14:49 Uçurymlara | |
UÇURYMLARA
Çagalyk kenary uzakda galdy. Öňde uzap ýatyr durmuşyň ýoly, Ykballar ýylgyrar, ýöne bu durmuş Geçirmez ýalňyşyň mugallymlar ýaly. Kim bilýär, ýene-de näme boljagyn, Dogan deý synpdaşlar belki ýat bolar. Emma ak mekdepde dörän pursatlar, Garramaz, garramaz, mydam ýatlanar! "Okajak" diýsegem, gelmez o günler. Ýyllaň gapysyndan garap galarys. Uçurym bolsak-da, eziz mekdebim, Göwnümiz deý mydam pesde gaýarys. Ýollar uzar gider ýyllara tarap, On sekiz durnany uçuryp elden. Gitseler-de, olar abraýyň guşun, Goraly her gelýän ýagmyrdan-ýelden. ...Bilsinler, mekdebim, diňe bir zady, Gelen hem-de indi geljek nesiller, Döwürler dolanyp, ýyllar geçse-de, Seň gadryň bilmegi unutmasynlar! Nury SAKÇYÝEW. | |
|
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |