21:54

Men geçmişe alyp gitjek başymy...

Категория: Goşgular | Просмотров: 745 | Добавил: Нawеran | Теги: Has Türkmеn | Рейтинг: 3.7/7
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024

Teswirleriň ählisi: 171 2 »
0
1 Azat_Nurgeldi  
283
Men ýaňy gowy teswir ýazdym welin gitmedi, belki bähbidedir.

0
2 Azat_Nurgeldi  
283
Men seniň göz öňünde tutan geljegiň hakynda pikir etmändim. Menem beýle geljege gidesim gelenok. Elbetde men geçmiş diýibem ýaşlygymy göz öňünde tutmandym, kimiň ýaşlygyny taşlap gidesi gelýär. Gynansakda biziň ýaşlygymyz bizi taşlap gidýär. Geçmiş diýip meniň göz öňünde tutan zadym, biziň ýaşlygymyza birnäçe taryhy çeçiş döwürleri düşdi, belli bir ýola ugrugyp bilmedik. Häzirem ýol tapyp bilmän ýörşümiz, Iki jahan awarasy bolup ýörşüm. Men seniň göz öňünde tutan geljegimiziň, ýagny adamlaryň robotlaşmagynyň öz tebigy duýgularyny ýitirmezlikleriniň tarapdary. Ýöne gynansakda seniň goşgyň has realistik häsiýete eýe. Gynansakda diýýänimi göwnüňe alaýmaweri. Ýöne biz bilen pikirdeş adamlar, esasanam ýaşlaryň bardygy begendirýär. Men pikirimi jemläp bilmedim, bagyşla. Ýöne birinji ýazan teswirimde hemme aýtjak zadymy ýazypdym, ýöne internetiň pesligi şol pikirimi goýmaga päsgelçilik döretdi. Pikirem bir uçansoň ylham ýaly tutdurmaýan guşlardan.

0
3 Bagabat  
43
Birhili, robotlar, ultrauruşlar hakdaky setirlerden "Warhammer 40000" göz öňüme gelip gitdi

0
4 ers-mers  
Antiutopik äheñli goşgy diyseñem boljak.

0
5 Bagabat  
43
"Antiutopik" däl-de "antifuturistik" diýseň dogry bolaýjak ýaly, @ers-mers. Sebäbi bu goşgy utopiýa, ýagny hyýaly ajaýyp jemgyýet baradaky paşmajak arzuwyň gussasy ýa-da garşylyknamasy däl-de, nämälim geljekden howatyrlanmany, öz çagalaryna näme garaşýandygy hakynda aladany, real durmuşyň we geljegiň tukatlygyndan, geçmişiň gahrymançylykly eýýamyna gitmek höwesini özünde jemleýän ýaly. Iňlis pelsepeçisi Tomas Mor tarapyndan dolanyşyga girizilen "utopiýa" adalgasy bolsa, gadymy grekçeden terjime edilende "ýagşy mekan"diýmegi aňladýarmyka diýýärin. Ýöne, köpbilmişlik edýär diýip hasap etmäweri. Bu ugurdan kän çorba sowadyp, nazaryýetden okadýan talapkär mugallymyň ikiligi bilen hemişe "bukuldym" oýnamaga mejbur bolup gezendigim üçin kelläme ornaşyp galypdyr.

1
6 ers-mers  
Yok Bagabat, gowy düşündiriş berdiñ dost

0
7 Bagabat  
43
Has Türkmen 10-njy asyra dagy düşse, megerem, täze bir alternatiw taryhy şaha dörärdi :)

0
8 Bagabat  
43
Ol, ýazýan şygyrlaryndan çen tutsaň-a Ferdöwsi, Omar Haýýam, Enweri dagy bilen täze kapyýalar, täze şygyr formalary, täze sazlaşyklar hem garaýyşlar barada çekişme baryny gurasa gerek :)

0
9 Bagabat  
43
Belkem, ondanam irräge düşüp, Halypa Mamunyň Beýt-al-Hikmasynda ornaşardy, bizem onuň döredijiligini öwrenerdik... :)

0
10 Bagabat  
43
Gadymy Dünýäde hakyky şahyryň on müň esgere taýdygy hakynda ynanç bolupdyr. Sebäbi şahyryň halkyň göwnüni awlamagyň hötdesinden gelen birje oýnam şygry, duşmanlara on müň esgeriň ýetirýän zyýanyny ýetiripdir.

0
11 Akbar  
269
beh gumlygelin, ol goren düýşüñe hayran boldym. Özuñ-ä täsirinden çykyp bilyän dälsiñ.

0
12 Garaýolly  
27
Bir mazmunuñ gapma-garshy gornushuni beyan edyan iki shygyr. Gecmishiñ ahmyrly hem pushmanly, okuncli we guzaply taraplaryny goz oñunde tutan shahyr (Azat ) gelejegiñ yagshy bolmagyna tamaly garap,sheyle -de gecmishiñ nagile halynaynsanyyetiñ sebap bolushuny añlap, indiki dowurleriñ utopik gornushde bolmagyny arzuw edyar hem-de shygryñ ritm akymyny endigan alyp gidyar.

0
13 Garaýolly  
27
Beyleki shahyr (Has Turkmen ) jemgiyetiñ gecmishdaki hem shu gunki yagdayyny deñeshdirip, ondan cykaryan parh-tapawutly otrissatel netijesiniñ bazasynda, icki ahmyrly hyjuwyna bas gelman, guycli udar ( urgy ) bilen eylan pikirini zarply beyan edyan shygyr doredyar. Ozalda-ahyrda ynsap,wyjdan, adamkarcilik galypynda ymykly yerleman, dialektiki osushuñ ( hasiyet babatda ) gurbany ( dogrusy,guly,bendesi ) bolup baryan ynsanyyetiñ ahwal derejesi shahyryñ ( Has Turkmeniñ ) goz aytymyna gelyar. Shu gunuñ ,,peyzajyndan" duynki gunuñ ,,manzarasyny" ybaly gorkezyan nuktaynazar oña ( shahyra ) gelejegiñ pal-taleyini hatasyz acyp beryar.
Sagdyn netijeler,real syn etmeler shu basymly shygryñ doremegine sebap bolupdyr meniñce. Goshgylaryñ ikisem ajayyp.

0
14 Garaýolly  
27
Sheyle shygyrlar ruhy ahwalaty real hakykat bilen baglap duryar cakymca.

0
15 Hyýalkeş  
752
Aý bilmedim men-ä. Birhili şu şahyry ilki okamda meñ üçin bir "Amerika" açylypdy. Sebäbi şu beýan edişi hiç şahyrda-da görmändim. Öz ýüreginden gelen ýol diýip pikir edipdim. Dünýä edebiýatynda bar bolsa biljek däl şu stil. Şonuñ üçinem gutlanmaga, "berekellasynyñ" ýetirilmegine mynasyp diýip çaklapdym. Ýöne edil häzir-ä birhili şol öwrenişenje söýgüli şahyrlarymyñ stiline dolandym. Şolary kûýsänime-de düşündim. Ähtimal, men täzeçillige öwrenişibilmeýän yzagalak adamdyryn. Ýa-da täzelik diýip hasap eden zadym meñ üçin adaty zada öwrülensoñ gözümdäki gadyry gaçandyr. Garaz, bir zad-a boldy.

1-15 16-17
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]