11:37

Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy - Didem Madak

Категория: Şygryýet melekleri | Просмотров: 297 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Didem Madak | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Şygryýet melekleri bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 mango  
651
Synanyşaýyn…. Ýöne türkler düşnüksiz, syrly sözlemler guryberýäler…

0
2 mango  
651
IRISIŇ ÖLÜMI

köne bir plastinka ýaly bu gün
kalbymy agdar-düňder öwürdim

käbir aýdymlar bardyr
pikir etdi:r şabyrdap ýagýan ýagyşy
hem uzaklarda dowam edýän sary plaşly durmuşy
deňiz käte özüni ýanýoda urar
şonda kiçijek leňňeje bakýan
ynsanlaryň aýdymy bolardy ol aýdymyň ady
käşgä adym iris bolsady
käşgä adym aňlatsady herkime
sary plaşly ylgap barýan durmuşy

käbir aýdymlar bardyr
ellerim ulalar, bir geňsi bolar
ine, şol ellerim bilen herkime
palçykly goşgular uzatsadym
her kim hapa bolsady, eý Taňrym

käbir aýdymlar bardyr
pikir etdi:r a:l agşamyň zowky-sapasyny
täk tümlügin kalbynda, gozgamagy derdini
köýnekleri keşdeli goňşy aýallaryň gürrüňlerini
gijäni bag içine äkiderdi olar
men nä zaman ölerin, Taňrym
ir ertirmi?
käşgä bir az wagty ýüpek ýaglyga dolap saklasadym
ulalýan, gitdigiçe ulalýan daragt ýaly
ady sebäpsiz ýere iris bolan bir daragt ýaly
dursam bu otagyň ortarasynda
sagat minaralary dökülerdi şahalarymdan, eý Taňrym
indi ynanmaýaryn sary ýapraklaryň ölüdigine

käbir aýdymlar bardyr
pikir etdi:r ganatlary ýagyş-ýagmyrly kebelegi
gyrmyzy bir çakmak ýaly keýpli ölmek bolardy
ol aýdymyň ady
yzynda diňe çyg çeken çilim galdyrmagyň gynanjy
käşgä adym iris bolsady
käşgä adymyň bir manysy bolmasady

herkim çykarsyn kalbyny
o pis şaý-sep sandygyndan
hem herkim ony bir-birine zyňsyn, Taňrym.

Didem Madak

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]