13:31 Sadranç | |
Annaberdi AGABAÝEW
▶ SADRANÇ Saýn-Şandyñ muzeýinde çöpleri haýwan, ynsan şekilinde bürünçden guýlan gadym mongol küşdi saklanýar. Ynha, bürünç Neýon münüp tagtyna, Dymyp göz aýlaýar bürünç leşgere: "Mundan sürsem goñşy hanyñ üstüne, Basarmykam, Ýa bormukam masgara?" Aýagnyñ astynda ýatan köpekler Birden gymyldadyp bürünç dillerin, Diýýär: - Bejit perman kylgaý, jenabym, Gemireli süñkün uzak illeriñ! ~ Şirleren penjesin göterip göge, Her ýan bulaýlaýar inçe guýrugyn: - Gopbam hany para-para kylar biz, Bergil tizden, hökmürowan buýrugyñ! ~ Goýunlar mölerdip bürünç gözlerin, - Pähim edip görüñ! - diýýär serdara. - Çozmaly! Sebäbi neneñ çozmajak, Biz ak, olañ bolsa barysy gara! ~ ...Diñe birje hatar, diñe öñ hatar, Daýaw pyýadalañ egindeş sapy ~ Goýun çopan, düýe çopan, atbakar Dymyp dur oñlaman aýdylýan gepi. Bürünç Neýon Napoleon deý bolup, Bürünç tagtdan berýär ýowuz permanyn: - Öñe, çopanlarym! - Öñe, köpeklem, Äkeliñ kellesin maña şol hanyñ! Köpekler garpyşyp, şirler towsuşyp, Goýunlar çolaşyp aýak astynda, Altmyş dört öýjügiñ içinde däl-de, Ganlar akýar gadym Gobiñ üstünde!.. Ganlar akýar baýyrlardan, düzlerden, Öñdäki hataryñ ~ pyýadañ gany. Eneler "dat!" diýip, çokunýar Budda, Sährada köpelýär buddalañ sany... ...Ähli buddalardan uzak señ ömrüñ, Gadymy sadranjyñ kiçijik çöpi, ~ Ölmez-ýitmez pyýadalar hatary, Dünýäñ şasy Ýeñiýoluklañ Sapy! | |
|
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||