16:07

Öz ýüzüňize-de bir serediň / hekaýa

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 602 | Добавил: Dark_Wolf | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024
Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024
Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024
Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024
Garagumda / hekaýa - 09.03.2024
Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024
Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024
Kitap / nowella - 16.03.2024
Jan / hekaýa - 08.03.2024
Möjekler / hekaýa - 26.04.2024

Teswirleriň ählisi: 11
0
1 atayewabagul83  
688
Bäh, asyl edep terbiye diýip gybat baryny okamak öñem bar eken ow. Sypaýy bolmaly diýşip diñe özlerini bilip, özüni mazamlap, makala ýazyp ýörenleñ gürrüñini dagy görýäñmi? Gybat edýän diymez, edep beryän diyer. Aý onam şo iş wagtyna gabat gelibilseñ aýdarlaý, olam bilemokda. O yere gitdi, bu yere gitdi bilen tapybilseñ. Yene de geple diyseñ halal zähmet çekmeli diyip adama ýeñ bermez

0
2 atayewabagul83  
688
Men menlikden daşda durmaly diyip, ähli neşirlerde diñe öz goşgudyr makala hekaýalaryny goýýanlar hakda näme diyjek? Gepletseñ, ýaşlar eylemiş beylemiş. Wah, şo ýaşlary sen döretmediñmi? Sen öwretmediñmi olara diysene??

0
3 atayewabagul83  
688
Hawa awtor, öz yüzüne seretmeli şular. Aýnañ öñüne baryp seretmeli. Öz özüne sorag bermeli " men näme edyärin? Içinden urup yörün" diyip. Galyberse de, size " Ylham " atly hekaýamy okap görmegi maslahat beryarin

0
4 guljancharyberdiyewa  
472
Bylar ors eyyamynyñ pyrablemalary. Buwagt ak un, natural gawun-garpyz iyyas, shoñ üçin hazirki dowrimizin nesli by hekayadaky yaly bolmaga haky yok. Altyn nesiller olar

0
5 Yengish  
Guljan natural iýmitler kime ýetsin:-)Amerikanlar ýöne ýerdenä şol goşundylary oýlap tapan däldirler.Birem "ors eýýamy" diýip eýýamy şu wagta çenli-hä eşidip göremok:-)

0
6 hoşowaz  
390
Bu wagta çenli eşdilen zady @guljandhfjsdgj ýazjakmy... Ol diňe ewrika edýär. : )

0
7 Ependi  
284
Hehh, dogry hemmesem) 90-95-nji ýyllaryň modasy, ýagny retrosy ýaly.

Hawa, ol wagtlar köçäň gyrasynda, öýüň deňine üýşüp oturmak geň däldi. Ilki bilen meseläniň aňyrdan gaýdýanyna kän üns bermändir Juma aga. Ýaremezan - hekaýasyny ýadyna salsada bordy. Bilemok, gazetda tankyt üçin çykaran bolsa bu hekaýany. (Ýazyja sarpam uludyr) Ol döwürden öňräk, 80-90 aralygy, ondanam irräk, üýşmek gadagan edilen. Ondada, okuwçy oglanlar agşamlyk biriniň öýünde oturmak hasam gadagan edilipdi. Mugallymlaryň biziň gulagymyza guýýan gürrüňleridi şol wagtlar. Soň, 90-ndan soňda umuman, kellä geýen ýaly etdiler hemme zady. Ol wagtlar ýanyňa gelen oglany myhman çagyrmagam birhili ýalydy. Soýuzyň edebi bardy ol wagt. Oglanlar bilen hakykam gürrüň bary edilýär. Nas atýaň, çilimi öwrenýäň, beňem bolaýsa diýämi. Bir oturan ýeriňde syçylanok diýmeseň. Ol dowrüň taryhy hakynda aýtmaly zatlar bolsa kän zatlar ýazjak welin, ýaltanýan şoňada. Çaga panýatamyzda galypdy hemmesi, kameramyz ol wagt çip-e göni belleýärdi, indi beýle däl. Indi deň-duşlar hemmesi öýde oturýarlar, agşamlyk ýagny. Köçäň gyrasy, üýşmek - muňada syýasatyň özi günäkär. Medet aga ýalňyşmasyn, her döwri bellän döwrüne deňemesin diýjek bolýan. Aslynda, bu hekaýa welin, 90 bilen 2000 aralygy üýtgeşiklik gaty kän bolup geçdi.

0
8 Netflix  
776
Köçäň ugrunda çal saçly adam,
Ympyrt pijamaly, ympyrt köwüşli,
Göýä ýüzi-gözüde ympyrdy meňzäp,
Märekä bakyp dur dürler röwüşli...

Ýaşyl derwezäniň bäri ýüzünden
Güjeňläp haýbatly derejesini,
Tüweleme:tüf,tüf, bir garny bilen
Bekläp dur şäheriň bir köçesini.

Özi bolsa mundan ýedi ýyl ozal,
Berip ýorganlaryň könejesini
Ýer ýok diýip on otagly jaýyndan,
Ketege göçürdi öz ejesini.

Şondan bäri onuň habary bardy
Ne-hä şo ketekden, ne ejesinden,
Ýygnan puly bolsa harammy halal?
Agypdy,amanat depderçesinden...

Megerem şolardyr ýagny bizdiris
Adamkärçiligiň serhedin bozup,
Nebis küşdün oýnap kellämiz gyzyp,
Kasparowdan ozup,karkowy pyzyp,
Ynsaby basgylap,wyjdany çyzyp,
Ogul-gyza nusga bolmaga derek,
Olaň bozulmadyk ahlagyn bozup,
Ne hä,enemiziň ahwalyn sorap,
Ne-de, iki barmak essalam ýazyp,
Hawa hut bizdiris, diňe bizdiris,
Hasrat getirýänler müňlerçe enä,
Biz ilkinji nusga, perzentler bolsa
Kapelkadan geçen ikinji nusga,
Ikinji günä.

Megerem şeýledir, şonuň üçindir,
Alty balasynyň ötüp günäsin,
Müňleriň günäsin ötmeýänligi,
Şübhelenme parasatly enä sen!

Megerem şeýledir, uşak günäden,
Halasgär bolsa-da bu juwan nesil,
Senden gören zadyn öwrendi çaga,
Öwreden zadyňa jogapkär sensiň!


Atadan hannaslyk öwrenen ogul,
Bolup atadan-da beterräk hannas,
Enesin ketege göçürer ertir,
Özüňem ketekden bolmarsyň halas.


Hawa bu şeýledir, belaň körügi bizdedir,
Çagany näletleme bes,
Günämiziň asyl nusgasy hakda
Oýlanaryn diýseň,enä gulak as!


Ýazypdym nesilleň günäsi hakda,
Özümiz ýadymdan çykan eken tas,
Bi ahlak ululaň günäsi hakda,
Oýlanaryn diýseň enä gulak as!

Enä gulak as! Şu goşgynyda,
Men dälle eneleň paýhasy goşdy,
Şeýdibem döredi ene pähminden,
Ýazmasy kyn düşen ýene bir goşgy...

Kerim Gurbannepesow.

0
9 Netflix  
776
Ertekileriň, rowaýatlaryň, hereketleriň üsti bilen pend alyp, meýdanda arassa howadan ganyp, at çapyp, göreş tutup, aw awlap, pil depip, bilinden egri gylyjy düşürmedik, garadan gaýtmaz, batyr, namysjaň, ata - babalarymyzyň elinde terbiýelenen çaga bilen şu günki gün dört diwaryň arasyndan çykmaýan, uzak gününi telewizoryň öňünde ýatyp türk seriallaryny yzlaýan, ömründe öwüt görmedik we görkezmedik, maşgalasynda kimiň - kimdigi belli bolmadyk, ene - atanyň ellinde terbiýilenen çaganyň tapawudy ýer bilen gök ýaly bolmalydyram we bolandyram. Oňa iýip - içginiň dahyly ýokdyr. Möjek açlygy ýada ýaramaz iýmitlenýänligi üçin özüniň möjekligini ýitirýän däldir.

Ärdek ýaşap geçse peder,
Nesil kimden heder eder.

1
10 Trigger  
643
siz örän dogry aýdýaňyz
emma iýmit babatda kesgin aýtmaň!
iýmitiň täsiri bardyr.
suwuň ýetirýän täsiriniň özi-de ýeterlik delildir
diňe goýnuň etini iýip ýaşan bilen öküzüň düýäniň geçiň etini iýip ulalanyňam tapawudy bardyr.

1
11 Trigger  
643
eje guşumyzyň mährine, yhlasyna ýugrulan çörek bilen elinje bakylan malyň etinden edilen gowurdak iýip ulalan bilen gelip-çykyşy näbelli, nämeleri başdan geçireni belli däl kolbasa diýen ýaly fabrikantlary iýip ulalan asla-a deň bolmaz

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]