23:29 Törüñi dolduryp otyrka ejeñ! | |
TÖRÜÑI DOLDURYP OTYRKA EJEÑ!
Şowludyr ädimiñ, daş ýarar bagtyñ, Dileginden dertler sowular geçer. Düşün, bu dünýede iñ hezil wagtyñ, Törüñi dolduryp otyrka ejeñ! Mydam jan sözüni goşar adyña, Garramak, ulalmak düşmez ýadyña, Mundan başga näme gerek adama, Törüñi dolduryp otyrka ejeñ! Märekäñ mereke, toýuñ-toý bolar, Sanawda sanlysyñ, öýüñ-öý bolar, Ýeke özi müñ dostuña taý bolar, Törüñi dolduryp otyrka ejeñ! Alaja bag dokar, dilegidir ol, Goraglysyñ, galkan ýüregidir oñ, Hakyñ ýere gonan melegidir ol, Törüñi dolduryp otyrka ejeñ! Señ üçin ýaşaýar özünden ilki, Ýylgyrşyñ ýaz bolar, gülkiñem gülki, Şundan uly bagt ýokduram, belki, Törüñi dolduryp otyrka ejeñ! Ejeñ bar, gadamdan galmaýar dogum, Ejesiz gözleriñ uçguny öçer. Her ýaşda bolsañam, bal gyz, jan ogul, Törüñi dolduryp otursa ejeñ, Ömrüñi çolardyp gitmesin hijem, Dünýäñi dolduryp otursyn ejeñ! 19.05.2021 ý. 06:06. Gülşirin HANOWA. | |
|
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |