13:37

Ogluma ýazan hatlarym / 26-njy hat

Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 400 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Wasiliý Suhomlinskiý | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Pedagogika we edep-terbiýe bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Hаwеrаn  
245
"Köne bir ukrain rowaýaty bar. 
Enäniň ýalňyz ogly bar eken. Ol owadanlykda deňi-taýy bolmadyk täsin bir gyza öýlenipdir. Ýöne gyzyň ýüregi gara, zalym bolupdyr. Ogul gelnini öýlerine alyp gelipdir. Gelin gaýnenesini halamandyr we adamsyna: "Ejeň öýe girmesin, ony dälize göçür" diýipdir. Ogul ejesini dälize göçüripdir, oňa öýe girmegi gadagan" edipdir. Ene yzgytsyz gelniniň gözüne görünmäge eýmenipdir. Gelin däliziň üsti bilen geçip ugranynda, ene krowatyň aşagyna girip gizlenipdir. 
Emma bu zatlar gelne az görnüpdir. Ol adamsyna: «Öýde ejeň garasy hem görünmesin, ony saraýa geçir» diýipdir. Ogul ejesini saraýa geçiripdir. Ene garaňky saraýdan diňe gijelerine çykypdyr.
Günlerde bir gün ýaş gelin gülläp oturan alma agajynyň aşagynda dynç alyp oturan eken, onýança ol enäniň saraýdan çykanyny göräýipdir. Aýal dergazap bolup, äriniň üstüne eňipdir: «Eger seniň men bilen ýaşasyň gelýän bolsa, ejeňi öldür, onuň göwsünden ýüregini sogur-da, maňa getirip ber» diýipdir. Perzent ýüregi eger-eger sarsmandyram, aýalynyň görlüp-eşidilmedik jemaly onuň erkini halys elinden alan bolarly. Ol baryp ejesine: «Ýör, eje, derýada suwa düşüp geleli» diýipdir. Olar kenardan ýörap gidipdirler. Ene ýolda daşa büdräp ýykylypdyr. «Eje, näme büdreýäň-le? Näme üçin aýagyň aşagyna seredeňok? Beýdip, ýykylyp-sürşüp barjak bolsak, biz agşama çenli-de derýa ýetmeris» diýip, oglunyň gahary gelipdir. 
Baryp geýimlerini çykaryp, suwa düşüpdirler. Ogul ejesini öldüripdir, onuň gursagyndan ýüregini sogrubam klýonyň ýapragynyň arasyna salyp, alyp gaýdypdyr. Ene ýüregi böküp dur diýýär. Ogul daşa büdräp ýykylypdyr, dyzy gütläp ýere degipdir, enäniň gyzgyn ýüregi bolsa gyýçak daşyň üstüne zyňlyp düşüpdir, durşy bilen gana boýalypdyr, şol ýagdaýda-da tisginip: «Janym balam, dyzyňy gaty agyrdaýan-a dälsiň-dä? Otur, demiňi dürse, eliň aýasy bilen agyrdan ýerini sypalaşdyr» diýip, pyşyrdapdyr. 
Ogul möňňürip ugrapdyr, ejesiniň gyzgyn ýüregini eliniň aýasyna alyp, bagryna basypdyr, derýanyň kenaryna gaýdyp barybam, ýüregi para-para edilen gursagyň içine salypdyr, ony gözüniň ýaşy bilen ezipdir. Ogul özüni mähriban ejesi ýaly, hiç kimiň hiç haçan beýle wepaly, beýle mähirli söýmändigine ýaňy düşünip galypdyr. Ene söýgüsi şeýle uly, şeýle çäksiz bolansoň, onuň ýüregindäki ogluny şadyýan, gaýgysyz-ünjüsiz görmek islegi şeýle çuňňur, şeýle güýçli bolansoň, ýürege jan gelipdir, paralanan gursak ýapylypdyr, ene ýerinden galypdyr we oglunyň buýra saçly kellesini bagryna basypdyr. Şondan soň ogul owadan aýalynyň ýanyna gaýdyp dolanyp barmandyr, ol oňa diýseň ýigrenji bolup görnüpdir. Ene-de öýlerine dolanyp barmandyr. Olar iki bolup, çöle çykypdyrlar we iki sany depä öwrülipdirler. Her gün ir bilen dogup gelýän günüň ilkinji şöhleleri depeleriň üstüne düşüpdir.


Suhomlinskiden alnan ukrain rowaýaty belli türkmen şahyrlarynyñ birinde bardy. Häzir anyk ýadyma düşmedi. Kim bilýän bolsa kyn görmän paýlaşsyn ...

0
2 Gülsüm  
430
Ruhnamadada şuña meñzeş rowaýat bardymy?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]