18:13 Kör düýe köprüden geçýänçä... / hekaýa | |
KÖR DÜÝE KÖPRÜDEN GEÇÝÄNÇÄ...
Ejesi Selimi „Akyllyja bolgun, okuwyňdan başga zada baş galdyrmagyn...” diýip, Aşgabada okuwa ugradany ýaňy ýaly. Eýýäm dört ýyldanam köp wagt geçipdir. „Utanjaň”, „kitap uran”, „öýdeçi”... ýaly häsiýetlendirmeleriň birnäçesini alanam bolsa, Selim şol dört ýylyň içinde ejesiniň tabşyryklaryndan çykmazlyga çalyşdy. Ol şol „baş galdyrylmaly däl” meseleden mydam gaçyp gezdi. Emma hernäçe gaça dursa-da, ýaşlyk ýaşlyk bolýar. Kä ýagdaýlarda ýüreginiň adatdan daşary gürsüldisini ol aňynda basyp ýatyrmaly boldy. Ýene-de soňky synplara bardygyça bu oňa kyn düşüp ugrady. Näçe salyhatlyly bolmaga çalyşdygyça beter ýüzi gyzardy, dili tutuldy. Muňa-da sebäp bolup bilýän ýeke gyz – Oguljemal bardy. Onuň ýok ýerinde Selim öňki Selimdi. Hemem öýlerindäki ejesi bilen kakasynyň arasyndaky dartgynlylyk. Bu welin Selimiň aňyndan asla çykmaýardy. Uniwersiteti gutardyş synaglaryna taýýarlyk döwri başlalan güni Selim oba gitmegi ýüregine düwdi. Onuň aladasy synaglardan kösenmän geçmek däldi. Ony ejesiniň soňky jaňlary birahat edipdi. Kakasy bilen arasyndaky sowuklyk has güjän bolmaga çemeli. „Ýa ejemiň meni göresi gelip tapýan zatlarymyka? Kakamam bir gaharjaň, telekeçiligiň işem bahana...” Selim obalaryna gidýän awtobusyň irdenkisine mündi. Iki sagada ýetmänem obalaryna geldi. Oba aýagyny basan badyna onuň göwnüne burnuna ýel düşen köşek ýaly dabyrap geçip barýan ýaşlygy birden kürtdürip saklanan ýaly boldy. Awtobusdan düşen ýeri bir gün däl, iki gün däl, birnäçe ýyllap mekdebe gatnan köçesiniň uly ýol bilen kesişýän ýeridi. Selimiň aňynda şol ýyllar bir pursatlyk janlanan ýaly boldy: dosty Sähet bilen jedele gyzyp barýarlar. Bolaýsa 13-14 ýaşlaryndadyrlar... Selim ýylgyrdy. Üstünden on ýyl geçen şol günleriň göz öňüne gelmesi onuň göwnüni açdy. Edil şonuň ýaly edip geljeginem göresi geldi. Ýene on ýyldan... „Ýaşym 30-danam aňyrda. Mekdebimizde matematika mugallymy bolup işleýän. Hälkije Selim ýalyjalar „Salam mugallym” diýýärler. Menem maşgalaly-zatly uly adam, olara „Salam-salam” diýip jogap berýän... Öýde ejem bilen gelnim maňa garaşyp oturandyrlar. Öýümiň üýtgeşik, mährem ruhy bardyr”. „Öýüm” diýende Selimiň gözüne ejesi bilen şol ýüregini çalt urdurýan synpdaşy Oguljemal göründi hemem gapyny batly ýapyp çykyp barýan kakasy... Synaga taýýarlanmak üçin ýanyna alan kitaplary salynan torbasynyň uzyn bagynyň egninden aşak syrygmasy Selimi şu gününine getirdi. Ol bu gezek çagalygyny ýatlandakysy ýaly ýylgyryp bilmedi. Ädimlerini çalt alyp öýlerine ugrady. Öýlerine ýetip-ýetmänem dosty Sähede jaň etdi. - Dost, barmyň? - Bardyryn. Bäriläpsiňow. - Hawa, oba aýlanyp gaýdaýyn diýdim. - Oňarypsyň-da. Häzir nirede, öýdemiň? - Ýetip barýan. Sen öýdemiň? - Hawa. - Onda menem öýmüze baraýyn, soň almalyga gideli. Özüm jaň ederin. - Bolar. Selimiň gözi daşaryny süpürip ýören ejesine düşdi. Ol elindäki sübsesini taşlap oglunyň ýakyn gelerine garaşdy. Soňam ony garsa gujaklady. - Eje, gowumyň? - Şükür oglum. Näçe gündir seni getirjek bolup daşaryny süpürýän. Barýan diýip jaňam edäýeňok. - Barýan diýmän gelsem has begenersiň diýdim. - Wah, gelseň razy. - Kakamam öýdemi? - Işe diýip çykyp gidişi. - Telekeçiligem kakamy ýadatmasa-da biri. Özi gowy gerek? - Aý, kakaňdyr-da. Ine çykar bir ýerden. Men çaý goýaýyn. Selimiň göwnüne ejesi syr bermejek bolup çykan ýaly göründi. Içinden: „Çaltyrak oba dolanmaly” diýip, pikir etdi. Ejesi bilen çaý başynda-da bu pikir Selimiň aňyndan çykmady. Ejesine okuwynyň indi az galanyny, azajyk gaýrat etse geljegini aýtdy. Ejesi: „Wah gelersiň-le. Gelseňem işe durarsyň, kakaň ýaly öýde tapdyrasyň ýok” diýdi. - Ýok, eje, obamyzyň mekdebine işe alsalar, sapaklarymy geçip gutardygym derrew gelerin. - Wah, oglum, seni öýersem, gelnim maňa höwür bolaýmasa. - Olam bolar eje, azajyk howlukmaly. - Ýok, howluk diýjek däl. Soň ökünmez ýaly bolaly oglum. Selim kakasy hakynda söz açjak boldy. Ýene-de kaka kaka bolýar. Soňam „Maňa Sähet garaşýar” diýip, çykyp gitdi. Oba geldigi „Sähediň ýanyna” diýip gitmesine belet bolansoň, ejesi „Çaltyrak köwlengin” diýip, käýinjiräp galdy. Onýança-da Sähedem göründi. Ol Selimiň telefon ederine-de garaşman ýola çykypdyr. Olar „gelýäňmi-de gelýäňmi” bolşup almalyga ugradylar. Ýaňy bişip ugran, düzüm-düzüm almalar gep başy boldy. Selim köne rowaýatda soraman dişlän almasy üçin bir derwüşiň soltanyň gyzyna öýlenmeli bolşuny gürrüň berdi. - Ýa bizem herimiz bir almany dişläýsekmikäk? Sähet dostunyň bu gepine güldi. Bir zatlar aýtjak ýaly etdi-de özüni saklady. Selim dostunyň ýuwdunany aňdymy Sähediň ýüzüne çiňerlip seretdi. Soňam ýylgyryp, dostunyň başyndaky papagynyň gaşyna kakyp goýberdi. Sähet muňa ilki düýrügdi, soňam: - Goýsana-how, çaga oýunlaryňy – diýip gatyrganjak ýaly etdi. - Bor, bor. Bir hili seni görsem elim gijäberýär. - Köp wagt boldu-la gelmäniňe? Okuw soňunda aňsatlaşýar dälmi näme? - Okuw-da. Diplom iş, garaz, ol-bi, wagtyň nädip geçeninem bileňok. - Ol-bi diýýäniň okuwdan başga aladalardyr-da. - Aý hawa... Hä, sen başga alada diýen bolup... Şol alada-da baraý. Sähet: - Düýnem oglandyk, bu gün eňegimizi päki bilen günde gazap ýören ýigit çykdyk. Wagt gaty çalt geçýär – diýdi. Selim dostunyň täzeliklerini eşidesi geldi. - Watyň çalt geçýänini bilmeýän barmy?! Hany özüňde näme täzelik? Ejeň dagyň teklibine näme diýdiň? - Men-ä bolýa diýdim. Bahym sähet aljaklar öýdýän. - Gutlaýan! Seňki aňsadaý. O gyzy gördüňmi beri? Sähet dogumlandy. Utanjy beýlede goýup ekabyrsyrady. - Görüşdimem... Selim dostunyň gyz bilen ilkinji duşuşygy hakyndaky gürrüňini hezil edip diňledi. „Häsini” ýetirip oňa gowja içini dökdürdi. Dogrusy, Sähediň özüniňem şol wakalary ynanşýan birisi bilen paýlaşasy gelip giden bolmaga çemeli, baryny demi-demine ýetmän gürrüň berdi. - Al saňa gerek bolsa! Ýa menem şeýdäýsemmikäm? Sähet oňa garaşmadyk jogabyny berdi: - Menä etme diýjek. Seň näme tanap duran daýyňlaň gyzy barmy? Üstesine-de okadyň. Özüň ýaly okuwly gyzam al-da. - Al diýýäň, seňki ýaly aňsat däl, arabaňy daşda tigirle diýilse nätjek? - Olar ýaly gözüni göge dikenler bilen näme işiň bar? Ýok diýmejegini saýla-da. Ýöne seň diýýäniňem jany bar, bir hili üýşendirýäler-aý. Şol daýymyň gyzy öň öýe-de gelýärdi. Arkaýyn gürleşýärdimem. Soň ýörite duşuşmaga baramda, aýtdyma aljyrap durun. Dostlar bir salym gülüşdiler. Selim Oguljemala telefonunda hat ýazjak bolşuny hakydasyna getirdi. Şol hat ýazylmanam galansoň ondan söz açyp durmady. Sähet Selime soragly nazaryny dikip, dymyşyklygy bozdy: - Aý onda-da seňki aňsat, günde görşüp, şonça ýyl bile okaňsoň, bahanjyk tapylar. Ýa meni aldap otyrmyň? - Eý, okuwlysy gowudyr öýdýän bolsaň, senem biri bilen tanyşdyraýyn. - Diýdimä! - Ýok, how, dostuň üçin gepleşmek aňsat. - Hä, mende özüňi synap görjek, şeýlemi? Aý, ýok dost, sag bol. Okuwly gyz maňa eýgertmez. - Näme eýgertmän? Iň pukarajasy... - Daýymyň gyzam gyzdan peslär ýaly däl. Ýadyňa düşýärmi, oň oglan jigisi? - Hä, ho arassaja geýinýänmi? - Bir gün men ondan nädip beýdip gezip bilýäň, üç gün obada bolduň eşigiň ütügem pozulmandyr diýip soradym. Doganym öwretdi diýýär. Doganym diýýäni şo gyz. Haçan görseňem elinde kitapjagazy. - Okuwyna taýýarlanýandyr-da? - Ýok, okaýany okuwyna degişli zatlar däl. Çeper edebiýat, özüňi köpçülikde nädip alyp barmaly, şoňa meňzeş zatlar. Gyz dogany: „Adamyň diňe garny däl, ruham ajygýandyr” diýipdir. Şony eşitdim-de... - O gyza aşyk bolduň! Selim ýene gülüp hezil etdi. Gülkiň arasynda dostunyň çetine-de degdi. Sähet utanyp gyzarýardy. „Indi bu tüketmez” diýip gaýtalaýardy. Gülüp ýadan Selim bir çöpjagazy aldy-da, ýerde dikligine bir göni çyzyk çyzdy. Soň keseligine-de bir çyzyk çekip atanak ýasady. Sähediň olardan bir many çykarjak bolýan ýaly gözüni aýyrman oturşyny görüp, çyzyklaryny pozuşdyrdy. Dostunyň çynlakaý, agras ýüzüne bakyp içinden: „Aljak gyzyňy şuňa saýladaýsaň” diýdi. Soň bu pikirini dile getirdi. - Bilýäňmi näme, Sähet? Gel ikimiz şähere gideli. - Näme işe? - Aý, okaýan ýerimizi görersiň. Gyzlarymyzy synlarsyň. - Men aýtdyma daýymyň gyzy maňa bolýar diýip. - Ýok, özüň üçin däl, meň üçin. - Seň üçinmi? Men siziň gyzlaryňyzy näbileýin? - Bilersiň. Daýyň gyzynyň gowudygyny görmänkäň bilipsiňä. - Ol maňa gowy. Senem özüňe gowyny özüň saýla. - Seň saýlanyň maňa bolýa. Sähet çalaja güldü-de: - Okaýan ýeriňe barýas, bir topar gyzam hatara dur, menem birini saýlap saňa şuny alaý diýýän. Näme ol köýnekmi başga birine saýlatdyrar ýaly? Köýnegem özüň saýlanyň gowy – diýdi. Selimem muňa güldi. Ýöne bir hili öz üstünden özi gülýän ýaly göründi. - Oňardyňaý! Men-ä çynymy aýtdym, senem köýnek diýýäň... Saýlamalymyň köýnek däldigine düşünemsoň şeýdip ýaýdanyp durun. Aslyna seredeňde saýlaýanam ýok, saýlanýanam. Her kimiň öýlenmeli, ýa durmuşa çykmaly wagty gelýär, mesele-de çözülýär. Öýlenmege kör düýäňi köprüden geçirmek diýip gaty gowy aýdypdyrlar. Şol kör düýe köprüden geçsehä gülzarlyga ýetýäň, geçip bilmese-de... Selim soňky sözleri aýdanda ýüzi sallanyp, uludan demini aldy. Sähet onuň ýüzüne naýynjar bakyp: - Nämäň kör düýesi? Uly il geçip dur. Senem gül ýaly gyza duşarsyň, gül ýalam ýaşarsyň – diýdi. - Her kimem öz ýanyndan şeýle pikir edýär. Öýlenýärem welin... ýa bäş ýyla ýetmän aýrylyşýar ýa-da masgara bolup ýörmäýin diýip nalaç ýaşap ýör. - Edil beýle-de däl bolaýmasyn? - Içinde bardyr hakyky biri-birine mynasyplaram, ýokdur diýjek däl. - Deň etmän, duş etmez diýilmezdi, seňki dogry boljak bolsa. - Hawa, nadana nadany duş eder. - Biderek jedele girmäli. Ejelerimize-kakalarymyza seredäý. - Seretdim-dä. Ýüreklerindäkini daşyna çykaryp bilmän, nädeýin-dä maňlaýyma ýazylan eken diýip oňup ýörler. Sähet has agraslandy. - Biziň Mamur enemiz-ä tanaýaň. Şondan gülşüp-degşip: „Ene atam pahyr seni gowy görýärmidi beri?” diýip soradyk. „Näbileýin-dä, elli ýyl heňkirişmän-ä ýaşadyk. Başlarda „ýaz gününiň ýagyşam” bolsa bolandyr. Gaty ýüzi agyrdy-da bendäň. Aýal adam bilen aňsat bile oturmazdy” diýdi. - Görýäňmi, bile oturmaz, göwün açyşmaz. Ýekesireýärmi ýa başga derdi barmy, pikirinem edýän däldir. - Yzyny diňlesene. Bize gülki gerek, „Ene bir gezejigem saňa söýýän-beýlekem diýmedimi?” diýip soradyk. Enemizem: „Bir gezek: „Mamur, elimde bolsa, şu döşümi ýaryp seni ýüregimiň ýanynda goýsadym. Seň ornuň şo taýdadyr” diýdi” diýip atamyzy ýatlady welin, haýran galdyk. Ine söýgi, ine bagt. Nalaçlykdan däl, şeýle söýgiň güýji bilen olar elli ýyl ýaşaşypdyrlar. Ýogalmadyk bolsalar ýüz ýylam ýaşardylar. Selim sesini çykarmady. Dünýede näçe adam bar bolsa şonça-da dürli ýaşaýyşyň bardygyna dostlar düşünip otyrdylar. Selim dostuna: - Biziň içerimizi bilýäňä, mümkin şondandyr çukura gaçjak ýaly bolup duranym. Ejemem, hem çaltyrak ölenenimi isleýä, hem soň ökünmez ýaly bolgun diýýär. Dostlardan bir salym ses-üýn çykmady. Sähet bir hili özüni müýnli ýaly duýdy. Içinden: „Näme boljakmyş, entek dostuň okaýan ýerine bir gezegem baryp göreňok. Bararsyň bile okaýan gyzy bilen tanyşdyrar, pikiriňi aýdarsyň. Özüňi hil bir zat ýaly edip goýduň” diýip pikir etdi. Soňam çyny bilen: - Meni näme üçin äkitjek bolýanyňa düşünemok, Selim? Men hökmanmy? – diýip sorady. - Sen hökman. - Näme üçin? - Seň ýüregiň ak. Dostuňa gerek diýilse, özüňe saýlanyňdanam gowsuny saýlarsyň. - Eý, beýdiýmesene, käşgä agaň bolsam. - Wah, agamam ýok-da... Dag tarapdan ösen ýumşak şemal almalaryň agramyna egilen şahalary çalaja yrady. Soňam iki dostuň göwünlerini açmaga ýörite gelen ýaly, olaryň köýneklerini çalaja pasyrdatdy, ýüzlerini sypap geçdi. Ýaşlygyň häsiýetem şu şemalyňky ýaly, ugruny çalt üýtgedip bilýär. Selim dostuna seretdi-de: - Bu zatlar hiç-le, hany sen daýyňlara gidişiňden gürrüň bersene – diýip, gürrüňiniň hörpüni üýtgetdi. Şemal olaryň kä çynlakaý gürrüňe girip, kä gülşüp oturyşlarynyň ruhuny jümle-jahana ýaýradasy gelýän ýaly ýany bilen alyslara äkitdi. Ýigitleriň gülküsi almalygy kärendesine alan, häzirem oňa aýlanyp gaýdaýyn diýip gelýän Mätiň gulagyna-da ildi. Gülki oňa ýaramady. Içinden: „Bu ýoknasyz gülüşýänler kimkä?” diýip, ädimini gataltdy. Göni ýol bilen barybermän almalygyň çepinden aýlanyp, assyrynlyk bilen Selim dagyň oturan ýerlerine ýakyn geldi. Kä gülüşip, hümürdeşip oturan ýigitleriň elleri alma uzamazmyka diýip garaşýan ýaly bir salym olary synlap durdy. Arkalaryndan gelensoň oturanlaryň kimlerdiginem tanap bilmedi. Gelenden-geçenden bihabar dostlar henizem öz gürrüňlerine gümradylar. Ahyry Mäti: „Ekende ýok, dikende ýok, harmanda häzirler diýsänim” diýip käýinjiredi-de ýigitleriň üstüne ugrady. Olar haýbatly çykan sese tarap öwrüldiler. Selim tanamasa-da Sähet gören badyna Mätini tanady: - Salowmaleýkim, Mäti aga. - Waleýkim. Sähet senmidiň? Ýanyňdaky kim? - Bu Selim, Hekim agaň agtygy. Dostlar Mäti bilen elleşip görüşdiler. - Hä, Hekim telekeçiň ogly diýsene... Olar hakynda eden pikirinden, gaharyna aýdan gepinden utanan Mäti ýaýadandy. Emma muny daşyna aňdyrmajak bolup: - Almalary dadyp bir gördüňizmi? Çigiiräk görmeseňiz arkaýyn ýoluberiň. - Sag bol, Mäti aga. Ýygmaga duraňyzda kömekleşmäge geläýeris. - Ony etseňizä iş bitirýäňiz... Iki dost Mäti agany bagda galdyryp, öýlerine garşy ugradylar. Selime öýlerine çenli ýol gysga göründi. Sähedem haýal ädimläp bir zatlar soramakçy bolýana meňzeýärdi. Ahyry Sähet: - Şähere haçan gitjek? – diýip sorady. - Bilmedim. Bir hepde dagy bärde bolaýmasam. Hä, näme? - Gideňde aýdaý, bile gidäýeris diýjek boldum. Selim hälki eden ýerliksiz teklibine ökünip: - Hökman däl. Men ýöne, diýäýdim – diýdi. Sähet Selimiň „ýöne diýäýdim” diýmesine ynanmady. - Gaty gördüňmi? Çyndanam, gideli. Näme kömegim degse, men bar... Selimiň gözi köwşüniň burunlaryndady. Aýaklary ät diýdirip ädilenok, özleri ýöräp gidip oturan ýaly. Selim başyny galdyrdy-da Sähediň gözüniň içine seretdi. Dostunyň goýun gözleriniň seredişinde müýn duýulýardy. - Sähet, sen maňa gideli diýen bolsaň, menem kyn görerdim. Sen... Sähet Selimiň sözüni böldi: - Kyn göremok, gideli. - Hany, görübereris. Köçämize geldik, öýe sowulýan. Sähet dostunyň göwni galyp, ýollary aýrylşyp barýan ýaly gyssandy. Ony öýlerine äkitjek boldy. Selim sapaklaryma taýynlanmaly diýip göwnemedi. Dostlar sagbollaşyp aýrylyşmankalar Selim daýysynyň gyzyndan utanşyny ýatladyp Sähede güldi. Bu gülkä gaharlanmaga derek, Sähediň ýüzi açyldy. Olar „Habarlaşybereris” diýşip aýrylyşdylar. Öýlerine ýetip barýarka Selimiň telefonyna hat geldi. Oguljemal: „Selim, dogrudanam sen obaňyza gitdiňmi?” Selim: „Hawa. Synagda bahalar bir hepdäň içinde nähili taýýarlananyňa däl-de, bir ýylda nähili okanyňa goýulýar dälmi näme?” Oguljemal: „Bilýäniň gürrüňi başga-da. Gitmedik bolsaň... görüşäýjekdim... Bir düşünmän, çözüp bilmän oturan meseläm bardy”. Selim ýylgyryp, içinden „Şol mesele mende-de bar” diýdi. Jogaby welin: „Bolmasa, yzyma baraýaýyn?” diýip ýazdy. Oguljemal: „Ýok-la, sençe düşündiren-ä tapman welin, başga birinden soraýaryn”. Selim: „Häzir awtobusa münsem iki sagatda barýan”. - Eje, men yzyma gitmeli boldum. Sen ýöne gynanma. Synaglarymyz bir aýa-da çekenok. Onsoň ymykly gelýän... Şu wagt gelmelem däldim... Ýüregim gyssy-da... Senem ýekesireýänsiň öýtdüm... Kakamam geler. Telekeçiň işi kän-dä... Eje, gynanaňok gerek? Selim yzyna, Aşgabada ugrady. Ejesi ýene perzendiniň didaryndan doýup bilmän ýeke galdy. #ekizler2 | |
|
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |