry bildiňiz, yzlykgan darady. Elleri bolsa çar ýana aýlanýar. *** Skripkaçylaryň sany 12. Bir seretseň zaryn ses edýär, bir seretseňem hyjuwly. Göräýmäge, elleriniň hereketleri des-deň, emma dirižýoryň gulagyna başga zat eşidilene meňzeýär. Diňe taýajygy bilen “Duruň!” diýip dur. – Skripaçlar, turuň!– Ufda-uf bolşup aýaga galdylar. – Näme üçin gijä galýaňyz? Inçemik zarynymsy ses bilen skripaçlar dirižýory köşeşdirdiler: – Öňümizdäki notalara görä çalýas-da, biz, ýoldaş diiriižýoor! Depçiler biraz ýuwaşrak depseler sesimiz eşidilerdem. Aslynda olaryň kemçiliginiň ýokdugyny aňyp, aňyrsyna çykýan dirižýor, näçe gizlejek bolsa-da, eýleki sazandalar bilmediksirän boldy: – Oturyň! “Bir düşünip bilmeýän bulaşyklygym bar! Her kim nota görä çalýar welin, saz nämüçin tondan çykýar!” Işiňe näçe jür bolsaňam, özüňden ökdeleri dolandyrmak şonça-da akyl isleýär. Adamyň käte akyl ýetirip bilmeýän zady bolýar. Göräýmäge, ählisi bolmalysy ýaly, ýöne ýekeje jadyly dürtüş kemlik edýär. Ana şony dirižýor elindäki adaty taýajykda görjek bolup aljyrap dur. Emma onuň özi şol çöpi jadyly taýajyga öwüräýmese, gözleýän kemter ýerini tapyp biläýmez. Belany töwereginden gözlär durar. *** Birden sägindi, sazam dyngy berdi. Gözlerini ýumdy-da duran ýerinde ýuwaşça pyrlanmaga başlady. Andante ýaňlandy. Saz pessaý bolsa-da, Omaryň aýlanmasy tizleşdi. Soňam bir ýerde durup bilmän wals oýnaýana meňzedi. Ýeke özi, tebigat bilen. Serhoşa döndi. Oňa şu wagt başga zat gerek däl. *** Ýok, ýüregimdäkini alyp bilemok… – Hany, tüýdükçiler, sizem turuň! Olar, biri-birleriniň ýüzlerine seredişip, mundan nägile bolandyklaryny ýaňzytdylar. Sebäbi äsgermezçilik hökmünde kabul etdiler. Topar-topar bolşup, bary deň gürledi: – Biz klarnetçi, biz saksofonçy, biz fleýtaçy, biz surnaýçy, biz trambonçy, biz fagotçy… Dirižýor kellesini tutdy: – Bes ediň! Baryňyz bir meniň üçin! Öňüňizde notalar açyk, üfleýşiňiz näteňet? Nämä ýetişeňzok? Diýipdim-ä, bularyň bary işine ökde. Bu – hakykat. Çalyşlaram örän dogry. Bir batly, bir haýal gürleýän saksofonçy hemmä derek jogap berdi: – Bizem notadan çykamyzok. Taýajygyňy bize çommaltsaň, bizem badymyzy gowşadyp baramyzok, boldaş dirižýor! Dirižýor däliräre ýetip barýar. Kontrabasçylara “Turuň!” diýdi, entek olar ellerindäkileri süýşürip ýetişmänkäler “Oturyň!” diýibem ýetişdi. Sazandalar oturdylanda, adamlara deň eşidiler ýaly edilýär, skripkaçylar iň öňde, soň wiolonçeller, kontrabaslar, yzda ortarakda üfleýjiler, soň kakyp-depýänçiler, garaz seslerine görä-dä. Häzirki baş alyp çykylyp bilmeýän, elleri üzülere gelen dirižýoryň orskestrinde olaram saz. Yzda duran ullakan depçä-de gep gatdy: – Seniň ne derdiň bar meniň bilen? Depçi guralyna meňzeýän bas sesi bilen: – Depesim gelýär! – Eliňdäkini dep-de dur! Gümmürdiňi peselt! Bas ses: – Bor, goldaş! Orkestriň belli bir saz gurallary bolýar. Oňa soň özüňçe milli gurallaram goşup bilýäň. Bu sahnaň sag ganatyndaky 15 sany dutarçy, gy-yk sesli simleri sürtüle-sürtüle bagry ezip barýan 3 sany gyjakçyny ansambla goşmak dirižýoryň çep elinden geläýjek ýaly, ýöne onuň jadysyz taýajygy sag elinde. *** Omar elleri bilen saklan yşaratyny görkezdi. Duýdansyz imisalalyk döredi. Soňam ýekän-ýekan agaçlara, dyzyňa ýetýän otlara, daga, deňze, asmana goluny uzatdy. Olar joşdy, kelle göçdi, soňundanam Omaryň iki gözi ýalpa açyldy. Daş-töweregine garanjaklady, uludan demini aldy, ýylgyrdy. *** Gyzyl simap atyljak-atyljak bolýar. Ýekän-ýekän adyny tutmadyk sazanda galmady. Dirižýoryň bu bolşuna saz gurallaryň özem ýadady. Öz-aralarynda pyşyrdaşdylar. Belent bir ygşyldy peýda boldy. Onuň özem uly saz eseri bolup biljekdi. Taýajygy bilen dürtse-de bolardy welin, ahyry saklanyp bilmän hemmesine birden seslendi: – Duruň! – Ýetmiş ýerden dymyldy. Ses kesildi, çybynyň inçejik wyzzyldysy eşidiljek derejede. Ol bolmady-da, iň arkadan bir ses ýaňlandy: gopuz! Ýaş gyz ýarylara gelip çaldy, tutuş teatry gurşady bu saz. Şonça saz gurala “Öwreniň!” diýýän deý, dura-dura öwüsýän şemala meňzeş sesi bat aldy. Tanyşlary oňa goşuldy: dutar, soň gyjak. Tutuş orkestriň çaljak sazyny üç gural ýalmap-ýuwutdy. Elbetde, bu ýetenok. Ählisini ulanmak gerek. Barynyň ugruny tapmaly! Ses ýene tapba kesildi. Režissiýor, wiý, dirižýor entägem gözüni ýummagy başaryp bilenok. Soňam kürsiden bialaç düşdi. Ýadady, edýän işiň lezzetini almasaň çalt ýadadýar. Yzgytsyzlygy we emelsizligi ony sahnanyň arka gapysyndan çykardy. *** Günden öň oýandy. Daşaryň serginine özüni oklanda, ilki bilen howany uludan demine çekdi. Elleri bolsa çar ýana aýlanýar. Köçe joşdy, ulag göçdi, soňundanam Omaryň iki gözi ýalpa açyldy. Daş-töweregine seretdi, uludan demini aldy, ýylgyrdy. | |
|
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |