10:38 Nakyla öwrülen setirler | |
NAKYLA ÖWRÜLEN SETIRLER
Durmuş öwrüm-öwrüm ýollardan düzülen geň hem ajaýyp menzilleri bilen unsan oglunyň kalbyny hyjuwlandyrmagy käte gamlandyrmagy başarýan ajaýyp ýer. Her öwrümde ädilmeli ädimleriň ähmiýeti tutuş ömre täsir edip bilýär. Adamzat öz nesliniň geljegini alada edip kitaplary nakyllary şygyrlary miras goýup gidipdir. Olary öwrenmek bilen her birimiz geljekki ykbalymyzyň oňyn çözgütlerini alyp biljegimiz ikuçsyzdyr. Şeýle gymmaty egsilmeýän ajaýyp miraslaryň naýbaşysy hem Magtymguly atamyzyň bize galdyran şygyrlary. Olardan durmuşyň her pursaty ýagşy ýaman ak gara dostluk Watana söýgi mertlik idän zadyňy gürrüňsiz tapyp bolýar. Her setiri nakyla öwrülen goşgularyň ýekejesini ýatdan bilseňem bu ýollarda azaşmajagyň bigüman. Akyldar ynsana mahsus iň nusgalyk häsiýet sabyrlylyk barada şeýle belleýär: "Bisabyr gul tiz ýolugar belaga, Sabyrly gul dura-bara şat bolar". Namartlygy ýazgaryp Pyragy ençeme goşgularynda bu barada agzaýar:"Namart kimdir biler bolsaň, Ne diýseň diýr baş üstüne". "Namart maslahaty geňeşi söýmez". "Namart aýp gözlär dogan ilinden". Myhmansöýerlik türkmeniň ozaldan gelýän ajaýyp däbi bolup Magtymguly Pyragy hem myhmana güler ýüz süýji söz bermegi ündeýär: "Gelen aş diýip gelmez turşutmagyl ýüz, Nana mätäç däldir söze myhmandyr". Mahlasy akyldaryň her setiri nakyl parasatyň paýhasyň ummany. Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan "Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy" atly goşgusy hem dana şahyra berlen uly baha diýmek bolar. Şygryň mazmuny beýiklige diňe beýik bolan düşünýänliginiň aýdyň subutnamasydyr. Aýnabat MYRADOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |