19:24

"X" näbellilik nyşany hökmünde

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 465 | Добавил: Injener | Теги: Rahman Zulfikarow | Рейтинг: 4.4/5
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 20
0
1 hanturebs  
755
Gyzykly. Agam mümkin bolsa poçtaňyza göz aýlaň.

0
12 Injener  
1
@Hantöre, jogap ýazdym saňa emaildan...

0
13 hanturebs  
755
Okadym. Köp sag boluň!

0
2 sylapberdimuhamov  
1428
oýlanaýmaly zatlar. tüweleme

-1
3 Haweran  
411
Ýer togalak däl-de tegelekmiş, dünýäni Illýuminatiý we ş.m. köpçülige nämälim garañky toparlar dolandyrýarmyş we ş.m... tasa gelmejek esassyz-delilsiz hem-de okyjynyñ añyny bulaşyklyga salýan komplimasiýalar kerweniniñ (dogrusy, häzirkizaman ertekileriniñ) nobatdakysy.
Başga näme diýjek...
Her ýatan çöpüñ astyndan şular ýaly syrly gipoteza gözlejek bolsak, onda bu dünýäde ýaşamalam däl.

0
7 Injener  
1
Ýer hakykatdan hem togalak däl-de, tekiz. Ýeriň tekizdigini Kuramy Kerim agzap geçýär, men bolsa öz gözlerime ynanmaryn, ýöne şol kitaba ynanaryn. Kuran bir zat diýdigi, Hudaýyň diýdigi biläý.

0
8 Haweran  
411
Şeýle şahsy we ýöntem netijeler musulmanlaryñ şindize çenlem Kuranyñ aýlawly we göni manylarda berýän düýp mazmunyna, berýän signallaryna, hikmet-syryna hiç haçanam düşünmändigini, mundan beýlägem düşünmejekdigini, hatda başymyza gelýän bela-beterleriñ aglabasynyñam oña dogry düşünmezlikden gelip çykýandygyny görkezýär.
Kuranyñ yşygynda ýetişen orta asyryñ progressiw musulman alymlary (Biruny) ýeriñ şar şekilli globusyny ýasadylar. Diñe dine köre-körlük bilen ynanýan, Magtymgulynyñ dili bilen aýtsak, "sowatsyzlykdan, amalsyzlykdan dillerini çeýneýän mollalar" öz bisowatlyklaryny Kurana salgylanyp, ýa-da ýeriñ tekizdigine we ş.m. ynanyp, jahyl halky ynandyryp geldiler...
Kuranyñ Allanyñ kelimesidigine bolsa şek-şübhäm bolup bilmez.

0
9 Injener  
1
Kuran ýönekeý adamlar üçin ýönekeý dilde ýazylan kitap. Ýöne haçanda Kuranda aýdylan zatlar bilen, şu wagtky resmy ylymda aýdylýan zatlar bilen gapma garşylyk dörän wagtynda, näme üçindir adamlarda ilki bilen Kurana şübhelik döräp başlaýar? Edil Kurana garşy çykanoklar, ýöne ol ýerde ýazylan zatlar göçme manyda bolaýmasyn diýýärler. Garaz alymlaram samsyk däl, Hudaýam samsyk däl, meň özüm samsyk, men bir zatlara düşünemok, ýa-da ters düşünýän? Psihalogiýada bu hadysa "Komfarmizim" diýýärler öýdýän? Adam öz özine ynanaok, ýöne köpçülige ynanýar. Şu gün sişenbe güni, 9-njy maý, häzir daş töweregimizdäki ähli kişi alyp, şu gün hepdäň 3-nji güni, 10-njy maý diýseler, adamda ilki bilen öz özine şübhe döräp başlaýar. Birden men ýalňyşýan bolaýmaýyn? Ylym bilen hem şonyň.ýaly, hiç kim hiç haçan oýlanjak bolanok, her kim köpçüligiň kabul eden tarapyny kabul edenini gowy görýär. Dogrysy geçmişde diniň ýaýramagyna ilki bilen böwet bolan adamlar şeýle dünýä garaýyşly adamlar. Kuranda-da bara adamlaryň näme jogap berýäni? Biz nädip ata-babalarymyzyň ynanan zadyndan boýun gaçyryp bileli? Kurandaky kosmalogiý barada aýdamda, süreleriň birinde Zülkarnaý günbatara tarap ýöräp, güniň ýaşýan ýerine barýar we ol ýerde güniň, gyzgyn, ýa-da porsy bir zadyň içine çümýänini görýär. Şu aýatdan soň ýokarda agzan zatlarym başlaýar. Kurandaky kosmologiýany, çekip sündürip, şu wagtky resmi kosmologiýa geýdirjek bolýarlar. Iň soňunda Kuranda Hudaý göçme manyda aýdypdyr diýýärler. Atom elektrik stansiýalaryň işleýşine azda kände düşinýän adam näme üçin güniň, haýsam bolsa bir suwuklyga çümip çykýanyna düşünse düşüner. Telewizorda aýylýan informasyýa Kurana deňemeli, we gabat gelmese kabul etmeli däl, biz bolsa tersi edýäs, Kurany telewizora deňeýäs, eger telewizor bilen gabat gelmese, Kurany kabul edemzok, has dogrysy öz özümizi kabul edemzok, telewizor ýalan sözlänok, Kuranam ýalan sözlänok, bu ýerde men samsyk....

0
10 Haweran  
411
Alymlar samsyk däl diýýäñ. Dünýä samsyk "alymdan" doly...
Ikimizem arap dilini bilemzok, Kurany hatym edip biljek adamlaram däl.
Şol sanda arap dili bilen Kuranyñ dili bir däl, köpler arap dilini bileniñ bilen Kurany doly añlasa bolýandyr öýdýär. Kuran diliniñ özi aýratyn ylym. Bu ylymdan araplaryñ özem baş çykaryp bilýändir öýdemok.
Ondan-mundan okanlarymyzy sintezläp gep owadanlap otursak, bilen-bilmedik okyjylaram "wauw, bular ne gözel Gurhandan baş çykarýan zehini daş ýarýan oglanlar eken-ä..." diýerler.
Gowsy dymaly. :)

0
11 Injener  
1
Hudaýyň öz sözleri: —Siz Injil bilen Töwraty üýtgetdiňiz, ol kitaplaryň käbir ýerlerini adamlardan gizlediňiz, ýöne Kurana degip bilmeýäňiz, Kuranyň goragynda Men 19 sany Perişde goýdum. Bu sözler Kuranyň özünden, birden kimdir biri Kuranyň terjimesi oň originalyndan tapawutlanýar diýip pikir edýän bolsa. Onsoňam ýene bir ýagdaý, mysal üçin aýdaly kimdir biri Kurany zaýalasy geldi, ýörüte alymlary hakyna tutdy we Kurany göze bildirmez ýaly üýtgediň diýdi. Mysal üçin Rus diline geçiriň diýdi, goý ony Begli ýaly biri okasyn diýdi? Elbetde Kurana zyýan ýetirmegi adaty adama ynanyp bolmaz, ol adam hökman alym bolmaly, eger alym adam Kurany, oňa zeper ýetirer derejede öwrenäýse, gaýta gaýta okaýsa, ol kitaba hiç haçan zyýan ýetirip bilmez. Edil kör bolmasaň, Kurany kimiň ýazany görünip dur. Şonuň üçin men, Kuranyň islendik terjimesine ynanýan, sebäbi Allahyň özi söz berdi, Kuranyň ýasamasy ýok diýip. Ol bolsa öz emrini diňe birje gezek aýdýar, diýdimi, diýmek diýmek mesele ýapyldy. Arap dili barada aýdaňda, islendik ylymy öwrenmek üçin, ýer ýüzünde bary ýogy 6-8 sany dil bar. Iňlis dili, arap dili, hindi dili, hytaý we rus dili. Şol dilleriň arasynsa islendik informasyýany ýitgisiz terjime etseň bolýar. Biziň bagtymyzdan biz rus dilini bilýäs, şol sebäpden Kurany rusça okasagam, kän zat ýitiremzok.

Kurandan baş çykarmak barada aýdamda, ol örän giň kitap, dürli temalary gozgaýan kitap. Maňa mysal üçin Kuran daş töweregi düşündirmek üçin gowy peýda getirýar. Seň diýýän ahunlardyr mollalaryň, Kurany açyp, ol ýerde tereke we şoňa meňzeş ýaşaýyş soraglaryny gözlärler. Ahunlar mysal üçin gün we ýeriň formasy bilen gyzyklanmazlar. Agresiw yslamystlar Kuranyň içinde, özlerine gyzykly ýerlerini gözlärler, aýdaly oljaň näçe bölegini halka paýlamaly, lolylary näçe gaňçy urmaly we şoňa meňzeş. Kuran edil internet ýaly bit zat, kim näme gözlese, şol ýerden şony hem tapýar.

Kuranyň 2nji süresiniň iň birinji aýdynda Kuran Hudaýdan gorkýanlar üçin dogry gollanma diýip durda. Kitap şol sözler bilen başlaýar. Ahunlara gollanma, ýa-da dindarlara gollanma, ýa-da diňe araplara gollanma diýip duran ýeri ýok.

0
14 Perhatsabirovv  
302
Agam poçtaňyza ýazýan welin baranokmy

0
15 Injener  
1
Salam Perhat, gowmy ýagdaýlaň? Ýok, maňa zat gelenok...
Şu poçta ýaz:
100erkek@gmail.com

0
4 Babyşgalaly  
1446
Х- у=6. ИКС айырмалы ИГРЕК дендир алты. Икс ден башга Игрек хем бар. Муна нахили душундириш барка?

0
5 hanturebs  
755
Ygrik diýeňde ýadyma hromosomalar düşdi. XX aýal hromosomasy. XY bolsa erkek hromosomasy. Isa aleýhessalam atasyz doglan. Onnoň?

0
6 Haweran  
411
Ýeke "Bol!" sözi bilen 18 müñ älemi, jümle janly-jandary, ynsy-jynsy ýaratmaga, Adam atany we How enäni hem atasyz, hem enesiz wujut kylmaga kadyr Alla Isany atasyz bar eýlemäge kadyr bolmazmy? Islese, Adam ata-How ene ýaly ýene onlarça ynsany atasyz-enesiz, Isa pygamber ýaly ýene onlarça ynsany atasyz bar eýläp bilerdi. Munuñ tersini pikiriñe getirmegiñ özi nähili aýylgançdygyna görä, Hezreti Merýem ene, Isa pygamber (a.s) ýaly Allanyñ päk ynsanlarynyñ, olaryñ basyp giden yzynyñam biziñ ýaly ýönekeý ynsanlaryñ derejesinden telim basgançak ýokardadygyny bilip durkagam muny bilmeýänleriñ ýa-da bilse-de bilmezlige salýanlaryñ hataryna goşulyp, olaryñ hromosomlary, gormonlary, jynsy we gaýry zatlary hakda pikir öwürmegiñ (bu biziñ wezipämize girýärmikä beri?) nähili aýylganç zatdygyndan, bizi nähili uly ýalñyşlyklaryñ, bagyşlap bolmajak günäleriñ üstünden eljekdiginden habarymyz barmyka?
Aklymyza aýlanalyñ.

0
16 Osman  
1527
Makalany Kellamde 1sorag yüze çykdy siz diyyaniz yer togalagam dal tegelegem yer tekiz diyyaniz onda name üçin yerin in yakyn hemrasy ay tegelek görnişdeka ya aydaly gün hem tegelek kosmosdaky planetalar Yupiter saturn Wenera Mars olaram tegelek diyip öwretdiler tekiz diyman

0
20 Injener  
1
Zemin hem tegelekmikä diýýän, ýöne bize öwredişleri ýaly däl. 7 gat asman bilen 7 gat ýer, bir birniň üstinde ýerleşip, äpet ýumurtka ýaly zadyň içinde ýapylan bolaýmasa? Kyssasylenbiýa atly kitapda bar öýdýän şeýle model?

0
17 Shapak_A9602  
1502
Bu mowzuk dini temada eken welin, bir sorag ýadyma düşdi. Mekdepde bize ynsan maýmyndan gelip çykdy diýip öwretdiler. Mugallymlar şu wagt hem şeýle öwretýärler eken. Bir sorag gelip çykýar. Okuwçy kime ynanmaly mugallymamy ýa-da ene- atalaryň öýde öwredýän ynsan toprakdan ýasalan diýen sözünemi?

0
19 Injener  
1
Mekdepde öwredilýän zatlaryň barsy, çagany tupoý edýämikä diýýän menä...)))

0
18 Remezan  
1397
Bu tema gaty gyzykly tema, emma her kim öz bilen, öwrenen zadynda galar. Ýöne bir jedel galar.
X barada aýdylanda alfa, beta, gamma, her bir grek harplary bir matematik fiziki belgiler bilen belgilenen.
Arap söwdagärleri tarapyndan -:+ we x belgiler matematiki amallarynyñ esasy roly bolup durýar.
Şol wagtlaram ýazgy, süýthirluk bolany üçindir-dä.
- belgisi ýazgy alan adamyñ yzynda goýulupdyr,
+ Belgi alan adam yzyna puluny bereninde üstünden dik taýak çyzylyp, goşmak, plyus belgi emele gelipdir (sorag krestik goşmakda hem bar)
X- karz alan puluny bellik edilipdir ýagny bellik / görnüşde haçanda bermeli wagty dolup göterimi bn berilende % şeýle belgiläpdirler.
X bolsa berjegi näbelli bolanda şeýle atanak çyzypdyrlar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]