03:12 Süleýman patyşa hem ikatýok hakynda hekaýat | |
Süleýman patyşa hem ikatýok hakynda hekaýat
Süleýman şa oýananda ir bilen, Dürli guşlar onuñ ýanyna gelen. Guşlañ dili hökümdara aýanmyş, Oñ başga-da artyk tarapy känmiş. Eger-de ýürekler bolanda ýakyn, Düşünişmek düşenogam beýle kyn. Kalplar bir-birine bolanda bendi, Arkaýyn düşünişer türk bilen hindi. Ýürekleñ urgusy çapraz bolanda, Düşünişmez öz dogany bilen-de. Yns-jyns goýjak bolsa bir-bire gadyr, Esasy zat - ýürek ýakynlygydyr. Şoñ üçinem, guşlar dost-dogan deýin, Patyşañ ýanyna barýar arkaýyn. Guşlaryñ her biri şanyñ öñünde Öz başarnygyny magtap öwündi. Ahyr Ikatýogyñ gezegi geldi: "Meniñ duýgurlygym bar kişä belli. Zeminiñ teýinde nirde suw baryn, Bulañ arasynda bir men bilýärin. Uçaýyn ha pesden, ha-da belentden, Ýerasty suwlara diýseñ belet men. Sen çöle çykañda ýa-da ýörişde, Halasgäriñ borun göýä perişde". Süleýman seslendi: "Bu örän gowy, Tapyp bilýän bolsañ tenekar suwy, bizden asla hyzmatyñy gaýgyrma, Çöle çyksak, ýanymyzdan aýrylma. Gara Gargañ iç köýüp bu hala, Gagyldady: "Şahym, gurýar ol hile. Bolýan bolsa beýle duýgur, üşükli, Oñ çirtmege düşmejegi düşnükli. Başarsa-da öwnüp, bogaz ýyrtmagy, Saýgaranok ýerde gurlan çirtmegi!" Bu sözleri eşdip, oýa batdy şa: "Olam beýlekiler ýaly bir guş-a. Ýalan bolup barýar çyndyr öýdenim..." Diýip, makullady Gargañ aýdanyn. Ikatýok duýup öz agyr ýagdaýyn, Diýdi: "Şahym, saña bir zat aýdaýyn. Pähim et-de, düşün şeýle bir zada: Sözden gudratly zat ýokdur dünýäde. Çyn dostuñ agzyndan çyksa ol eger, Ýalan däldir, gulak asanña deger. Görüplikden Gargañ içi çürüşdi, Aramyzy bozmañ kül-külüne düşdi. Onuñ ýalan gagyldysyn diñläniñ Bela duçar boljagyny bilýärin. Onsoñam, bir men däl, gezek-gezegne Düşýäris barymyz pelek duzagna. Berlenok hiç kime ebedi ömür, Saýgaranyñ, saýgarmanyñ bary bir..." | |
|
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |