11:35 Säher ýelinden salam | |
ESGER ÝIGIDIŇ ADYNDAN
Säher ýeli – duýgularmyň sawçysy, Biziň ile bir dem seýran kylyp gel. Salamatmy aşyk göwnüň awçysy, Söwer ýaryň hal-ahwalyn bilip gel. Duýgularmy özüň bilen togarlap, Ha gizlin bar, ha-da bar sen dogurlap, Edip bilseň albomyndan ogurlap, Meniň üçin bir suratyn çilip gel. Diý oňa aşygyň sag-gurgun, aman, Hem iberdi diýgin ullakan salam. Ýoluma garaşýan mele göz sonaň Esger aşygyna salam alyp gel. Geljege umydym göwün törümde, Duşuşarys bagtly günleň birinde. Söýgi mukamyny ýürek tarynda Çalyp git-de, ýene yza çalyp gel. 26. 01. 2011 ýyl | |
|
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||