15:42

Sen diňe umyt et, umyt et / oýlanma

Düýşleriň agramy bilen açylmagy kyn bolan gözlerimi yene bir täze güne açdym,… “şu gün bir gijä galman, awtobusa yetişerin” diyip umyt etdim… hemişeki endigie görä, ilki bilen balkonyň gapysyny açdym we tämiz howadan öýkenimi doldurdym… öýden çykanymda, täze dogan günün ilkinji şöhleleri yüzümi sypady. Çalasynlyk bilen duralga tarap ýörap ugradym. Yzy üzülmän geçyän maşynlaryň arasyndan ýoly kesip geçäymek hyllallady. Maşynlaryň azalmagyna garaşyp, yoluň gyrasynda ayak çekdim. Sary eşikli bir zenan maşgala yoluň gyrasyny süpürip yördi. Eşigi ünsümi çekdi. Meniň özüne seredyänimden bihabar işi bilen başagaý, asfalt jayryklarynyň arasyndan çigit gabyklaryny çykarjak bolup, sübsesini gaharly-gaharly bulaýardy. Özüne gönükdirilen bakyşlary duýan borly, işini goydu-da, birdenka maňa seretdi. Gözüm gözüne düşdi welin, ogurlykda tutulan yaly boldum. Akja yaglyk bilen ýüzüni pugta sarapdyr, diňe gür kirpikleriniň arasyndan ýaşajyk gyz maşgalanyň garaja gözleri görnüp dur. Bakyşlary täsindi…hatda geňdi. Hamana, men oňa degişli bir zadyny elinden alan ýaly gaharly seretdi. Näme üçindir bilemok, bolşumdan utandym. Müýnli ýaly aljyrap ýüzümi sowdum, ayakgabymyň ökjesiniň çykaryan sesinden utandym, üstümden gelýän atyryň ysyndan utandym... umuman, özümden utandym. Şahyryň sözleri ýadyma düşdi: “Käwagt bagtly adam, bagtsyz adamyň yanynda öz bagtyndanam utanar eken” .  Ýüregim awady. Elleri gabarypdyr, sowukdan bolsa gerek, tor-tor bolupdyr. Tomusda günüň aşagynda köp işleýän borly, eşikleriniň gerşi solupdyr. “Allajan, şu bendäňem ryzkyny artdyrawer özüň” diyip içimden dileg etdim. Maşynlaryň kerweni geçip gutarandyr diyen umyt bilen çep tarapa seredenim şoldy welin, soňky model akja maşyn tizligini peseltdi-de, deňimize yetende, öňünde oturan geynüwli yaş ýigit boşan içgi gabyny “şunam alaý-da” diýip oklap geçdi. Beýnimde ýyldyrym çakan yaly boldy. Çalt gaharlanyan gylygymyň miwesi bolsa gerek, yzyndan yetip, shol süwümsiziň ýakasyndan tutup, gaby özüne aldyrasym geldi. Nadan! Gaharyma süňňüm titreýärdi. Ol oglanyň kemsideni az yaly, men hem zyňylan gaby alyşyna şayat bolup, beter kemsitmäyin diyip, yolumy dowam etdim. Ol gyzdan uzaklaşsam-da, ol baradaky pikir menden uzaklaşanokdy. Ol hem yaşajyk gyz, onuňam öz arzuw-hyyallary bardyr. Deň-duşundan kem galasy gelenokdyr. Irden geynipjik okuwa gidesi gelýändir. Ýüzüni saraman, arkayyn gezip biljek işinde işläsi gelýändir. Men bolsa biderek zatlar üçin näşükürlik edýärin. “Umyt et, uyam, umyt et. Bagtly geljegiň daşda däldir. Garaňky gije gara garynjany görüp, ryzkyny beren, seni-de unutmaz. Sen diňe umyt et. Eliňden bar zadyňy alsalar hem, umydyňy hiç kim alyp bilmez” diyip içimi gürledip duralga yetenimi bilman galdym. Duralga boş. Adam-gara yok. …. Ufff. Içigaragalmyş, yene yetişmedim awtobusa. “bolya-la, belki başlygyň ozi hem giç geler” diýen umyt bilen soňraky gelen awtobusa mündüm-de, boş yerleriň birine geçip oturdym. Gözüme dolan ýaşlary yolagçylaryň görmezligi uçin penjireden daşaryny synlaýan kişi boldum. Beynimde “sen diňe umyt et, umyt et” diyen pikir gaytalanyp durdy. “öňi-soňy hiç kimin hakynyň iyilmejek güni geler bir gün, seňkem essesi bilen berler, uýam” diyip, menem oz yanymdan umyt etdim… we muňa çyn yürekden ynanýardym. Akmaga tayyar bolup, titreşip duran gözyaşlarym bolsa, hemişekisi yaly dönüklik edip, ýaňaklarymdan süzüldi…

Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 419 | Добавил: Pessimist | Теги: Azat Haýydow | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
2
1 Gurban  
24
Umyt edeniň bilen bolaýýamy eh.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]