16:51 "Sen gyýylma ykbalyma, eje jan" | |
***
Sen gyýylma ykbalyma, eje jan, Dilgir-dilgir bakma gara gijäme. Gurban men bir kile nabada biten Göwnüňe hem gubar tutan didäňe. Hoşlaşmaly boldy harplygym bilen, Şol günler hüwdiň deý oňatdy weli, Dulugma doňduryp şarpygy bilen, Durmuş çagalykdan oýatdy meni. Gögüň ýyldyzlaryn soraýan günlem Ýitdi galdy hol aňyrda öwrümden. Indi soňsuz sowallarym ýok meniň Hem gorkamok ertekileň döwünden. Gorkýan ýüregimde galpyldy bolup, Duýgyň köňle çökjek pajygasyndan. Sowuk, soluk, ýowuz, öt aýralygyň Bagtyň nämedigni ýatlatjagyndan. Goý meni ýüregmi ýakaýyn, eje, Menden soň-soňlaram oňa kän kişi Göwnün goýsa, köňlün çoýsa, şahyryň Şondan uly näme bagty barmyşyn?! Täleýiň deý jaýryk-jaýryk hem gaty Ýetirme maňlaýňa gamly aýaňy. Eje, umytlarmyň sakçysy sen, hem Dünýäň meni söýen ýalňyz aýaly. Gurbandurdy ORAZOW #«Hijran Halkasy» kitabyndan 9-nji goşgy | |
|
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |