12:13 Parižli oglanjyk | |
Parižli oglanjyk
Wiktor Hýugonyň “Ýekerilenler” romanyndaky hossarlaryny gözleýän oglanjyklara. Şowhundan hem galmagaldan Garran gadymy Parižiň Aýasynda bir oglanjyk Ýaşaýar, ol nämedigin Bilenok arzuwyň, düýşüň. Diňe garaşmagy bilýär, Bilmez nirde, haçan geljek. Kim güler ol degişende, Kim oňa göwünlik berjek?! ..Alnyndan däl aýagyndan, Öpýär goňşym çagalaryň. (Täleýinde ýok ekeni, Ogşamak öz çagalaryn)... ...Uzaklarda penjireden, Başyn çykaryp bir gende: Kowýar bagtly körpeleri: “Gidiň, oýnaň başga ýerde!” Sebäp olaň gülki sesi, “Dynç almaga” maý berenok. …Oglanjygy söýýär dünýä, Ýanyna baryp bilenok. Enwer Nyzamow | |
|
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |