19:29 Kenar | |
KENAR
Oýnar idik, ýar hünjüsi üzüldi, Uzdügim ýadyma düşüp aglaryn. (Halk aýdymyndan) Men ony ýaňadan dakaýyn boýna, Gel, kenara, hünjim ýene üzülsin. Köňül küýsegimi jogapsyz goýma, Gözler agydan däl, yşkdan süzülsin. Şol kenarda gojalykdan el çek-de, Aladaňdan sypa ýene «gaz boýny». Bol sen, meni Leýli eýlän ýigdekçe – Jennete öwrülsin «çynaryň» goýny. Aý ýene-de ak gädikden esetsin, Ýyldyzlaram öňküsi deý düzülsin. Tolkun ýene şirin-şirin ses etsin, Meň hünjimem, goý, täzeden üzülsin. Çöşlän saçlaň ygşyldasyn şemala, Bihuş etsin tarlarynyň owazy. Bu soňky duşuşyk bolsun hamala, Ýaşlygmyzyň gutarmadyk dowamy. *** Belki, biz görşendiris, belki, görşenem däldiris, Ahmal, düýşlerimiz meňzeşdir aşa. Şeýle bolsa baky uka gideýin, Senem düýşlerimde müdimi ýaşa! Belki, biz görşendiris, belki, görşenem däldiris, Hyýallaryň kybap bolmagam mümkin. Eger şeýle bolsa, onda nämüçin, Saňa ganat berýär hakyky gülkim?! Belki, biz görşendiris, belki, görşenem däldiris, Söýgi hem bagt üçin düwlen päldiris. Bu duýgular hyýal bolsa, düýş bolsa, Onda biz bu dünýä inen däldiris! Gülşirin HANOWA. | |
|
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||