20:11 Türk-nemes gatnaşyklary we döner | |
TÜRK-NEMES GATNAŞYKLARY we DÖNER
Publisistika
Türkiýede resmi saparda bolan Germaniýanyñ prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriñ ýany bilen 60 kilolyk ullakan döner (gamburg) bilen gelmegi hemmeleri haýran galdyrdy we sorag alamatyny döretdi. Birinji kellä gelýän soragam şu: Ştaýnmaýer ýany bilen nämüçin döner getirdikä we munuñ bilen nähili signal bermek isläp biler? Muny birnäçe nemes tanşymdan soradym welin, suwytly jogap berip bileni bolmady. Aýdýanlary umuman şeýledi: - Döner indi Germaniýanyñ fastfud iýmiti saýylýanlygyndan Germaniýa bilen Türkiýäniñ arasyndaky iñ esasy umumy aýratynlyga ünsi çekjek bolan bolmagy mümkin. Meniñ pikirimçe-hä, nemes prezidentiniñ resmi saparynda Türkiýä döner getirmegi beter gülkünç, şol bir wagtyñ özünde hiç bir tarapdan manysy-da ýok. Şol sanda bu ýagdaý Germaniýanyñ ýurduñ daş-töweregindäki we dünýädäki üýtgeşmeleri yzarlap bilmekde kynçylyk çekýändigini añladýar. Türkiýe indi daşary ýurtlara gidip işleýän garamaýak işçileriniñ ugradýan pullaryndan düşýän girdejä mätäçlik duýýan ýarlykly-garyp ýurt däl, Germaniýada ýaşaýan türklerem indi diñe şäher häkimliklerinde zibilçi bolup işleýän, magdan känlerinde agyr işlerde işleýän jemgyýetiñ iñ aşakdaky gatlagy däl. Gaýtam tersine, bu ýurtdaky üç milliona golaý türk jemgyýetiñ orta gatlaklarynda ortagürp derejede ýaşaýar. Germaniýada indi söwdadan turizme, bankirlikden telekeçilige, döredijilik we sungatdan syýasata, ylym-bilime islendik ugurda üstünlikli türklere duş gelmek mümkin. Nemes mediýasynda we serial pudagynda iñ öñki hatarlarda ýüzlerçe türk bar. Nemes parlamenti Bundestagda, syýasatyñ depesinde özüne ýer edinen türkleriñem sany ýüzden, iki ýüzden köp. Beýleki ugurlar beýlede dursun, ylym-bilimde we çeper edebiýatda-da türkler Germaniýada iñ öñki hatarlara geçip ugrady. Nemes edebiýatynda onlarça türk ýazyjysynyñ eseri bestseller sanawlarynda ýer alsa, başyny Özlem Türejidir Ugur Şahiniñ çekýän alymlar topary-da nemesleriñ ünsüni özüne çekip gelýär. Başgaça aýdanda, bu ýurtdaky türkler indi tereçä tere satýar. Türkiýe barada aýdanda bolsa, bu ýurduñ soñky ýyllarda ylym-bilim we tehnologiýa ulgamynda ýeten sepgidi dostlary beýlede dursun, duşmanlarynyñam hormatyna we ýokary bahasyna mynasyp bolandygy hakykat. Ýüzlerçe ýurda teleserial satýan we mundan lomaý girdeji gazanýan Türkiýe şol üstünligi tehnologiýa ulgamynda-da gaýtalamaga başlady. Mundan 20-30 ýyl öñ "Türkiýe ýüzlerçe ýurda kino önümini, şeýle-de onlarça ýurda ýarag we ok-däri satar" diýseñiz, hemmeler üstüñizden gülüp geçerdi. Antalýa we Ortaýer deñziniñ kenarýakalary her tomus turistler bilen dolup-daşýar. Stambulyñ iki ýakasyndaky howa menzili Aziýanyñ we Ýewropanyñ arasyndaky iñ uly tranzit nokadyna öwrüldi. Howa menziliniñ ikisi-de şeýle bir märekeli welin, zallarynyñ ugrunda ýolagçylar bilen çaknyşman ýöräbem bolmaýar. Muña derek Frankfurt howa menzilinde günde bolmasa-da, käbir günler yns-jyns ýok. Men bulary bir ýerlerden eşdip ýazamok, hut öz gözüm bilen görüp şaýat bolandygym üçin ýazýaryn. Bir hepde mundan öñ Sabiha Gökçen adyndaky howa menzilindedim, ol ýeriñ adamy şeýle bir köp welin, zordan özümi uçara atdym. Şular ýaly ýurda we şular ýaly dinamiki jemgyýete diñe döneriñ üsti bilen baha beriljek bolunmagy Germaniýa ýaly ýurt üçin şowsuzlykdan has beter masgaraçylykly ýagdaý bolsa gerek. Germaniýa şonsuzam köp wagt bäri töweregindäki üýtgeşmeleri doly we dogry öwrenip, şoña görä amal etmekden ejiz gelýär. Eger şeýle bolmasa ilki Ysraýylyñ Gaza gyrgynçylygyna goldaw berip, yzyndanam ony duruzmaga synanyşmazdy. Ýa-da Russiýa-Ukraina uruşynda ABŞ-nyñ direktiwalary boýunça hereket edil, özüni syýasy-ykdysasy taýdan kyn ýagdaýa düşürmezdi. Gaýtam tersine, tutuş ÝB-nj töweregine jemläp, Ukraina babatda ABŞ-dan tapawutly syýasat ýöredip, Russiýa bilen dil tapyşmaga synanyşardy, şeýdip Ýewropanyñ orra-ortasynda barýan uruşyñ öñüni alyp bilerdi. Dogry, edil şumat Türkiýe ykdysady taýdan uly problemalar bilen gidişýär. Girdeji deñsizligi, demokratiýa we hukuk babatdaky meseleler ýurduñ at-abraýyny we ygtybarlylygyny sarsdyrýar. Muña garamazdan, Türkiýe diñe bir döneriñ üstünden tanaljak, baha beriljek ýurt däl. Gaýtam ol häzir dost-ýarlarynyñ we duşmanlarynyñ hormat goýýan, üns berýän regional güýjüne öwrüldi. Germaniýa öz ykdysadyýetini, syýasatyny goranmak ulgamyny ABŞ-nyñ eline berip doly diýen ýaly oýnatgy döwlete öwrüldi, a Türkiýe bolsa Ukraina uruşyndan Gaza tragediýasyna, Eýrandan Owganystana, ol ýerdenem Daglyk Garabag konfliktine çenli hemme ugurda öz ýurdunyñ bähbitlerine görä hereket edip, hemmeleriñ ýokary bahasyny we hormatyny gazandy. Germaniýanyñ bolsa hiç bir meselede özüne degişli syýasaty ýok, gaýtam her bir meselede belli karara gelmeli wagty Waşingtondan gelmeli yşarata garaşýar. Aslyna seredende, munda ullakan geñ galar ýaly zadam ýok. Munuñ özi uzak wagt bäri ýokardan buýruk almaga öwrenişen adamlaryñ, jemgyýetleriñ, döwletleriñ refleksinden başga zat däl. Germaniýa hem Ikinji jahan uruşyndan bäri kararlaryny ABŞ-dan geljek direktiwalara görä kesgitleýär. Moskwadan buýruk almaga öwrenişen biziñ türki respublikalarymyzam 1991-nji ýylda garaşsyz bolanlaryndan soñ biraz wagtlap nätjeklerini we nirä ýörejeklerini bilmän durupdylar. Germaniýanyñam indi özüniñ garaşsyz ýurtdugyny, Ikinji jahan uruşynyñ kölegesinden çykmalydygyny ýadyna salmagy gerek. Ýogsam bolmasa, Germaniýa ullakan ýurt we jemgyýet häzirki wagta çenli bolşy ýaly mundan soñam ABŞ-Ysraýyl ikilemesiniñ kölegesi astynda ýaşamagyny dowam etdirer. Türk-nemes gatnaşyklary barada aýdanda bolsa, kemçilikli meseleleriñ birinde-de oñyn hasaplap boljak öñegidişlikler ýok. FETÖ-nyñ, PKK-nyñ Germaniýadaky hereketleri, wiza problemasy, ÝB agzalygy ýaly meselelerde ýeke garyş öñe gidilenok, gaýtam tersine, hemme zat öñki-öñküligine dur. Germaniýa birnäçe meselede Türkiýe ýaly ABŞ-dan özbaşdak hereket edip bilen bolsady, özüniñ we Ýewropanyñ bähbitlerine üns berýän syýasat ýöredip bilen bolsady, iñ esasysy-da Ysraýylyñ täsirinden we hopbasyndan halas bolup bilsedi, edil häzir Ukrainada we Gazada bolup geçýän tragediýalar belkäm-de hiç biri bolmazlygy-da mümkindi. Esedulla OGUZ, Germaniýaly türkmen žurnalisti. Sişenbe, 30.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |