08:33

Okamagyñ peýdasy

OKAMAGYÑ PEÝDASY
    
Kitaplar ynsan paýhasynyň dürdänelerini toplap, olary geljek nesillere ýetirýär.
Aýbek.

Biziň näme okaýanlygymyz däl-de, nähili maksat bilen okaýanlygymyz möhümdir.
E.Berk.

Kitaplar gojalan çagyň iň gowy ýoldaş, ýaş wagtyň iň gowy maslahatçy.
S.Smaýls.

Kitap daşy sahaply adamlardyr.
A.Makarenko.

Kitapsyz geçiren günleriňi ýitdi bil.
A.Markuşewiç.

Maňa haýsy kitaplary okaýandygyňy aýt, menem seniň kimdigiňi aýdaýyn.
N.Pirogow.

Ynsan yzygiderli okamak arkaly pähim-paýhasyny artdyrýar.
Ž.Bruno.

Kitaplarym – hiç wagt maňa ikilik etmejek dostlarym.
T.Karleýl.

Kitap bilen söhbetdeşlik uly lezzetdir.
K.Zelinskiý.

Dünýäde gowy kitaplar köp, ýöne olar okamagy başarýanlar üçin gowudyr.
D.Pisarew.

Okanyňa düşünmezlik hiç zat okamadyk bilen deňdir.
Ý.Komenskiý.

Gowy ýazýan awtory okap, özüňem gowy gürlemäge endik edýärsiň.
Wolter.

Bilimli adam bir gezek okap oňmaýar, ol gaýta-gaýta okaýar.
Ž.Elgozi.
 
Terjime eden Sylapberdi Mämmedow,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Категория: Sözler | Просмотров: 422 | Добавил: Нawеran | Теги: Sylapberdi Mämmedow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]