17:06 Oýlanma | |
OÝLANMA
Senli geçen aňzak gyşy küýsedim, Çydap bilmän aýralygyň ýazyna. "Söýen ýarym, dolanmazmyň?!" diýsedim, Owaz goşup "Keçpelegiň" sazyna. Häli-şindi gyzaryp dur göwnümiň, Aýralykdan şarpyk iýen çekgesi. Käşgä umyt dörese-di gursakda, Ykbal meni sen tarapa çeksedi. Astronomiýa-da üýtgäpdir sensiz... Geçýän gün,deň däl ýigrim dört sagada. Içdäkilem şeýle agyr, hem deňsiz, Agyr düsjek, ol gojaman daga-da. Soňky döwür pikirlermiz bulaşdy, Garaz, şeýdip oňuşmadyk bol-telki. Tekepbirlik beýnimize çolaşdy, Söýgümizi öldürenem şol belki. Ylham GURBANALYÝEW. 2021 | |
|
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |