13:33 Süleýman Tekäýewiñ goşgulary | |
• Şygyr diwany
Ajap waspnamasy gadym taryhyň, Beýik Magtymgulyň şygyr diwany. Şahyr ýüregimden etjek tarypyň, Ussadym Pyragy şygyr diwanyň. Hakykaty diňleýän köp söýende, Ýoluňy ýöräber ýagşa söýende, Hazynasy Türkmen agaň öýünde, Beýik Magtymgulyň şygyr diwany. Iki dünýedende bize söz açyp, Gelipdir dillerden dillere geçip, Ýitmez hakydadan gitmändir öçüp, Beýik Magtymgulyň şygyr diwany. Aglap geldik aglap gidýäs pelekden, Akly zyýat güýçli müň bir bilekden, Wyjdanyňy geçiripdur elekden, Beýik Magtymgulyň şygyr diwany. Ata babalaryň namysy ary, Pyragy diýdimi gutardy bary, Milli mirasymyz asyrlar sary, Beýik Magtymgulyň şygyr diwany. Aýdym edip dilden düşürmez bagşy, Sungatyňam gadry bilinse ýagşy, Ýürege oýulyp çekipdir nagşy, Beýik Magtymgulyň şygyr diwany. Bu gün begenjinden ýaşarýa gözler, Jennet mekan boldy bu dagy düzler, Ussadym taryplap gutarmaz sözler, Bize miras goýan şygyr diwanyň. • Jenneti gözleýän adam (Tymsal) Rowaýata görä öňem bir adam, Jenneti gözläpdir ýagty dünýäden. Haka berjaý edip parzy sünneti, Görkez diýýär maňa ýerde jenneti. Beýnisinde dürli soraglar dola, Ýol şaýyny tutup düşüpdir ýola. Sabr edip kän ýeri aýlanyp çykýar, Baglary daglary düzleri sökýär. Beýni dolan diýip iç için iýýär, Ýüregi darykma taparsyň diýýär. Oň ýüzüne gülüp bakmandyr bagt, Ýüwürik şemaldeý geçipdir wagt. Hiç ýerde ýüregi duşman huzura, Garaz şeýde şeýde galýar azara. Jenneti gözleýip tapman hiç ýerde, Şol arzuwçyl adam galypdyr derde. Ahyry öýlerne dolanyp gelýär, Çagalarny guçup şatlanýar gülýär. Durmuşda söýegim hemde baş galam, Jennetim siz ýer ýüzünde maşgalam. Aýdýan sözlerimde ýokdur hiç galat, Siz bilen ýüregim ynjalar rahat. Ýollar sökdüm ençe behişdi gözläp, Taňrym söýgiňizde goýupdyr gizläp. Adam elindäkiň gadryn bilmeýär, Başa iş düşmese toba gelmeýär. Maşgala ajap bagt iň uly baýlyk, Bizem şol baýlyga bolaýlyň laýyk. • Galdy Gara gözlerine gurban boldugym, Bilýäňmi kalbymda arman boldugyň, Uçjakmen söýýän diýp perman berdigiň, Munda saňa söýgüm duýaýmak galdy. Nije ýyldyr yzlaryňda men geda, Sora şirin janym edeýin pida, Söýýän diýsem senden çykmaz ses seda, Saňa näme söýýän diýäýmek galdy. Kürekledim yşk deňziniň gaýgyny, Uçran derdim şatlykmyýa gaýgymy, Saňa bersem kalbymdaky söýgümi, Ýüregiň töründe goýaýmak galdy. Jadylaýjy gözelligňe maýyl men, Kowsaňda ýar yzlaryňda saýyl men, Aýt şertiňi ähli zada kaýyl men, Wagt boldy saňa söýäýmek galdy. Ahyr aýtdyň maňa söýýän sözüni, Razy diýip güldüripdiň gözüňi, Ömür ýoldaş edip maňa özüňi, Gelinlik lybasyn geýäýmek galdy. Söýgi syrly bolsa ömri uzalar, Ýalňyşlyklar wagt bilen düzeler, Bagtymyz taryplap aýdym düzüler, Bize şol söýgüni aýaýmak galdy. • Haýran men Goýman yzlamaň kemin, Tapdym derdimiň emin, Ýürekde söýgi şemin, Ýakdyranňa haýran men! Nur ýagylar ýüzüňden, Kän çekindim özüňden, Göz aýyrman yzyňdan, Bakdyranňa haýran men! Serhoş etdiň bu serim, Ýazdym yşgyň eserin, Kalbyma yşk heserin, Ýakduranňa haýran men! Maňa näme diýseň diý, Ýöne welin derdim duý, Sap göwräňe sakçydeý, Sakduranňa haýran men! Ýüze sylyp ýüzüňi, Doga edip sözüňi, Söýseňde öz näziňi , Çekdirenňe haýran men! Arzuwlam düzüm düzüm, Sensiň bagt ýyldyzym, Ýüregimde ýyldyrym, Çakdyranňa haýran men! Yşgyňda örk damarym, Söýsem neneň dymaryn, Söýgüň bagt tumaryn, Dakdyranňa haýran men! • Söýdüreýin men Bolýar, a gyz, meni söýsemeň söýme, Ýöne haýyş seni söýemok diýme. Ýazgydymda bardyr yşgyňda köýme, Nädip özüm özgä söýdüreýin men. Aýly gijelermi ukusyz goýup, Senli arzuwlara bilmedim doýup, Meni söýmeseňde bir seni söýüp, Öz özümi oda köýdürerin men. Bir gezek ahwalym saldyňmy ýada, Yşgyň ýakyp barýa ýetişäý dada, Söýmen sözleň hyruç salýar bu oda, Ony nädip saňa duýduraýyn men. Goý yşgyňda näziň meni örtesin, Kim bilipdir yşgy günleň ertesin, Razy diýäý saňa bagt kürtesin, Öz ellerim bilen geýdireýin men. Nämä bakýaň eger meni söýmeseň! At başyň söýgüň bagt öýmesin, Aýt kalbyma ýalňyz seni söýmesin, Nähili güýç bilen goýduraýyn men. Dönmen yza alyp gaçaý özüňi, Çekeýin men seniň soňsuz näziňi, Bagtly gün saňa söýýän sözüni, Öz dilleriň bilen diýdirerin men. Tarypyňy dessan eder galamym, Ölçerme gyz ýüregimiň alawyn, Toý tutaly saňa nika palawyn, Bişiripjik özüm iýdireýin men. • Saglyk gerek Saglykdyr sözleriň başy, Ol ýaşaýşyň göwher gaşy, Allam berse ýüzläp ýaşy, Ýaşamaga saglyk gerek. Dert egsilmez derdinenňe, Umyt bardyr her demiňde, Ýazgyt ýükün gerdeniňde, Daşamaga saglyk gerek. Saglyk bolsa bolmaz gussa, Saglyk gadryn biler hassa, Şatlyk paýlap desse-desse, Ýaşlanmaga saglyk gerek. Söýgä besläp ömürleri , Çöz aradan düwünleri, Açyp birdem göwünleri, Hoşlamaga saglyk gerek. Goý bolmasyn şöhrat şanyň, Baýlygyňdyr sagat janyň, Gazanmaga halal nanyň, Işlemäge saglyk gerek. Dert ýyksada içden daşdan, Doýma ýokdur bu durmuşdan, Barysyny ýene başdan, Başlamaga saglyk gerek. • Aňlasaň sen aňlarsyň Käbäm enem küýsegläp çapyp geldim ýanyňa, Bilmedim bir harasat kürsäp girdi janyma, Ýüpsüz baglandym öýtýän bir gara göz hanyma, Belki ýüzleriň güler belki gyýlyp aglarsyň. Kimse meni aňlamaz aňlasaň sen aňlarsyň. Gözleriňi gördümmi gözlerine bakamda, Şol ajap gözler dälmi bu ataşy ýakanda, Güýledi gitdi meni göýberenok ýakamdan, Belki düýşime girip ýarym göwnüm awlarsyň. Kimse meni aňlamaz aňlasaň sen aňlarsyň. Bu garaňky dünýäme nurly ýüzi şem oldy, Ýylgyryşy gülüşi telbe jana em oldy, Dünýäň ähli barlygy bir gözlände jem oldy, Kalbyma sen düşünýäň syrly söýgüm oňlarsyň. Kimse meni aňlamaz aňlasaň sen aňlarsyň. Tanaýaňa ogluňy zandymda bar ýygralyk, Derdimi içe ata gidip barýan ýygralyp, Ýansam yşga ýanaýyn bir diwana öwrülip, Söýgüm aýdyp şol gyza menem dertden ýeňläýsem. Kimse meni aňlamaz aňlasaň sen aňlarsyň. Ýada owal ahyrda garamydy bagt bijäm, Diňe ýagşy dilegde geçirýän gündiz gijäm, Ýenede dertleşmäge gelerin men jan ejem, Aýp etme ogluňdan kä gaşyňda aglaýsam. Kimse meni aňlamaz aňlasaň sen aňlarsyň. • Unudyp ýörün Barysy bir günde gutardy birden, Dowam etdirmeli öňkije ýerden, Ýatlamaň baryn öçürip serden, Başardykça seni unudyp ýörün. Şunça söýgi ýeke demde soňlandy, Gulagymda şat gülkileň ýaňlandy, Çekýän derdim ne özgäge aňlandy, Ýalňyz gara bagrym gan edip ýörün. Kino dälä söýgi gutarar ýaly, Bir günde ýok bolup ýitirer ýaly, Yşk bir müdümi zat ertirler ýaly, Seniňde gulagňy şaňladyp ýörün. Düzetmäge maý bermediň arany, Ondan soňam görkezmediň garaňy, Herdem ýatlap ýene köne ýaramy, Öz ellerim bilen bilen ganadyp ýörün. Sen oňjak ekeniň durmuşda mensiz, Ýalňyzlykda menem kösendim çensiz, Ýer gök arasynda ýüreksiz sensiz, Menem ýaşamaga jan edip ýörün. • Oýandyrma guş Joşa joşa goşgy ýazýan ýaryma, Bir guşjagaz uçup geldi ýanyma, Aram girsin onuň ýadaw janyna, Senden haýyşymy görmegin ýokuş. Ýarym uklap ýatyr oýandyrma guş. Alladan söýgüme ömür diläýin, Bir birekden aýyrmasyn ylaýym, Humaý gözlim uklap ýatyr mylaýym, Belki men hakynda görýändir ol düýş. Saýrama söwdügim oýandyrma guş. Sümbül saçlaryna ýassanyp ýatmyş, Arzuw hyýallaryň kölüne batmyş, Gijäniň ukusyn sähere gatmyş, Yşgyň hasratyndan bolupdyr beýhuş. Saýrama söwdügim oýandyrma guş. Ýa seňem kalbyňda barmydy gussaň, Şoň üçin saýraplar edýärmiň dessan, Arzuwna gowşarmyş ýürekden islän, Bilýän bu ýollarda senem bir derwüş. Saýrama söwdügim oýandyrma guş. Ynha ukusyndan oýanar ýarym, Ol bolmasa menem bir göwni ýarym, Şoň üçin herdaýym goraglap ýörün, Men seniň adyňa okaýyn alkyş. Saýrama söwdügim oýandyrma guş. • Razy diýsene Atyr gül ysyny giň dünýä seçmiş, Jady gözleň kalbyň işigin açmyş, Ýürek bir sözüňe intizar geçmiş, Razy diýäý gülüm söýýän diýsene. Garamyk gözleňden ýyldyzlar öper, Aşyklar yşgyňda dyzyny eper, Bir bakyp kalbyma ýetirdiň zeper, Razy diýäý gülüm söýýän diýsene. Nije ýyl yzyňda boldumla saýyl, Aý deý jemalyňa eýlediň maýyl, Sen näme diýseňem men şoňa kaýyl, Razy diýäý gülüm söýýän diýsene. Söýgümi hak bilgin etmegin oýun, Ahyr aýtmaklygyň tapdym men maýyn, Zöhräň Tahyryna diýişi deýin, Razy diýäý gülüm söýýän diýsene. Ýyldyzlary aýagyň alyna dökjek, Bagtymyzy gözläp dünýäni sökjek, Seni söýýän diýip dyzyňa çökjek, Razy diýäý gülüm söýýän diýsene. Bir sözüňe dünýe malym berjek men, Telbe deý elewräp elim serjek men, Ömür taýyň boljak söýen gerçek men, Razy diýäý gülüm söýýän diýsene. • Ýazylyp gitdi Sensizlik niçiksi degýäle agyr, Yşk ýüki gerdenmi edensoň ýagyr, Ylgaplar barjak men gerekläp çagyr, Ýürek ýalňyzlykdan ezilip gitdi. Ýüregimde söýýän diýenje andym, Seni oýlap arzuw atyna mündüm, Geçmesi kynlaşdy sekundyň mindiň, Wagt kerwenniň yzy uzalyp gitdi. Küýsemek duýgusy girensoň güýje, Ukusyn terk etdi asuda gije, Ýatlamajak bolup urundym nije, Gözlerimden ýaşlar süzülip gitdi. Ýalňyzlygam gurşap aldy goýnuna, Men haýranam yşk söýgüniň oýnuna, Jennet ysy gelen ap ak boýnuňa, Ýyldyzlardan monjuk düzülip gitdi. Ýarym gelip bir derdimden gutardyň, Täze arzuw isleglere iterdiň, Seniň bilen gol tutuşyp oturdym, Dert ýumagy birden çözülip gitdi. Sen bolsaň yşk dünýäm şeýle parahat, Ýüregim ynjalyp uklaýan rahat, Ýokdur sözlerimde birjik gabahat, Tarypyňa namam ýazylyp gitdi. Süleýman TEKÄÝEW. | |
|
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |