10:56

Döwlet we döwlet terbiýesi

DÖWLET WE DÖWLET TERBIÝESI

Soñky wagtlar döwlet işgäri bilen syýasatçy adalgalaryna beren kesgitlemelerimizde, syýasatçy sözüne biraz ýalñyş düşündiriş bermekde bizi tankyt edenleriñ bolşy ýaly, döwlet işgäri we döwlet terbiýesi boýunça orta atan pikirlerimizi goldap, bu pikirleriñ çeşmesini soraýan okyjylarymyz hem boldy. Bilşiñiz ýaly, medeniýet diýip ~ okap-öwrenen zatlarymyzyñ çeşmesini ýatdan çykaranymyzdan soñky, özümizde galan bölegine aýdylýar. Bu pikirler belli-başly çeşmelerden ötri uzak wagtyñ dowamynda döreýär. Şeýle-de bolsa, hakydamyza ser salyp görenimizde, döwlet, döwlet düşünjesi, döwlet terbiýesi ýaly düşünjeleriñ sakasynda ilkinji nobatda Orhon ýazuw ýadygärlikleri, soñra "Bagta besleýji bilim" ("Kutadgu bilig"), "Syýasatnama", "Döwlet we demokratiýa", "Döwlet we döwlet terbiýesi" ýaly çäksiz lezzet alyp okan kitaplarym bardygyny görýärin. Ýeri gelende, Mahmyt Kaşgarlynyñ "Diwany lugat et-türkünde" agzalýan “Ýir basrukı tag, budun basrukı beg” ("Ýeri - dag, halky - beg, /döwlet işgäri/ aýakda tutar") diýen nakyldan hem diýseñ täsirlenendigimi aýdaýyn. Hut şu görnüşde Ýusup Balasagunlynyñ "Bagta besleýji bilimde" nygtaýan: "Begler (döwlet işgäri) gowy adamlary özlerine ýakyn tutsalar, erbet adamlaram gowy hereket etmäge mejbur bolarlar. Begleriñ töweregini erbet adamlar gurşap alsa, onda ýurda tutuşlaýyn erbetler häkimlik eder" diýen jümlesini boýnumdam monjuk edip asyp goýdum.
Şeýh Edebalynyñ Osman Gazy Türkmene ýüzlenip aýdan nesihatynda şeýle jümleler bar:
"Eý ogul! Begsiñ, mundan beýläk gaharlanmak biziñ paýymyza, geçirimlilik we uýgunlaşmak (ýagny, ýagdaýa görä hereket etmek) señ paýyña, agram salmak biziñ paýymyza, göwün awlamak señ paýyña, aýyplamak biziñ paýymyza, döz gelmek señ paýyña, bölmek biziñ paýymyza, bitewileşdirmek señ paýyña düşýär.
Şeýle-de, Nuretdin Topçynyñ: "Döwlet işgäri özi arkaýyn ýaşama diýen zady undan we il-gününi arkaýyn ýaşatmaga ömrüni bagyş eden adamdyr" diýen sözi hiç mahal ýadymdan çykanok. Nihad Sami Banarlynyñ şu dogaýy jümleleri bolsa hemişe ýolgörkezijim boldy:
"Ýokary wezipeli döwlet işgärleri özlerine geñeşdarlyk edýän alymlaryñ, syýasatçylaryñ, sungat we döredijilik intelligensiýasynyñ beýikligi we şolaryñ ählisiniñ gymmatlygy derejesinde beýikdir".
Ýokary wezipeli döwlet işgärleri töweregine ýurduñ ýokary ahlakly, belent adamkärçilikli, gaýratly we gujurly, sarsmajak imanly sungat adamlaryny, ýazyjy-şahyrlary, dana kethudalary jemläp, olara sala salyp durmasa, işlerinde hiç haçan rowaçlyk tapmaz.
Elbetde, şeýle geñeşdarlaryñ bolsa "Lepbeý, şahym! Sen näme diýseñ dogrudyr!" diýip duranlary däl-de, "Señ bu edýäniñ ýalñyş! Dogrusy, ynha, şeýle bolmaly, sebäbi..." diýip bilýänleri gerek.
Taryhyñ sahypalaryna seredenimizde, ýurdunda ýaranjañlygy we gözboýagçylygy sungat derejesine çykaranlaryñ hem az bolmandygyny görýäris. Galagoply taryh diñe ýaranjañlary halamaýan seýrek hökümdarlaryñ döwründe ynjalyk tapypdy...
Käşgä, ýokardan aşaklygyna barmak büküp sananymyzda göz öñümizde janlanyp gidýän ýokary wezipeli döwlet işgärleri bu prinsiplerden habarly bolsalar bolmaýarmy... Käşgä, biziñ döwlet dolandyryşy düşünjämize "Bir har-da bolsa dönderer, asyýaby döwleti" diýen pikir siñmedik bolsa bolmaýarmy...
Käşgä, ýokary wezipeli döwlet işgärlerimiz döwleti dolandyryp bilmek üçin okap-ýazmagyñ, ylym-bilim almagyñ hökmanydytyny bilsediler we oturan kürsülerine "nadanlygyñ haýu-höwesi" bilen oturmadyk bolsadylar... Hem käşgä bizem ýurdumyzyñ bu perişan halyna garap, dyzymyzy ýumruklaman oturan bolsak bolmaýamy...
Şahyryñ üç setirlik jümlesi bilen sözümi jemleýärin:
Biz laýykdyr öýtme, bu bolýan zatlara,
"Üýtgeşme bolmagny isleseñ eger:
Syýasatçy milletine ynanma!"
(Li-müellifihî)

Ahmet SEWGI.

# yenicag_2014
Категория: Publisistika | Просмотров: 478 | Добавил: Gökböri | Теги: Ahmet Sewgi | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Baba Ve Piç  
"Begler (döwlet işgäri) gowy adamlary özlerine ýakyn tutsalar, erbet adamlaram gowy hereket etmäge mejbur bolarlar. Begleriñ töweregini erbet adamlar gurşap alsa, onda ýurda tutuşlaýyn erbetler häkimlik eder"

Käşgä biziñkilerem şuña amal etseler...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]