11:22

Uçup barýan ak durna kitabyndan...

Категория: Goşgular | Просмотров: 882 | Добавил: Jeksparro | Теги: Gülşirin Hanowа | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Nokat / Goşgular - 28.01.2024
Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
«Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024
Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 261 2 »
0
1 Hyýalkeş  
752
"Watan men bir garlawajyñ
Nirä gitsem gaýdyp gerin"

Gaty gowy.Züleýha aýdymam edip aýdýar şuny.

"Söýmûşem seni"
goşgusy babatda aýtsam

"Misli Tahyr ol Zöhräni
Söýen dek söýmûşem seni"

(Magtymguly Pyragy)

Awtor şu goşgydan habarsyzmyka?Onuñ bu goşgusy göniden göni Pyragynyñ goşgusynyñ dowamy ýaly görünýär:
Adam atañ How enäni
Söýen dek söýmûşem seni.

Iñ bolmanda Pyragydan sitata bir getirmeli ekendä.Töwereginde biri aýtmadymyka bu Pyragyda bar diýip.Şu wagt programmadan gözledim welin söýmúşem seni goşgusyny tapmadym Pyragyñ.Men ýalñyşamok gerek,şeýle goşgusy bar gerek Magtymgulyñ.

Birem soñky goşgudaky soñky setire dûşünmedim:
"Roýuña zat töre gezmäge geldim"

Umuman goşgular gowy.Gülşirin Hanowañ galamy ýiti bolsun!Jeksparro sizede tañryýalkasyn ýetireniñiz üçin!

0
9 Revo  
484
Söýmüşem seni

Ýa Habyp, Hak resuly sen,
Çyn jandan söýmüşem seni,
Derwüşler gadyr gijesin
Söýen dek söýmüşem seni.

Eýleýip ser-u seýrany,
Keşt etsem külli Eýrany,
Misli Ybraýym Sarany
Söýen dek söýmüşem seni.

Ýakup ýurt etdi Kengany,
Ogludyr Müsür soltany,
Misli Ýusup Züleýhany
Söýen dek söýmüşen seni.

Ýalançyny tutdy ady,
Olardyr yşkyň binýady,
Mejnun Leýli perizady
Söýen dek söýmüşem seni.

Dildi daglaryň zirini,
Tapmaýan biri-birini,
Aşyk Perhat ol Şirini
Söýen dek söýmüşem seni.

Egdi meni dünýä maly,
Bolmady yşkym kemaly.
Seýpelmelek Mahjemaly
Söýen dek söýmüşem seni.

Basdy muhubbet nyşany,
Keşt eýledim çar köşäni,
Ýemende Warka Gülşany
Söýen dek söýmüşem seni.

Gitdi elden ygtyýary,
Galmady sabr-u karary,
Aşyk Nowruz, Gül-Ferhary
Söýen dek söýmüşem seni.

Bir gün ýolukdylar Hyzra,
Durdular nyýaza, nezre,
Bir-birini Wamyk, Uzra
Söýen dek söýmüşem seni.

Gezdiler Rumuň düzüni,
Berdiler Hakyň karzyny,
Arzyda Ganbar Arzyny
Söýen dek söýmüşem seni.

Tutmady dar dünýäni,
Galmady ýary-ýarany,
Misli ol Tahyr-Zöhräni
Söýen dek söýmüşem seni.

Bu dünýä goýupdyr kimi,
Hoş tutuň bäş günlük demi,
Aşyk Garyp Şasenemi,
Söýen dek söýmüşem seni.

Magtymguly, dünýä pany,
Ötüpdir Rüstemler, kany?
Aý, Gün-u Zemin, asmany
Söýen dek söýmüşem seni.

Magtymguly Pyragy.

0
2 atayewabagul83  
688
Ol öndenem bar garlawaçlaryñ höwurtge guran yerine dolanyandygy öñem bar, yöne näme aydybermeli öñ bar zatlary, önden bilmeyäne bir täsir eder diyip. Yöne täsiri bir original başaryar. Galany gury özüňi aldamak

0
3 Jeksparro  
405
Mowzuga çala üýtgeşmeler girizip, täze goşgularam goşdum. Aý näme eliňe kitaby düşensoň, ilki 10 goşgusyny paýlaşaýyn diýdim. Soň okap otursaň eliňden kitap düşüresiň gelýärmi diýsene päheý-de walla.
Onnoň bir goşgyny okap munam göçüreýin, onam okap onam göçüreýin diýip saýlaşdyryp alyşdyrdym goşgulary...

0
4 Елена_Прекрасная  
462
Cyndanam Da Winci düýşüne giren bolsa, başga hudozhnik yadyna da düşen däldir . Näme ücin dana yetmän gitmek isledikä? Mono liza däldigi üçinmi? Kyndyr Mono Liza bolup arassa yylgyrşy bagyşlamak. Hawa da, yokarda da belleyşim yaly, diñe yekeje original bar, galanlary kopiya

0
23 Selbii  
386
Onno bizimkile sennen ögrenendir kopyalamagy baguljon

0
5 Елена_Прекрасная  
462
Yekeje Da Winçi ýekeje deMono Liza. Galanlaryna megerem düýş edip oýnamak düşýän bolaymasa

0
6 Hyýalkeş  
752
Hemmesini özüñiz göçürdiñizmi?Berekella!Her gezek az-azdan göçûrseñiz,tutuş kitabam göçûrersiñiz.Menem haçandan bäri Seýitmyrat Geldiýewiñ "Ylham perişdesi"goşgusyny gowy görüp şu saýtda paýlaşaýsam diýip göçûrmäge ýaltanyp ýördüm.Nesibeli güni bardyrda diýmeseñ.Siziñ işeññirligiñizden ylham alyp menem şony bir ýan ýûzli edip bilmezmikäm?!

0
7 mango  
651
diňe "portet"-i hakynda iki agyz.
Gülşirin hanym hudožnigiň surat çekende galam bilen ölçeg alýandygyny bilse-de gutarmadyk işini çarçuwa (rama) salmaýandygyny bilmiýen eken.

Hut meň üçin niýetlenen kendiri,
Ykjamlap çarçuwaň içine saldy.

çarçuwa diňe tamamlanan iş salynýar.
diňe tamamlanan kartinany ramkalaýarlar.
----

Meni çekip Mono Lizaň ýerine,
Leonardo Da Winçi düýşüme girdi.

Prekrasnaýa hanym original-kopiýa diýip pikirini aýtsa-da düýş diýlen syrly hadysada göreniňi original ýa kopiýa diýip bolmaz. oňa diňe düýş diýäeli.
düýşde-de mikelan-janam, da winçinem görüp bolar.... islemek gerek....
ýöne, leonardaň düýşe gireni gowy welin, "Mono Lizaň ýerine" Gülşirin hanymyň suratyny çekmesi geňräk....
belki "Meni otyryn Mono Lizaň ýerinde," diýen ýalyrak aýtmaly eken diýesim gelip dur.
umuman-a erbet däl.
osoňam, her kimi diňläbem durmaly däldir...
üstünlikler.

0
8 Jeksparro  
405
@Елена_Прекрасная, paýlaşyň, haýry doga gazanarsyňyz...

0
10 Hyýalkeş  
752
Ha.Sagboluñ Revo.Şu wagt programmadan tapman ýördüm şu goşguny

0
11 Revo  
484
ok,

0
12 eatayew33  
761
Şu "Söýmüşem seni" goşgyň Magtymgulyňkydyna güwä geçip biljek adam barmyka?

0
14 Revo  
484
Ewrika, ýatyp - ýatyp atýanlaram çykdy, diýseň - diýmeseň dokuzynjy mart öz täsirini ýetirýän bolmalyda...

0
17 eatayew33  
761
9-nhy maý diýjek bolduňmykaň?

0
13 eatayew33  
761
Meni ilki bilen geň galdyrýan zat, awtor goşgyň başynda "hak resulyna" ýüzlenip, oňa söýgüsini bildirýär, ýöne Pygamberi hemem erkek kişini zenan maşgalany söýşüň ýaly söýüp bolýarmyka? Gülşiriniň goşgusynda şeýdip watanam şöýüp bolýan eken.

0
16 Елена_Прекрасная  
462
Hawa, maña da geñ şu. Arada biri G. Begenjowanyn goşgusyny paýlaşdy. Goşguda gyzy men pylanmy pylanmy diyip soraýar welin, zenan bir erkekden sorayan ýaly duygy bilen okaýarsyñ. Iñ soñunda bolsa ol öz kakasyndan sorayan bolup cykyar. Ya yene biri seni söyyän diyip birtopar zat samrayar welin bir erkegin adyny aytjakdyr öýdýärsiñ, ol bolsa watan ülke diyar bolup cykayyar. Tendensiya şu. Ýöne muña hiç kim ynananok, sebabi Watana yuzlenip yazan zadyñdan başga bir zadyñ ysy gelmeli däl

0
18 Елена_Прекрасная  
462
Ya yene biriniñ goşgusy bar. Howandarym diyyar, döşüñe başymy goýýan diyyar, in soñunda bolsa sen melek sen perişde diýyär. Birwagtky jypdyrmalary yatladyar. Etjegiñi edip gaýyp bolaymaly, perişde bolmaly ya yene bir abstrakt umumy bir zada öwrülmeli goy seniñ kimdigiñi bilmesinler. Hayran galaymaly, çyndanam şeydip aldap bolýandyr öýdyarmikaler?

0
24 Selbii  
386
Olara bilemok sena hayran hekgerdyan göçirmage birinjilik b.n

0
26 Елена_Прекрасная  
462
Selbii shka saña nämedir bir zat diyip jogap bermek sözüñ manysyny gaçyryar

0
19 Елена_Прекрасная  
462
Eger sen Watan hakda goşgy yazan bolsañ onda şol goşgudan Watana bolan söygi duýulmaly dälmi?

0
15 eatayew33  
761
Magtymgula "degişli" edilýän esere gelsek, onuň içinde agzalýan käbir dessan gahrymanlaryndan Magtymgulyň habarly bolany şübhelendirýär, çünki (biläýänlerim) iň bolmanda "Zöhre-Tahyr" bilen "Seýpelmelek-Methaljemal ("Mahjemal" däl) Magtymgulydan soň ýazylan bolmaly. Onsoňam, aslyýetinde Ýusubyň Züleýhany söýmän, gaýta ondan gaçyp gezeninden Magtymguly habarly bolandyr diýip pikir edýän (olaryň söýüşenligi diňe dessan wariýanty, taryhda welin — tersine).

0
20 Hyýalkeş  
752
Atayew,ilki ýazanyñyzy okap "Bu adam näme samraýar a.Iki adam Magtymgulyñky diýip otyrka ondan beter näme güwä gerekkä muña" diýip pikir etdim.Soñam bir ýerlerden uçup gelip Atajan Tagan huşyma girdi."Hä"diýdim.Meñ pikirimçe Magtymgulyñ döredijiligine degişli edilýän aglaba goşgularyñ şoña degişlidigine güwä geçip biljek adam ýok.Magtymguly türkmen edebiýatynda iñ köp jedelli şahyr.Ýaşy jedelli,maşgalasy jedelli,söýen gyzynyñ ady jedelli,gyza öýlenipmi,öýlänmänmi jedelli,döredijiligi jedelli.Mahlasy sanasañ sogaby bar.
Gyzy söýen ýaly söýüp bolarmy Allany,Pygamberi diýipsiñiz.
Osman Ödäýewiñ "Söýgi hakda bäş söhbet"kitabyny okaýan şu günlerde.Söýgiñ çuñ pelsepesine aralaşmak isleýänlere de maslahat berýän.Şonda ylahy söýgi - yşk hakynda söz açylýan ýerlerem bar.Ol ylahy söýginiñ ýagny yşgyñ Hala Hudaýa gönügen söýgi bolsun,hala ynsana erotizmden azat,juda çuñ manyly we ruhy hadysadygyny belläp geçýär.Şu jähetden seretseñ ä şahyryñky o diýen ýalñyşam däl ýaly.Belkem,ol bu söýgüleriñ ikisiniñem ylahy söýgi bolanlygy üçin şeýle deñeşdirmä mätäçlik duýandyr.

0
21 Hyýalkeş  
752
Seýpelmelek -Methaljemal we "Zöhre -Tahyr dessanlary barada.
Dessanlar öz gözbaşyny gadym döwûrlerden alyp gaýdýan halk döredijiliginiñ bir görnûşi.
Seýpelmelek-Methaljamalyñ Magrupy tarapyndan,Zöhre-Tahyryñ Mollanepes (ondan has öñräk Seýitmuhammet Saýýady) tarapyndan 19-njy asyrda ýazuwly edebiýata geçirilendigine garamazdan bular sýužet-ýordumy boýunça ondan öñem halk arasynda ýaşap gelýän eserler.Magtymgulynyñ mundan bihabar bolmagy bolsa elbetde,mümkin däl.Galyberse-de bu bir Atajan Tagan aýtmyşlaýyn "talantly öýkünme"bolaýanlygynda da öýkünen adamyñ bu zatlary "gözleg-agtaryş torundan geçirenligine"şek-şübhe ýok.

0
22 eatayew33  
761
Zigmund Freýdem:"Söýgi bir derýadyr, onda diňe ýüzüp bilýänler halas bolar" diýýärmi?

1-15 16-16
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]