09:30

Leniniñ kesgitlemeleri

Категория: Publisistika | Просмотров: 429 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 10
0
1 pezzek  
1631
Lenini meniň tanaýşym. Lenin biziň babamyz diýip çagalara ilki tanadyldy. "Okamak, okamak we ýenede okamak" diýen şygary asyldy. Ýöne bize tandyrşy ýaly däl eken. Döwründe köp bigünä başlaryň goýulmagyna we ýurdundan jyda düşmegine sebäp boldy. Niçeme adam öldi. Müňläp däl milýonlap. Oňa başgaça gyzyl terror hem diýilýär. Şarpygyny datmadyk türk žurnalistler ony nä bilsin.

0
3 Moderator  
1471
Türkmen žurnalistleriniñ biri 1999-njy ýylda samsyk redaktorlaryñ biriniñ gepine gidip gazetde "Gyzyl terror" atly uly göwrümli makala bilen çykyş edipdir (saýtda bardyr şol makala).
Şonda awtoryñ kakasy onuñ bilen 10-15 gün dagy gürleşmän, sögünip gezipdir: "Kelpeze, haýsy kelläñ bilen ýazdyñ muny, sen Lenini bizden gowy tanaýañmy?" diýip...
(Allaýar Çüriýewiñ gürrüñinden).
Hem makala Leniniñ liçnostynyñ üstünde baranok.

0
2 Babyśgalaly57  
1599
Ленин яшады, Ленин яшаяр
Ленин ене-де яшар.

0
4 Gumlygelin0700  
1545
Men çaga wagtym Lenin babaly, akyllyja Wolodiýaly çeper eserleri has köp okapdym. Men "Lenin mydam aramyzda" diýen kitaby gaýta-gaýta okapdym. Şoñ üçin bolsa gerek. Lenine bolan söýgüm öz deñ-duşlarymyñkydanam has artykdy. Iñ uly arzuwym hem Moskwa gidip mawzoleýde ýatan Lenin babamy görmekdi...
Çeper eserler arkaly añyña ornaşan zat has çuñ ornaşýan bolmaly. Ýöne indi, hany, kitaphana gatnap küt-küt kitap okalýan çagalyk....

0
5 pezzek  
1631
A indi birzat tapdylar mollasumaklar. "Leniniň meýdini gara ýer hem alonokmyşyn". Gömseň, gömüler gider-dä, soň sklede öwrüler. Din bilen baglanyşdyrmak hökmanmyka? Sähel zatdan fakt gözleýäler. Bu gülkünç.

0
6 Narcissus  
1589
Onuň sebäbi Leniniň zalymlygy bolaýmasa, köp şeýle liderler barada aslynda birtopar halk gürrüňi ýaly zatlar bar. Meselem Çingiz hanyň mazaryny tapsalar täze bir uruş çykjakmyş we adamzat bu ganly uruşyň netijesinde biri-biriniň soňuna çykjakmyş. Ýa-da Teýmirleňiň mazary bilenem baglanyşykly şeýle teoriýalar bar.

Gitlere seretsek hem şeýle gürrüňleriň şol barada-da diýilýändigini görýäris. Meselem Gitler aslynda ölmändir, 80-nji ýyllara çenli ýaşapmyş, ölen kişi şoňa meňzeş birimiş, ýa-da has fantaziýa gözleýän bolsak, Gitleri başga planetalylaryň alyp gidendigini, ýa-da bir tarykat ýaly dünýäni dolandyrýan toparlaryň alyp gidendigini aýdýanlaram bar.

Munyňam sebäbi liderleriň örän täsin, üýtgeşik, dünýä taryhynda at goýan kişiler bolmagy bolsa gerek.

Hemme zady dine baglaýanlar meselesinde-de hak aýdýaňyz. Bu kişiler gaty köp, hatda şeýlebir köp welin her ýerde, her sosial ulgamlarda gabat gelinýär. Zyýanly taraplary hem örän köp. Meselem "aşyk bolmak haram bolsady, pygamberimiz Hatyja enemize ýüregimiň rysgaly diýmezdi" diýip paýlaşany bilýärin, ýa-da "Allahym ilki meni ýaradypdyr soňam ýeke özi dälilik edip bilmez diýip seni ýaradypdyr" diýip paýlaşýanlaram bar. Bu şirk ýagny, emma ýaş ýetginjeklerimiziň aglabasy sowatsyz, ähmiýetsiz zatlara üns berýärler welin şeýle zatlary çintgäp görmän paýlaşyberýärler. Göni dine baglaýanlaram bardyr, meselem syýahat barada gürrüň gidip duran mahaly göni ara dini goşup goýberýärler. Birem zyýanly derejede dine baglaýanlar bardyr, meselem "pylan balykda pylança ýürek bar" diýerler, derrew çykyp "Allanyň gudraty" diýerler, soňam ol zadyň aslynda ýalandygy ýa-da ýalňyşdygy ýüze çykar, emma eýýäm giçdir. Meselem syçana öwrülen gyz gürrüňi şoňa mysaldyr.

0
7 Gökböri  
136
Makalada dokuz bölek bar, her bölekde aýry pikir gozgalýar. Bular barada hiç zat aýtman (aýtmaga añy-da ýetmeýär), makala ýa-da gelinen umumy netijä dahylsyz gürrüñler bilen 5-nji teswire teswir ýazýan @Narcissusa heýhat. Tupizm!

0
10 Narcissus  
1589
Bagyşlarsyňyz, dogrymy aýtsam Soner Ýalçyn ýaly pul bilen dolandyrylýan propagandaçylaryň aýdýan zatlarynyň üstüne gep sözlemegi gelşikli hasaplamaýaryn. Bir agzamyz teswir ýazypdyr tema bilen dahylly, menem şonuň üstüni ýetirdim, göwnüňize degen bolsam ötünç soraýaryn!

0
8 pezzek  
1631
Dogry aýtýaň @Gökböri. Özüm-ä kapital näme, sosializm näme düşünmeýän. Garaz syýasat bilen işim ýok. Şol ugurdan tupoý. Bir Lenin barada pikirimi galdyrdym.

0
9 kungfuu  
1292
Saňa diýmändir. Seň teswiriňe jogap ýazana diýdi.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]