00:33 Aýralyk | |
AÝRALYK
Düýn agşamky yhlasymy unutdym ak säher bilen, Ýüz bersem ýüzin düşürdi ykbalymy takat-sabyr. Seni söýen günlerimiň ezýetini çekýän indi, Bu güýz sensiz geljek günleñ goly bagly azabydyr. Jeýhunyñ suwy azalyp, dodagy kepän kenarlañ, Kenarda uklan durnalar oýarmaga dözemok hiç. Sen henizem öýkelimiñ, öz göwniboş şahyryñdan, Güýz gündizleñ gadry ýokdur, gijeler has göze ilgiç. Saryýagyz oktýabr, goñras ýüzli noýabr, Galamymy çişiripdir ýatlamalañ ysyndan. Başym çalarýar diýmesem, mañlaýym-a şol öñki, Sary sakgal oglanlygym ýetip gelýär yzymdan. Saña meñzeş oktýabr, maña meñzeş noýabr, Bu göwräm peje öwürdi (belki, ykbalym şeýledir). Çal bulutlar gözi bilen sorup güýjüm-kuwwatymy, Meni sensiz hassa edýär howa hem asman şeýle bir. | |
|
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |