19:13 Watan asmany | |
WATAN ASMANY
Watan, señki keşdelermiñ ajaby, Watan, señki kalbymdaky keremim. Keşdelerñe ylham bolup siñerin, Watanym, sen ýürek içre ýüregim. Sen - dünýäde rowaç alan ykbalym, Sen şatlygym gül ömrümiñ bossany. Hyzmatyñda ýumşuñ halal haklanym, Sen - Ýeriñ arzuwy, gögüñ isläni. Sen geljegiñ ak gününden ýasalan, Gijeler señ gujagyñda dynç alýar. Gör-ä, Allañ çyralary asylan, Asmanyña bakyp, göwnüm ynjalýar. ▶ ARZUW Arzuwlaryñ kenarynda oturyp, Gördüm ykbalymyñ owadanlygyn. Bagty kän ýyllary alna getirip, Duýdum bu dünýäniñ gowudanlygyn. Gözüm süzüp tolkunlaryñ oýnuna, Ýatladym gaýyk deý geljek günleri. Pikirlerim dolap alyp goýnuna, Çagyryp dur kämilligiñ münberi. Dünýäñ gowgalaryn zyñyp bir ýana, Ýüregme dem aldym, şeýle asuda. Gör, nähili beýik bagt ynsana, Elmydama ýaşamaklyk arzuwda. ▶ GARAŞ MAÑA Garaş maña, ak dañ atanda parlap, Nur sepende ene ýeriñ üstüne. Garaş maña, gujagynda ak garyñ, Hyýalyñda peýda borun dessine. Garaş! Ak gar bilen baglan arzuwyñ, Mährinden ýol ýasap bararyn tenha. Şonda umyt bolup nur seper asman, Hemem gar seslener: "Ynha, men, ynha!" Arzuwym şu: nur sepende gök asman, Görsem seni gujagynda ak garyñ. Sebäp päk gar biziñ söýgimiz ýaly, Sen-ä - garyñ ýary, menem - señ ýaryñ! | |
|
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |