11:21

Sapak / hekaýa

SAPAK

Bu gün ýekşenbedigi sebäpli, Didar, mekdebe gitmek ejirinden azatdy. Şonuň üçinem ol irden gözüni açandan hezil edip goňşularynyň ogly Ylýas bilen oýnajakdygy hakynda göwün ýüwürdip başlady.
Ol hasyr-husur düşekden çykdy-da, pişik ýuwnuşyny edip, howul-hara ýuwundy. Çalak-çulak süpürinip-süpürinmänem saçagyň başyna geçdi. Ertirliginem şo gyssanmaçlygy bilen edindi. Soňam köne penjegini egnine sokup, çykyp gitdi.
Emma onuň alňasany biderek boldy. Ylýaslarda oňa ejesi duşup:
-Ylýas entek çöreginem iýenok. Iýsin. Onsoň çagyraryn-diýip goýberdi.
Barja keýpi bozulan Didar, içinden: “Soň çagyrjak bolsaň, çagyrman geçsene!” diýip nägile oýlandy-da, öýlerine gaýtdy.
“Durnaň üstüne urna” diýlişi dek, howlularyna girendenem öňünden bir zada gahary gelýändigi mese-mälim bildirip duran kakasy, ýüzüni gamaşdyryp çykdy. Emma ýüzünden gar ýagyp dursa-da, Didara ýüzlenende oň sesi gaharly çykmady.
-Oglum, şol dalbaryň ýanyndaky gazany suwdan doldur-da, aşagyna ot ýaksana! Men bir suwa düşüneýin…Gyzandan soň maňa aýtgynyň…
Didaryň galanja keýpine-de sogan dograldy. Ol janyýangynlylyk bilen ýüzüni kürşetse-de, kakasyna syr bermän: “bolýar” diýip baş atdy. Soňam işýakmaz adamyň iş etmäge mejbur bolanda edýän tasanjyramaly hereketleri bilen suw çekip ugrady.
Bilýänje paýyş sözlerini ýetişibildiginden içinden gaýtalap, sögünip, suw daşap ýörşüne-de, oň üçin bu dynç gününiň ählije mazasy gaçdy. On setil dagy guýandan soň, gazan doldy. Astyna ot ýakdy. Soňam suwuň gyzaryna sabyrsyzlyk bilen, irikgä bolup garaşmaga oturdy.
Didar üçin geçmejege dönen ýarym sagat geçenden soňra, ahyry suw gyzdy. Ol edesi gelmeýän zady etdirilýän adamyň nägile towlanjyramasy bilen, bäş deşigini bir ýere üýşürip, bardy-da, kakasyna suwuň gyzandygyny aýtdy.
Ýöne şu ýerde oň sesi yzgytsyzrak çykdymy, ýa ýüz-gözüni kürşerdip durmasy kakasynyň gözüne ildimi nämemi, onuň girre gahary geldi:
-Näme herrelen bolýaň, eşşek?! Poh iş etdiňmi? Edil diwaryň ýüzüne surat ederin….
Kakasy üstüne azgyrylandan, Didaryň depe saçy üýşüp, tisginip gitdi. Ýaňkyja kineli närazylygy şo bada gürüm-jürüm bolup, oň ýerine el-aýagynyň ysgyn-deramatyny alyp gelýän gorky peýda boldy. Didaryň ýüzi ak-tam boldy. Üç ýuwlan ak esgä döndi. Aljyrady. Näme diýjegini bilmän, tiz-tizden ýuwdunyp başlady.
Kakasy bolsa oňa garşy haýbat bilen owsundy-da, gazaply gözleri bilen dalap:
-Bar derrew, suwy hammama çek!-diýip, agzyndan tüýkülik syçratdy.
Gorkudan ýaňa Didaryň aňy öçdi. Ol dazanaklap bardy-da, gyzgynlygyna beýlekisine seretmän, her batyranda eline syçraýan damjalaň ýakyp-ýandyryp barýandygyna garamazdan, aýagaldygyna suw daşap ugrady.
Onýança kakasam geldi. Ol ýyly suwuň heniz hammama doly daşalmandygyny gördi-de, Didara käýinjek bolup, dodaklaryny müňküldetdi. Emma, nämüçindir hiç zat geplemän, gollaryny döşüniň üstünde çilşirip duruberdi.
Ýöne oň bu hereketi gygyrandan beter täsir etdi. Didar hasam howlugyp başlady. Gözüni ýerden galdyrmaga gorkup, ol birki gezek dagy büdräp, üstüne suwam dökdi. Garaz, üsti-başyny şalpy-şaraň edip, ol ahyrsoňy gazanyň düýbüni taňkyratdy.
Didaryň gorkuly gözlerini alakjadyp, suw daşaýşyny hälden bäri synlap duran kakasy, oglunyň gözgyny halyna dözmedi. “Onuň göwnüni göterip goýbereýin” diýip niýetem edindi. Emma, ýene-de nämüçindir, dil ýarman, hammama girip gitdi.
Entegem ýüzüni ýerden göterip bilmän, müzzerip oturan Didaryň aňynda bolsa kakasynyň ýaňky gorkunç sesi ýaňlanýardy.
Onuň haýbat bilen urmaga taýýar bolup, abşarylyp durşam göz öňünden gitmeýärdi…
Şu pursat Didar öz kakasyny şeýlebir ýigrendi, şeýle bir ýigrendi.
Edil ýöne, erk beräýseler, güýji ýetse, duran ýerinde tüýt-müýt edäýjekdi.
Şol birwagtda-da ol kakasyndan juda üýşenýärdi. Şeýlebir elheder alýardy welin, kakasy oň gözüne garabasmaly düýşdäki mahluklar ýaly, eýmenç bolup göründi…
“…Nämüçin kakasy ony beýdýärkä?
Ýa, ol ony halamaýamyka?
Belki ol, Didary öz oglam hasaplaýan däldir?
Nämüçin, kakasy ony ýigrenýärkä?…
Wah, şu wagtjykbir, Pilmahmyt ýaly, äpet bolaýsadyň…
Onsoň gözlerine görkezerdim…
Inewir entek ulalaýyn.
Onsoň ony edişime seretsin bakaly!
Bujagaz edenjelerine puşman etdirin…
Dagy näme?
Ol meni şeýdýän bolsa, men nämuçin ony beýtmeli dälmişim?
Özem, nämüçin üstüme heňkirip, dyzan bolýarka?
Men oňa näme etdim?
Gaýta, suwuny gyzdyryp berdim.
Ol bolsa sagbolsun deregine, gaýta beýden bolýa…
Eger men oňa gerekgä bolsam, olam onda maňa gerekgä…
Şuň ýaly, kakam bolandan bolmanam gowudyr.
Kakasyzam ýaşaryn…
Hiç kim maňa gerek däl.
Eje-de, doganlaram…
Ölselerem ölüp geçsinler!
Özümem bahymrak ölüp geçeýin...”...
Şu pikiri edýärkä-de Didaryň göz öňüne öz ölümi geldi…
Ine ol ölýä.
Ony öwlüýä jaýlamaga äkitjek bolýalar.
Şonda ejesi tabytdan asylyp, bady-baran aglaýa – Ho, dogany ölendäkisi ýaly...
Doganlaram ýarym-ýaş bolup aglaýalar.
Kakasam bir çetde gözüni sykyp oturşyna: „Owlum! Owuljygym, men samsygy bagyşla!” diýip, agyly pyşyrdaýar...
Ýa-da hasam beti, şo dogany ýogalan gününde bolşy ýaly, Didaryň agysyny ine-gana aglabam bilmän, sessiz iňňildäp, aýagyny aýagynyň üstüne atyp, doňňara-daş bolup oturýar.
Ýapraksyz garaly agajynyň aşagynda...
Buz ýaly beton böleginiň üstünde...
Ol bolsa ölüp ýatan ýerinden hiç haýsynam birjik-de bagyşlaman, şol ölüp ýatyr…
Şo ölüp ýatyr...
...Şu ýere ýetende Didaryň göz owasyny doldurýan ajy gözýaş paýrap aşak gaýtdy. Ol iki eliniň ýeňsesi bilen ýetişibildiginden duluklarydyr çekgelerini süpürişdirip, sedasyz aglap başlady.
Şol aglap oturşyna-da, ol kakasynyň nädip hammamdan çykandygynam duýmady. Kakasy bolsa sütükli desmal bilen öl saçlaryny süpürip gelşine, gazanyň başynda süllerip oturan ogluna gözi düşdi.
Oglunyň horja eginjikleriniň ýeňiljek sandyramasyny gözi bilen däl-de, ýüregi bilen görende bolsa, döşünde nämedir bir zat iňňe sokulýana çalymdaş, ynjyly agyry bilen syzlap-syzlap gitdi.
Dessine-de...
Haýykdy.
Depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy.
Bada-badam on ýedi ýaşynda namyratja giden neressesi gözüniň öňünde janlandy.
Onuň şujagaza ekiztaýy dek çalym edýän ýüz-keşbi...
...Wah, doýmadym-m-m, doýmadym-m-m...
...Bir demde gursagyny dolduran ýiti sanjyň yzasyndan ýaňa, ol tasdanam çaşýardy...
“Häk, göwnüne degäýipdirin öýdýän! Häk edeniň bar bolsun-a! Ýeri, muň öte ynjykdygyny, sähel zadam göwnüne alýandygyny bilmän ýörsüňmi diýsene! Hany, indi nädip, muň öýkesini ýazyp bolarka!”.
Kükregini mynçgalap durşuna az-kem özüni dürsän kakasy, şu pikirleri aňynda aýlady. Soňam öz-özüne ahmyr bilen başyny ýaýkady-da, Didara garşy ýöneldi. Ýuwaşjadan ýeňsesinden barybam, oň saçjagazyny gataňsy eli bilen sypap goýberdi:
- Didarym, näme beýdip otyrsyň? Üşäýme, birden.
Duýdansyzlykdan ýaňa allaniçigsi bolan Didar, atylyp turdy-da, hyrra yzyna öwrüldi. Kakasyny gören badyna-da ogurlykda tutulan dek, onuň gözleri howatyrly howsaladan doldy.
Oglunyň üýşenmek bilen tegelenen gözleri, kakasyny öldir ýaly ýenjilendenem beter etdi.
Onuň döşünde ýene-de ýaňky zat yza bilen gozganjyrady.
Kellede-de birje hyýal bilen iki sanam pikir.
Hyýal-a, şo neressesiniň ömürbaky kalbynda galgap duran syratydyr-keşbi.
Pikirem: birinjis-ä: “Wah, doýmadym-m-m, doýmadym-m-m...” diýip üznüksiz iňleýän, sedasyz dady-perýat. Ikinjisem: “Häk, edeniň bar bol-a!”...
-Köşşäm, ýör, hany öýe gireli! Geýmiňi çalyş! “Kyrksekize” gidip, marožna bilen gazrobkadan gerk-gäp bolup geleliň!-diýip ol, äheňine basardygyndan mylaýymlyk çaýyp, ýene-de Didara lak atdy.
Didar ilki düşünmedi. Soňra ýaňky pikirlerini, göýä kakasy bilen ýaly, gyzardy. Birdenem onuň ýüzi açylyp gitdi. Ýaňky garaňky duýgulary onuň kalbyndan şo bada sumat boldy. Ol ýylgyrdy-da, elini çarpyp öýlerine ylgady:
-Oh-how, erkek! Kyrksekize gidýäs! Kyrksekize gidýäs!-diýip, şadyýan goh turzup barşyna-da, körpe jigisini çagyrdy:-Kanun! Kanun! Ýör-eý, kakam bizi Kyrksekize äkidýä! Bol-eý, çalt-eý…
Oglunyň ýakymsyz çirkin sesi, şu pursat gulagyna ähli şirin mukamlardan zyýada eşidilýän kakasy bolsa, ýene-de kükreginde peýda bolan ýaňky agyra diň salyp durşuna, ýüzüni jebirli çytýardy:
“Häk, edeniň bar bolsun diýsene! Gör-ä muny, sähelçejik zat welin,…He-eý, nädäýdim-ä, nädäýdim-ä... Häk, meňemmir edenim bar bolsun-a…”...
Şo pikiriň aňyrsyndaky buljum bir ýerlerde bolsa ömürbaky çekseňem, çeke-çeke tükedilmejek hasratyň sedasyz iňňildisi, şo eşidilip dur, eşidilip dur...
“Wah, doýmadym-m-m, doýmadym-m-m...”...
…Şeýdibem Didaryň ýene-de bir güni, oň oglan köňlüne öz täsirini ýetirip, şeýle täsirleri ýetirip, geçip giden sanýetmez günleň arasyna siňip, ýitip gitdi…
...Biderejik, bolgusyzja zat üçin kakasyndan öýkelän oglanjyga bolsa, mähribanyna temmidir sapak bermek üçin, onuň gögele göwünjiginiň küýseýşi ýaly ölmegem gerek bolmady.
Tersine, kakasy, edil öz ömrüniň her bir dynnymjygy bilen sapak berşi ýaly, diňe diriligini däl, eýsem ajalynam oňadyr, beýleki çagalaryna başbitin bagyş edip, hatda öz gubury bilenem Didara-da, beýleki perzentlerine-de durmuş dersini bermegini dowam etdi...

1995ý.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 240 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Kitap / nowella - 16.03.2024
Surat / nowella - 14.03.2024
«Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024
Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024
Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024
Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024
Jan / hekaýa - 08.03.2024
Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024
Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024
Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024

Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Myhman0430  
778
gowy hekaya. Serdar aga: (eserleriniň diline) agraslyk gelişýär.

gonjumy öl-myžžyk edip, şalpy-şalaň bolup suw daşaýanym ýadyma düşüp gitdi.

0
2 mango  
651
Täzeje hekaýadyr öýtdüm welin 1995 ken.

Käbit sözlemler barada:
1) Soňam işýakmaz adamyň iş etmäge mejbur bolanda edýän tasanjyramaly hereketleri bilen suw çekip ugrady.
2) Ol edesi gelmeýän zady etdirilýän adamyň nägile towlanjyramasy bilen, bäş deşigini bir ýere üýşürip, bardy-da, kakasyna suwuň gyzandygyny aýtdy.

Şol hereketiň iki gez agzalmagy gözüňe dürtülip du.

“Ol dazanaklap bardy-da, gyzgynlygyna beýlekisine seretmän, her batyranda eline syçraýan damjalaň ýakyp-ýandyryp barýandygyna garamazdan, aýagaldygyna suw daşap ugrady.”

“garamazdany” başgarak aýdyp bolaýsa.

Ol dazanaklap bardy-da, gyzgynlygyna beýlekisine seretmän, her batyranda eline syçraýan damjalaň yzasyna çydam edip, aýagaldygyna suw daşap ugrady.
—-
...Biderejik, bolgusyzja zat üçin kakasyndan öýkelän oglanjyga bolsa, mähribanyna temmidir sapak bermek üçin, onuň gögele göwünjiginiň küýseýşi ýaly ölmegem gerek bolmady.

Ajaýyp jemleme.
Ýöne hekaýaň soňky sözlemi ýene-de agyrrak okalýan ýaly. Maňa galsa-ha ýokarky sözlem bilen tamamlap bolardy.
—-
Serdar kaka. Ol ene-atasyna ölüp temmi bermek pikiri göwnüne getiren oglanjygy sizem tanaýan ekeniňiz-ä. Men bolsa diňe özüm tanaýandyryn öýdüp ýörüpdirin.
Haladym. Irki Serdaram giçki Serdardan peslär ýaly däl ken.
Kän degişmeli sözleriň ýoklugy, täze oýlanyp tapylan sözleriň ýoklugy… bular hekaýaň artykmaç tarapy. Ykjamja ýazylypdyr.
“Poh iş etdiňmi? Edil diwaryň ýüzüne surat ederin…. ” - hakyky, gahary gelen kakaň ediljek diýäýjek sözüniň originaly.
Minnetdar.

0
3 Nurdan  
100
"Gahar zalym. Ogla bir şarpyk çaldym,
Horkuldap aglady, duymadyk boldum.
Şol pursat yüreğimi diñlăn bolsadyñ
Men senden beterrăk aglapdym oğlum.."
Kerim Gurbannepesow.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]