07:18

Мать уродов / рассказ

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 440 | Добавил: Haweran | Теги: Gi de Mopassan | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Köprüler / hekaýa - 15.01.2024
Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024
Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024
Jan / hekaýa - 08.03.2024
Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024
Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024
Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024
Kitap / nowella - 16.03.2024
Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024
Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024

Teswirleriň ählisi: 25
0
1 Bagabat  
43
Durmuşyň dualizmi...Ýeriň ýüzünde mundanam aýylganç zatlar bar-da... Allany unudýan adam haýwanlaryň iň rehimsizindenem beter zalym bolýar. Asla, haýwany aklaýan zat ol edýän işine düşünip etmeýär, adam bolsa düşünip edýär. Hudaý saklasyn!

0
2 Bagabat  
43
Öz goýnuny şunuň ýaly aýylganç usul bilen gazanmagyň çeşmesine öwren betnyşanlaň enesi bir tarapdan, beýleki tarapdanam gözelligiň hem näzeninligiň hatyrasyna betnyşanlary dogurýan koketka. Aslynda, Parižiň buljumlarynyň neneňsi elhenç mahluklary "dogrup-döredýändigini" aýdyň görmek üçin režissýor Tom Tykweriň 2006-njy ýylda ekrana çykarylan "Парфюме́р: Исто́рия одного́ уби́йцы" atly filmine tomaşa etmelimikä diýýärin. Şol filmiň başynda manýagyň dünýä gelşi, çagalygy baradaky sahnalar bar.

0
3 myhman  
732
gep açyldy, Serdar aga, men ýaly bisowat biri bilen pikir alyşma gyzyklam däldir welin, beýnimi dörjeläp duransoň soraman durup bilmedim.

Şol filmiň başynda manýagyň dünýä gelşi, çagalygy baradaky sahnalar bar

şoň manýak bolmagyna şonuň ýaly dogulmagy sebäpmi ýa terbiýelenip ýetişdirilişi (has dogrusy terbiýelenmän ýetirişdirilişi bolmaly)?

žan-batist kiçilikden diňe hyzmatçy edip ulanylýar. ibaly gürlänogam. tutuş kinoň dowamynda näçe söz gürleýäkä?! hiç zat bilenok. diňe bir parfýumer atyr ýasamagy öwredýä.

birinji öldüren gyzyny tötänden öldürýä. şondaky hereketlerine üns berdiňizmi? ölmegiň nämediginem bilenok bolmaly.

şoňçüýn menä manýak bolmagyna çöpdüýbi bolup dogmagy sebäp boldy pikiri bilen ylalaşamok.

film hakynda aýtsam welin, gowy film däl. juda gowy film :-).

0
5 Bagabat  
43
Nikaly ata-eneden dogulmagy ýa-da zynanyň netijesinde dünýä gelmegi adamyň kim bolup ýetişjekdigini kesgitlemeýär. @myhman, "wenezzynalyk" temasyny näme üçin galdyranyňa düşünmedim. Hekaýada-da, meniň teswirimde-de, bu babatda hiç zat agzalmandy.
Meniň pikirimçe, adamyň kim bolup ýetişjekdigi ilki bilen-ä onuň ýaşaýyş şertlerine, terbiýesine, görüm-göreldesine, organizminiň, genleriniň we psihologiýasynyň subýektiw aýratynlyklaryna bagly.
Žan-Batist balyk iç-goşlarynyň, zyňyndylaryň arasynda dünýä inýär. Parižiň kloakasynda-da önüp-ösýär. Onuň şahsyýeti çagalygyndan başlap, göýdügýär, doly ösüp bilmeýär.
Adaty şahsyýetiň psihiki deformasiýasynyň haçan başlanyp, onuň haýsy pursatda manýaga öwrülýändigini kesgitlemäge ýardam berýän uniwersal usul ýok. Asla, psihologlaryňam, psihiatrlaryňam esasy aýdýan zady, ynsan aňynyň kötelli ýollaryna, emosiýalaryna düşünmegiň belli bir derejede umumy häsiýetli tärleri bolsa-da, her bir şahsyýetiň psihologiýasyny öwrenmäge indiwidual çemeleşmeli. Ýöne, şol bir wagtda-da, jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçen düýpli sosial ýa-da syýasy kataklizmler manýaklaryň köpçülikleýin döremegine düýpli itergi bolup hyzmat edip bilýär.
Mysal üçin, Beýik Watançylyk Urşy, häzirki döwre çenli adamzadyň taryhyndaky iň köp gyrgynçylykly uruş. Şol urşuň döwründe, gandöküşikli söweşleriň gözli şaýady bolan çagalaryň psihiki deformasiýasynyň ýüze çykandygam ikuçsyz. Ynsan aňynyň, beýnisiniň tebigy häsiýetlerine baglylykda, şol çagalaryň aglaba köpüsiniň psihikasy uzagyndan öz gören elhenç wakalaryny "unutmagy" hem-de "köpçülikleýin standarta gelmegi" başarypdyr. Başarmadyklarda bolsa dürli "gyşarmalar", ruhy bozulmalar, näsazlyklar ýüze çykypdyr.
Eýmenç manýak Andreý Çikatilony ýüze çykarmaga kömek beren meşhur psihiatr Aleksandr Buhnowskiý Çikatilonyňam "urşuň çagasy" bolmagynyň, onuň psihiki deformasiýasyna ýiti täsir edendigini öz işleriniň birinde belleýär.
Marks: "Бытие определяет сознание" diýipdir. Elbetde, özi kämil däl ynsan aňynyň döreden islendik närsesi ýaly, bu tymsalam "hemme derdiň dermany (panaseýa)" bolmasa-da, durmuşyň aglaba köp ýagdaýlary üçin gabat gelýär. Çaga zulmuň, rehimsizligiň içinde ösüp-ulalsa, beýleki adamlar üçin kadadan çykma hasaplanýan rehimsizlik ol tarapyndan kada (norma) diýlip kabul edilýär.

0
6 myhman  
732
teswire ters düşünenim üçin ötünç soraýan, Serdar aga. "manýagyň dünýä gelşi" ýerine seredip "çagalygy baradaky" ýerine ünsem bermändirin. ol - meň ünssüzligim.

ýalňyşsamam, zato, gowja maglumat okamagyma sebäp boldy :-).

jogabyňyza minnetdar.

-1
4 Orhideýa  
719
Ka bir zenan çaga dyrnagyna zar..
Kabir zenan..oz gõrküniñ õmrüni uzaltmagyñ aladasynda ..çaga dogranyndan, diñe,nàdip õñki kaddyna gelmegiñ usullarynyñ gõzleginde..
Hatda...cagany ENE SUÝDÜNDEN kesmeklige çenli baryp ýetýàler...
" owadan" bolmak,bedenleriniñ
" sallanmazlygy" uçin..
Hemişe" şõýgüli aýal,islenilýàn aýal" bolup galmak hõwesi..ne beýle güýçli zatka..???
Çagany ikinji orna geçirýan o duýgular..neneñsi duýgularka..???

0
7 Hyýalkeş  
752
Бытие определяет сознание
Şula çişlik-lüle-kebap diýlen ýalakky bir zatdyr welin, zato da gapdalynyñ içgisimikä?

0
12 myhman  
732
"poçti" galypdyr.

poçti (почти) - tas (az galdy)

0
8 myhman  
732
poçti bildiň @Hyýalkeş. çut-çut galdy.

Бытие определяет сознание - hadysalar aňy kesgitlär
ýalyrak bir zat (terjimäň kyndygynaý)

zato (зато) - emma (... garamazdan)
muny terjime etme hasam kyn boldy.

çut-çut (чуть чуть) - birazajyk

0
16 Bagabat  
43
"Бытие определяет сознание" aforizminiň manysyny terjime etjek bolsaňam: - "Durmuş aň ýetirişi (düşünjäni) kesgitleýär" diýseň dogry gelýänden bolaýmasa.

0
9 Hyýalkeş  
752
Tañryýalkasyn,Myhman daýy.Aslynda teswire düşünip nämedeýin hekaýa dûşünmeýän halyma welin onda da adam pahyr garaz bir ýerinden tema düşüneýin diýýändir dä.

0
10 Trigger  
643
Hyýalkeş jigim, ýörite seniň üçin gözläp tapdym...

Rubrika: Hekaýalar
Gi dö MOPASSAN,
fransuz ýazyjysy

MAŇLAÝYGARALARYŇ EJESI
ýa-da
GÖRGÜSIÝAMANLARYŇ EJESI
ýa-da
EDRENJILERIŇ EJESI

Bu aýylganç waka, şol eýmenç aýal ýaňy-ýakynda dynç alyş kenarlarynyň birinde baý adamlaryň söýgüleýän, ýaş, näzik, owadan, hemmeleriň söýgüsinden hem hormatyndan peýdalanýan meşhur parižli zenany görenimde ýadyma düşdi.
Bu waka juda öň bolupdy geçipdi, ýöne şunuň ýaly zatlar hiç ýadyňdan çykmagyç bolýar.
Kiçijik prowonsial şäherçede ýaşaýan dostlarymyň biri meni myhmançylyga çagyrdy. Ol göwnümden turmak isläp, meni şäherçäniň iň bir gelim-gidimli ýerlerine, galalara, fabriklere, harabalyklara aýlamaga başlady. Ol ýadygärlikleri, metjitleri, oýulyp nagyşlanan gapylary, örän beýik hem täsin şekilli agaçlary — keramatly Andreniň dubuny hem-de Rokbuazyň tis agajyny görkezdi.
Ol ýerdäki gözel ýerleri uly tolgunma bilen aýlanyp bolanymyzdan soň, ýoldaşym başga göreniňe degýän ýeriň ýokdugyny habar berdi. Men ýeňillik bilen dem aldym. Diýmek, indi daragtlaryň kölegesinde biraz dynç alsagam bolar. Ol möhüm bir zady habar berýän ýaly:
— Wi, ýogsa-da! Bizde ýene-de maňlaýygaralaryň ejesi hem bar ahyry. Ony saňa hökman görkezmeli. (ony sen hökman görmeli)
— Kim?! Maňlaýygaralaryň ejesi-i?! — diýip, haýran galyp soradym.
— Ol —aýylganç aýal, hakyky melgun, her ýyl maýyp, betnyşan çagalary, gepiň tümmek ýeri, maňlaýygaralary ýörite dogurýar hem-de olary her tüýsli geň zatlary (tomaşa) görkezýän masgarabazlara satýar. Şonuň ýaly ýaramaz işler bilen meşgullanýan adamlar häli-şindi täze nägehany döretmedimika diýip, ýanyna gelip gidýärler. Eger şol nejis zat olaryň diýýäni bolsa ejesine muzdyny töläp satyn alýarlar. Onda şunuň ýaly çagalaryň on birisi bar. Ol juda baý. Men bu zatlary gyzykdyrmak üçin özümden toslaýandyryn, üstüne goşup aýdýandyryn öýdüp pikir edýänsiň. Ýo-ok, dostum, gürrüň berýän bu wakam hakykat, özem çyn hakykat. Ýör, şol aýaly öz gözüň bilen gör. Soň onuň nädip bu maňlaýygara çagalary öndürmek bilen meşgullanyp başlandygyny aýdyp bererin.
Ol meni şäheriň etegine alyp bardy.
Ol aýal ýedi ýoluň üstünde kiçijik, arassaja öýjagazda ýaşaýar eken. Ähli zat göze gelimlidi, tertiplidi. Howlynyň içi her dürli güllerden doludy. Olardan şeýle hoşboý yslar burk urýardy. Bu ýerde işinden aýrylan notarius (kepillendiriji) ýaşaýandyr diýip pikir edip boljakdy.
Hyzmatkär aýal bizi oba jaýlaryna mahsus kiçijik myhman otagyna alyp bardy. Gürrüňi edilýän eýmenç aýal hem biziň ýanymyza geldi. Siz oňa kyrk ýaş dagy bererdiňiz. Ol aýal etli-ganly daýaw, ýüzünde adam ruhy ýok, ýöne ajaýyp kamatly, göreniň gözüni özünde egleýän hakyky daýhan aýalynyň hilinden, ýarymaýal-ýarymhaýwan mysalaly eken. Töweregindäkileriň özüni ýazgarýandygyndan habarly bolansoň, öýüne gelýän adamlary nähilidir bir ýigrenç bilen, äsgermezlik bilen kabul edýän eken. Ol içinden geçip barýan gözlerini süzüp:
— Size näme gerek? –diýip sorady. Ýoldaşym:
— Siziň soňky dogran çagaňyz adaty çagalara meňzeşmiş. Doganlaryna asla meňzanokmyş diýip eşitdik. Şonuň anygyna ýetäýeli diýip geldik. Bu dogrudanam şeýlemi?- diýip dikanlap sorady.

0
11 myhman  
732
"bedroýlaň ejesi" ýa-da "betnyşanlaň ejesi" diýlen bolsa has dogry bolmazmydy.

arginaly şeýle eken "La mère aux monstres"
olam
rusça "мать монстров" ýa"мать чудовищах" ýaly
türkmençe "elhenç mahluklaryň ejesi" diýen ýaly bolýamy?

men gowy bilemok.

0
13 Bagabat  
43
"Bedroý" - bolanda ýüz-keşbi betnyşanlar göz öňünde tutulýar öýdýän. Şonuň üçinem hekaýadaky çagajyklaryň tutuş sypaty barada gürrüň gidýändigi üçin, "betnyşan, betgelşik" diýip terjime etmek dogry bolarmyka diýýärin. "Maňlaýygara", "görgüsiýaman" diýen terjimelerem dogry däl bolaýmasa.

0
15 Trigger  
643
Göýdükleriň ejesi

0
19 Bagabat  
43
Hawa. Laýyk üstünden bardyň, @Trigger! Iň dogry terjimesi: "Göýdükleň ejesi" bolýa. Manysam laýyk gelýä, sözem. "Elhençleň ejesi" diýseň bolsa, meniň pikirimç-ä, hekaýanyň ruhuna-da, awtoryň aýtmakçy bolan pikirine-de gabat gelmeýän ýaly.

1
14 Hyýalkeş  
752
@Trigger, yzy?!
Kino reklama beren ýaly boldy la bu.

0
17 Trigger  
643
... DOWAMY 2

Ol bize hyrsyz nazaryny dikip:
— Wah! Ýok, jenap, ýo-okk! Ol beýleki çagalarymdan erbet bolmasa gowy däl bolaýmasa. Meniňki ugruna däl, hiç ugruna däl. Hemmesi birmeňzeş, jenap. Bu gezegem edil öňküler ýaly. Bu bir betbagtçylyk! Nämüçin Taňry bu dünýede hiç kimi ýok naçara beýle ýowuz daraýarka?!- diýip, şermendelik etdi. Ol eýmenç ýabany haýwanyňka meňzeş gözlerini ýerden galdyrman, çalt-çalt gürleýärdi. Ol ýognas sesini inçeltjek bolup jan edýärdi. Inçejik ses bilen aýdylýan zaryn sözler möjek uwlan ýaly çyksa, emelsiz hereketler üçin ýaradylan ýaly äpet, tagaşyksyz göwreden çyksa, has-da ýakymsyz eşidilýärdi.
— Biz siziň çagajygyňyzy göräýjekdik-dä- diýip, dostum haýyş etdi. Göwnüme bolmasa ol aýal gyzaran ýaly boldy. Mümkin men ýalňyşandyryn. Ol biraz wagt dymyp oturyp, gaty ses bilen:
— Siz ony näme etjek? – diýip, kellesini galdyrdy-da, otlukly nazaryny bize dikdi.
— Näme sebäpden ony bize görkezmek isläňzok? Siziň görkezýän adamlaryňyz hem bar ahyryn. Meniň kim hakynda aýdýanlygyma düşünen bolsaňyz gerek – diýip, ýoldaşym hem ýeňilerli (yza teserli) däldi. Ol aýal uludan dem aldy-da, dälilik kaddyna ýetip:
— Siz asyl şonuň üçin geldiňizmi? Şeýlemi?! Göwnüme degmek üçinmi? Hä? Barybir meniň çagalarymyň haýwan ýalylygy üçinmi? Näme diýseňem bolar diýýäňizmi? Şeýlemi? Siz ony görmersiňiz, ýok, ýok, görmersiňiz. Ýok boluň! Gum boluň! Näme meniň ýüregime düşýärsiňiz?! - diýip, sesiniň ýetdiginden gygyryp, nadaralyk baryny etdi. Soňam elini bykynyna goýup, bize hüjüm etdi. Göýa bu wagşyýana sese gaýtargy hökmünde goňşy otagdan iňňildä meňzeş, has dogrusy, mawlama – kemakyl adamyň naýynjar sesi eşidildi. Meniň inim jümşüldäp gitdi. Biz yza çekildik. Ýoldaşym:
— Habardar bol, aýjyn (il arasynda ony «Aýjyn» diýip atlandyrýardylar), haçanam bolsa bir wagt bu zatlaryň hasaby soralar- diýip, gapydan çykyp barýarka gygyrdy. Tüýsi üýtgän aýjyn bolsa ýumruklaryny düwüp:
— Gum boluň! Näme üçin men jogap okamalyşym?! Ýok boluň, deýýuslar! – diýip, ala-saňňyldy bolup durdy. Ol bizi tüýt-müýt etmäge häzirdi. Biz bütinleý sussupes halda şol ýerden garamyzy saýlamaga gyssandyk. Howludan çykyp barýarkak:
— Hawa, gardaş, gördüňmi? Oňa näme diýersiň? – diýip, ýoldaşym soragly nazaryny maňa dikdi.
— O başynagideniň taryhyny gürrüň bersene- diýip, bilesigelijiligimi gizlejegem bolmadym.
Gaýdyşyn iki tarapy ýeňiljek şemala asuda deňiz ýaly käwagt tolkun atyp ýatan oruma taýýar galla meýdany ýaýylyp gidýän giň ýol bilen haýaljak ýöräp ugradyk. Ýoldaşym geregini artdyrman, şol aýjyn hakdaky gürrüňe başlady:
— Ol gyz birwagtlar fermada hyzmatkär eken. Ol diýseň işeňňir, ykjam, akýürekli hyzmat edipdir. Daşyndan göräýmäge allanäme maşgalamyş. Ömründe erkek adama gabagyny galdyrana-da meňzänokmyş. Şol mysapyrja gyzdan şunuň ýaly haýasyzlyk, ynsapsyzlyk çykar diýip, otursa-tursa hiç kimiň kellesine gelmändir. Ol hem beýnisi bekemedik, kellesi şemally ýaşlaryň goýberýän ýalňyşyny gaýtalapdyr. O waka orakdan soň, saman bedeleriniň arasynda, Aýsyz asmanyň astynda, bag başy gymyldamaýan, dymyk, tüp-yssy howada, bedenleri Güne ýanan oglan-gyzlaryň der döküp işleýän gijeleriniň birinde bolup geçipdir.
Şol gürrüňi edilýän gijeden köp wagt geçmänkä, ol özüniň hamyladygyny bilipdir. Ol indi il gözünden utanyp, gorkup, jebir baryny çekipdir. Öz masgaraçylygyny her edip, hesip edip, gizlemek isläpdir. Ol ýasyja tagta bilen tanapdan garnyny gysyp durar ýaly (korset (korzaž) gysby ýasanypdyr.

0
20 Trigger  
643
... DOWAMY 3

Ösüp barýan çaga gysbyň aşagynda näçe gabarsa, olam korsetini (korzažyny) şonça dartypdyr. Ol hemişe ýylgyryp, işine yhlasly ýapyşyp, hiç hili syr bildirmän, gysyp-gowrup barýan ejire çydap, gam-gussalara mertlerçe döz gelipdir. Ol garnyny berk guşap, içindäki neresse çagany maýyp, göýdük edipdir. Ondan aýylganç bir edrenjini döredipdir. Ýaz günleriniň birinde aýy-güni dolup, kelle süňki ýemşerip, süp-süýri bolan, iki sany ullakan gözi maňlaýynda gezip ýören, elleri, aýaklary göwresine dartylyp, üzüm çybygy ýaly egrem-bugram bolup ýatan, barmaklary bolsa möýüň ayaklaryna meňzäp duran, göwresi edil hoz ýaly kiçijik, tos-togalak zady (lokga eti) dogrupdyr. Oňa dogurmaga kömek eden otagçy aýallar onuň göwresinden çykan zady görüp, zyr-zöwran bolşup, dumly-duşa dargapdyrlar. «Ol jyn-arwah dogrupdyr» diýip, myş-myş bary ýaýrapdyr. Şondan bärem ony «Aýjyn» diýip atlandyrýarlar. Ony obadanam kowupdyrlar. Ol ondan-mundan berilýän az-owlak sadaka bilen (ähtimal il gözünden ýaşyryn aýagyny gyşygam basandyr. Ol diýseň owadan gyz bolupdyr. Erkekleriň köpüsi bolsa dowzahdan gorkup baranok ahyry) güzeranyny dolapdyr.
Ol döreden musallatyny ekläp-saklapdyr, emma oňa bolan ýigrenji gün-günden artypdyr. Eger ruhany onuň etjek bolan pussy-pujurlygyny öňünden bilip, kazyýetde gorkuzmadyk bolsa ol messepsiz günäsiz çagany bogup, heläklemegem ahmaldy.
Günleriň birinde her hili üýtgeşik zatlary görkezýän adamlar onuň ýaşaýan ýerinden geçip barýarkalar şol betnyşan hakynda eşidipdirler. Göwünlerine ýarasa, öz ýanlaryna almak üçin ony görmek isläpdirler. «Haryt» olara ýarapdyr. Haýal etmän ejesine bäş ýüz franky sanap beripdirler. Ilkibaşda ol utanypdyr, gorkunç çagasyny görkezmäge razy bolmandyr. Emma onuň üçin pul töläp aljak bolýandyklaryna göz ýetireninden soň, çagasynyň betnyşanlygy bilen has-da magtanyp, daýhan höçjetligi bilen bahasyny galdyryp, bir su üstünde dawalaşypdyr. Özüni aldatmazlyk üçin olar bilen ýazmaça şertnama baglaşypdyr. Ondan daşaram, olar hamala, ony işe alýan ýaly, ýylda dört ýüz frank tölemäge boýun bolupdyrlar. Munuň ýaly garaşylmadyk şowlulykdan melgunyň başy aýlanypdyr. Ol indi peýdakeşler ýaly özüniň eklenç çeşmesini döretmek üçin täze –täze betnyşanlary dünýä indermegiň kül-külüne düşüpdir. Ine, şeýdibem ol köpelip başlapdyr. Oňat öndürijiligem gazanypdyr. Ol neresse çagalara entek göwresindekä duçar edýän basyşynyň hasabyna her hili şekil bermäge-de ökdeläpdir diýýäler. Ol uzynly-gysgaly her hilisini dogrupdyr. Biri leňňeje, beýlekisi hažžyga meňzeşmiş. Käbirleri bolsa edilýän süteme çydaman, entek göwresindekä heläk bolupdyr. Ol muňa diýseň gynanypdyr.

0
21 Trigger  
643
... DOWAMY 4 GÖÝDÜKLERIŇ EJESI ....

Bu eden-etdilige kazyýet gatyşmak isläpdir, emma hiç hili subutnama tapylmandyr. Şeýdibem, hökümet ol zandyýamanyň işine goşulyp bilmän, ony öz gününe goýmaly bolupdyr. Häzirlikçe onda on bir sany maňlaýygara görgüsiýaman bar. Olar ejesine ýylda ortaça baş-alty müň frank girdeji getirýärler. Diňeje biri, ýaňy bize görkezmek islemedigi «işe ýerleşmedik». Ýöne olam uzak işsiz ýatmaz. Indi hemme masgarabazlar bu Aýjyny tanaýarlar. Olar: «Täzeräk, üýtgeşijek zat ýokmuka» diýip, häli-şindi ondan habar tutýarlar. Ol zandyýaman aýal «harydy» jedelleşeniňe degýän bolsa uruşmakdanam gaýtmaýarmyş. Ýoldaşym dymdy. Ol aýjyna bolan ýigrenjim ýüregimde hasam möwjeýärdi. Öýüne baranymda şol nejisi bogup heläklemedigime (öldürmedigime) ökündim. Men:
— Çagalaryň kakasy kim? – diýip, içimdäki pikiri daşyma çykardym.
— Belli däl. Birmi ýa köpmi, olam belli däl. Garaz, maňlaýygaralaryň «kakalary» utanypmy nämemi il gözünden gizlenýärler. Olar Aýjyn bilen peýdany paýlaşýan bolmaklary-da, mümkin – diýip, ýoldaşym uludan demini aldy.
Ýaňy-ýakynda häzirki zaman dynç alyş kenarlarynyň birinde owadan, eýjejik, näz-kereşmeli, töweregindäki erkekleriň söýgüsinden hem hormatyndan peýdalanýan zenany göremde, bir wagtky eşiden şo-ol wakam oýuma-da gelenokdy.
Ýerli şypahanada lukman bolup işleýän ýoldaşym bilen kenaryň ýakasyny syryp barýardyk. Orta ýaşly eneke üç sany çagany çägede oýnadyp, güýmäp oturdy. Iki sany pişek gapdallarynda ýaýrap ýatyrdy. Golaýyna baranymda olaryň üçüsiniňem maýypdygyny, küýkiligini, aşa eýmendirijidigini görüp, juda nebsim agyrdy.
— Bular — ýaňyja öňümizden çykan syrdam zenanyň çagalary – diýip, lukman dostum çagalara seredip durşuna aýtdy. Ol zenana hem-de bigüna çagalaryna bolan gynanjym süňňüme ýaýrady. Men:
— Wah, görgüli ene! Onuň nädip ýüzi gülsün?! – diýip ah çekdim.
— Gynanma şoňa, gadyrdanym. Tersine, neresse çagajyklara nebsiňiz agyrsyn. Ine, bütin ömrüne syrdam görkezmek üçin gysylan biliň netijesi şular. Bu maňlaýygaralar korsetiň netijesi. Ol şeýtmek bilen öz janyny-da, çagalarynyň janyny-da howp astyna goýýandygyny bilýärem, emma onuň üçin asla tapawudy ýok. Oňa diňe owadanja, görnüklije görnüp, töweregindäkilere özüni söýdürse bolýar – diýip, dostum närazylygyny bildirdi.
Men şo-ol öňki aýaly – adaty bolmadyk çagalaryny satan aýjyny ýatladym.

12-nji iýun, 1883-nji ýyl

Fransuz dilinden terjime eden
Merjen PÜRJÄÝEWA
2013-nji ýyl, garalama nusgasy

0
18 Hyýalkeş  
752
Şu awtoryñ eserlerini gaty gowy görûpdim:" Merhumyñ eli" "Ölüler näme diýýär".Şu saýtda gaty kän eseri goýlupdyr.Hemmesi diýen ýalam rus dilinde.Nähili ajaýyp!Men olary hökman okaryn.

0
22 Hyýalkeş  
752
Mbähh...
@Köp köp sag boluñ!Tañryýalkasyn!Ullakan ýagşylyk etdiñiz.

0
23 Hyýalkeş  
752
Mbähh...
@Trigger,köp,köp sag boluñ!Tañryýalkasyn!Ullakan ýagşylyk etdiñiz.

0
24 Revo  
484
Eseri birki aýlykda-da şu saýtda okapdym. Ýada eseriň özi aýlyk gaýtalanýan eserlerdenmi?!

0
25 meylishalyk90  
Wah men ruscasyna uns berman ilki turkmencesini okayypdyrynda, ((

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]