20:00 Wada | |
WADA
Sen meň üçin serhedi ýok giň Asman, Sen meň üçin barlygy şu jahanyň. Nirede bolsaňam, nirde bolsamam, Bagtly bolmagyňa sebäp taparyn! Sabryň serhedinde ýalňyzlyk dagy, Mümkin gelendiris ýoluň soňuna. Nirelerde galdy bagtyň gül çagy, Ykbalda hemme zat bolmaz oňuna. Sen bir erkana guş, ýollary aýdyň, Menem seniň durnaň, ganaty gyrlan. Goý, seni hemmeler iliňki saýsyn, Men seni hiç haçan, hiç kime bermen! *** Aýt, saňa nämeler bolýar, ýüregim, Sözlesene bu howsalaň nämeden?! Gorky diýlen howply dost ýalydyr, Ýüz berdikçe ýeňmekligi däp eder. Gel, ikimiz batyr bolup bileje, Ýeňledeli agyr derdini dünýäň. Sesiň goýma, pyşyrdaber çalaja, Ýogsa seň halyňa sessiz düşünýän. Entek beýik maksatlar bar uzakda, Ikimize ynam bilen bakýan kän. Pikirleriň, goý, goýmasyn duzakda, Ýürek kagyz bolsa ýyrtyp ýakýan kän. Ýukalanyň zyýany ýok birjik-de, Darykma, howsala seri sämeder. Esasy zat sen kirjikme, kirjikme, Sen ýüreksiň, goýup bolmaz täzeden. *** Men hemişe seňki borun ýürekde, Dem barka, gursagymda jan. Ýalançynyň synagyna seretmen, Çünki sen panymy çyn eden ynsan! Men hemişe seňki borun, ykbalda, Ýalbyrap Gün çyksa, aýlansa Aýym. Her saba dilegli bakyp Asmana, Dilärin bir bolsun nesibe paýym. Men hemişe seňki borun, gözlemde, Söýgi barka, duýgy barka, dirikäm. Sen hemişe meňki borsuň sözleňde, Iň ajaýyp zenanlaryň birikäm. Gülşirin HANOWA. | |
|
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |