22:16 Sogaply iş | |
Hassanyň halyny soramagyň sogap işdigini her kes bilýär. Menem bilýän.
Hommy kakamyň Merkezi keselhanada aýratyn alada bilen esewan edilýän bölümde keselli ýatandygyny eşdenime esli wagt bolandyr. „Ýagdaýy gowy dälmiş“ diýen habar ikinji gezek gulagyma degende, gijä galaýmaýyn diýip ýola düşdüm. Onuň ýatan otagyna hassa ýakyny goýberilmeýän bolsa nätjek! Ýöne men ýol sýküp ýörite gelenimden soň, ikinji gezek geljegimem gümana bolany sebäpli, hassany görmän gitmejegim çyn. Bäş minutlyk rugsat aldym. Maňa bir minudam ýeterlik-le. Erteki aýdyşmak derdimiz ýok onuň bilen... Hommy kakamyz juda uzaklara uçmaga taýýarlanýan ýaly elini-aýagyny ýatagyna mazaly bagladan eken. Kosmonawtlaryňky ýaly dem almak üçin agzyna geýdirilen zatdan bäş günlik piljagazyň holtumy ýogyn turbanyä gaýdýanyny görenimde, tüýs wagtynda gelendigime begendim. Hassanyň baş ujuna ýakynlaşyp: --Hommy kaka,halyň niçik? Nähili, sagalýarmysyň? – diýip, gaty ses bilen aýtdym. Hassadan bada ses-seda çykmady. Soňra ýuwka ýorganyň aşagyndaky garny bir galyp, bir peselip ugrady. Ýalpa açylan gözleri peträp, ýüzüne gök reňk çaüyldy. Ol ýerinden galmaga synanyşylýan hereketleri etmäge başlady, elini-aýagyny boşatmaga çalyşdy. Özem maňa bir zatlar diýjek bolup azara galýandygy görnüp dur. „Bendäniň çagalaryna dagy sargydy barmydyka?“ diýip içimi gepletdim. Kömek edäýseňem boljak welin, onuň düzgüne laýyk gelip-gelmeýänini men näbleşin.Ýagşylyk etjek bolup, ýamanlyga sebäp bolaýmaýyn. Urnup ýatyşyna gýrgüsi ýaman ahyry sag elini daňydan sypdyrdy. Şol bada agzyndaky dem algyjy sypyryp zyňdy-da, aýylganç ses bilen: --Düş yşlangaň üstünden, häý, seniň bir... – diýip gygyrdy. Men eneden bolup, beýle berk sözleri heniz eşidip görmändim. Asyl men onuň dem alýan rezin turbasynyň üstünde duran bolsam nätjek! ...Hudaýa şükür, bu gezek Hommy kakamyz keselhanadan sag-salamat çykdy. Orazguly Annaýew. | |
|
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||