21:07 Bentler | |
BENTLER
Pelek, sende dürli-dürli oýun kän, Egilmäge endik eden boýun kän, Biçipdir neşeler ençe ärleri, “Goçlaryndan” göwni galan goýun kän. *** Boljak işler bolup dynsa kem däldir, Öljek hassa ölüp dynsa kem däldir, Aýrylyşjak aýal bulanyp ýörmän, Talak hatyn alyp, dynsa kem däldir. *** Haýwanda, ynsanda, guşda-gumryda, Nesil galdyrmaýan ýeke jandar ýok, Öz islegiň bilen zürýatsyz ötseň, Onda, gelin, senden beter gandar ýok. *** Erki elindekä erkek adamlar, Öz öýüniň soltanydyr, hanydyr, Erkini aldyran işigaýdanlar, Aýalynyň ogullygy ýalydyr. *** Hak buýrugyn berk bitirýän gelin bar, Şerigata şek ýetirýän gelin bar, Wepaly ýarlaram az däl-de weilin, Adamsyna “şah bitirýän” gelin bar. *** Adam ýamanlamak, ýa gep içirmek, Erki gowşak, pes adamyň işidir. Emma oňa güpbe ynanýanlar hem, Pöwhe, nadan, yňdarma bir kişidir. *** Hemme dostlaryňdan golaý ýalydyr, Zadyn gaýgyrmajak jalaý ýalydyr, Ýeňsäň dolandygy seni ýamanlar— Edil bir gybatkeş heleý ýalydyr. *** Ýetmiş ýaşa ýetdiň, ömrüň haýp däl, Süňňüň sagat, el-aýagyň maýyp däl, Öňkiň ýaly kowalaşsaň aýala, Ýüňsakgal bolsaňam, indi aýp däl. *** Ýaranjaňlar başlygyňka üýşüpdir, Gybat gyzyp, serhedinden aşypdyr, Ozallar gybaty aýal edermiş, Ind-ä kä erkegem aýallaşypdyr. *** Mukaddes ýerleri depeläp geldiň, Kän-kän hapalarňy sepeläp geldiň, Öňki günälerňi az görýän ýaly, Mekge, Medinänem hapalap geldiň. *** Paýhas bilen nazar aýlasak döwre, Kän-kän zatlar düzüw, käbiri çöwre, Indi boz maýalar atalap durlar, Öňler erkek boşap giderdi höwre. *** Ýaranjaň ýapjany synlasaň pugta, Göz öňüne geler hyzmatkär agta, Başlygnyň yzynda höltüldäp ýör ol, Bir elinde ýaglyk, birinde pagta. *** Tämizi diýr, çekseň çydamsyz derdi, Naçarlama, bolgun mertleriň merdi, Sensizem bu heňňam aýlanyp durdy, Dünýe ýetim galmaz öleniň üçin. Pygamberguly GURBAN TÄMIZI. 2000-2015 ý. | |
|
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |