14:06 Tämizlik / şahyrana oýlanma | |
TÄMIZLIK
Meniň ýüregimiň sesine öwrülen hatlarym indi saňa niýetlenmez. Goý, baharyň siňňitli ýagýan ýagşynyň penjiräniň aýnasynda çalýan sazynyň astynda ýazýan her bir setirim, her bir sözüm sen barada bolubersin, şonda-da sen ol sözleriň bir döwürler kagyza geçirilenindenem bihabar galarsyň. Belki, sen bu hatdaky sansyz sowallaryň kime niýetlenendigi barada sorarsyň. Ýöne ol sowalyňam jogabynyň bolaryndan bolmazy ýakyn. Sebäbi haçandyr bir gün gulpsuz sandygymyň agzyny açaga-da: «Gel, seret, kalbymda goýup giden yzlaryňdan neneňsi keşdeler düzüldi, synlap bir gid-ä» diýip, seniň hiç-haçan gelmejek ýoluňa garap, gygyrmajagyma özümä ynanýan. Aslynda, men seni haçanlar tapyp, haçanlar ýitirip ýetişdimkäm?! Ýok, «ýitirmek» sözi meň ýüregime agram salýar, gowusy başgarak bir söz tapaýyn. Goý, ol jydalyk bilen asla çalymdaş bolmasyn. Ol senli ýatlamalarymyň ählisi ýaly, gaýgy-gussadan sap bolsun. Men asla seniň dünýäňe ilki gadam uran pursadymdan bäri golaýyma diňe göwün galkyndyryjy pikirleri, duýgulary getirmäge çalyşdym. Şol şatlyga, göwnühoşluga seniň bir pursatlyk gelip goşulmajagyňa gözüm ýetip duranam bolsa şeýtdim. Seniň şoňa goşularyňy näler isleýän hem bolsam, saňa näçeler gara şandygyma garamazdan, göwnüçökgünligi golaýyma getirmedim. Diňe seniň tämiz, kir-kimirsiz dünýäňe gaýybana şäriklikden alýan lezzetime kaýyllyk meniň melhemdarym boldy. Onsoňam, seniň meniň howaýy meýlislerime gelip goşularyňa garaşara, bir pursat köňül köşgümi gonalga edinmändigiň üçin senden kine edere mende hiç-hili esas ýog-a. Kähalat, jogapsyz söýgimi nämedir bir zatlar bilen deňeşdirip görýän. Köplenjem, şular ýalyda edilişi ýaly, özümizi gaýykda barýan kürekçilere meňzedýän. Şonda hiç-haçanam bile kürek urup görmändigimize, diňe gezekgezegine, bir-birden kürekländigimize göz ýetirýän. Söýgi ummanynda dertazar ýol aşjak bolup, ysgyndan gaçan gollarym bilen kürek urup, gomlara gaýtawul berip barýandyryn, seniň bolsa gözleriň ho-ol alyslarda bir ýerlerde sergezdançylyk çekip ýörendir. Ahyrynam, ysgyndan gaçaryn. Gözlerimiň öňi ümezläp durka, seniň gelip, ellerimden kürekleri alanyňy duýaryn. Şondan soň arkaýynlaşaryn. Ýöne arzuwhyýallar şalygyndan bärligine ätläge-de, gözlerimi açanymda ýanymda-ha däl, asla golaý-goltumda saňa gözümiň düşmezligi meni ýenede adaty, sensiz durmuşyň akymlaryna salar goýberer. Pikirimiň dogrudygy-ýalňyşdygy barada kesgitli zat aýdyp biljek däl, ýöne meniňçe-hä söýgi hakyky söýgi bolanda, onuň golaýyna kinede, öýkede gelip bilmeli däl. Ol diňe süýjülikleri ýaran tutunmaly. Menem şeýdýän. Ýöne sen nirede bolsaňam, buýrabuýra saçlaryňa bir döwürler özüňden bidin gonjak ak garlaram, saba säherler ýüzüňi mähir bulagyna öwrülip sypajak sergin şemalam, üstüňe tümlükden tikilen ýapynjasyny ýapjak Aýly gijelerem, saňa sözleriň şirinden-şekerini saýlaplar serpaý etjek gözellerem söýgi ýo lunda meniň garşydaşlarym bolarlar. Sebäbi meniň ýüregimiň araçägi saňa bagly. Sen nirä gitseňem, meniň ýüregimden, kalbymdan daşlaşmarsyň… Gidiber, bagtyň nirededir öýtseň, şol ýollardan galma. Nirä gitseňem, söýgimiň şem bolup ýoluňa ýagty saljakdygyny welin unutma. Elbetde, sen muny bilmersiň, sebäbi ýürek owazymyň suraty bolan bu setirler seniň gözleriň üçin niýetlenen däl. Onsoňam, sen gözüň görüp durka-da, meniň söýgime düşünmediň ahyryn… …Haty ýazyp otyryn. Meniň bolşum ýaly, bahar gijesiniň ýagşam açylaryndan açylmazy ýakyn penjirämiziň aýnasyny irginsizlik bilen şool kakyp dur. Ýagşyň bolşy gözümiň öňüne ýene ýeke özümiň kürek urup oturyşymy getirýär. Ol penjiräniň açylmajagyny bilsede, yhlasyny gaýgyranok. Şool kakyp dur, kakyp dur. Ýöne munuň penjiräniňem, ýagşyňam halyna edýän täsiri ýok. Bu yhlas olara diňe tämizlik bagyş edýär. Ýagşyň halyna dözmän, ahyrsoňy, penjiräni açyp goýberdim. Içerik bahar gijesiniň tämiz howasy kürsäp girdi. Şol pursat şeýle tämizlikden paýymy alman, häliden bäri penjiräni ýapyp oturanyma ökündim. Öz ýanymdanam: «Ýagyş ertirden bäri «tyrk-tyrk» edip, maňa arassa dünýäniň lezzetinden paýymy almagy teklip eden bolaýmasyn» diýip pikir edýän. Bu pikir meniň häliden bäri soňlap bilmän oturan ýazgymyň ahyrky jümlelerini serime getirdi. Ýenede iş stolumyň başyna geçdim. Kagyzy öňüme süýşürip, galamymy elime aldym. Ýazgymyň dowamyna başladym: «Biz, köplenç öz ýüregimiziň gürsüldisini diňläp otyryşymyza, kalp gapymyzy kakýanlaryň tyrkyldysyny eşidemizok. Şonuň üçinem köp zady duşumyzdan geçirýäris. Biz bu barlyga köňül gözümizi giňden açyp bakmagy başaranymyzda, bagt ýoluny görüp bileris». Men ýazgyma nokat goýup, ýene-de penjiräniň öňüne geçdim. Şol pursat baharyň tämiz howasy bilen birlikde kalbyma ýüregimde ýaşadyp ýören päkize söýgimiň tämizligi-de aralaşan ýaly boldy. Bahar BÄŞIMOWA, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |