01:38

Ýaş kitapsöýerler üçin çäre geçirildi

ÝAŞ KITAPSÖÝERLER ÜÇIN ÇÄRE GEÇIRILDI

«Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylyny mynasyp garşy almak mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde «Türkmen dili we edebiýaty» hepdeliginiň çäklerinde 2019-njy ýylyň 11-16-njy fewraly aralygynda ýaş kitapsöýerler üçin çäre geçirildi. Çärede kitap sergisi, gyzykly bäsleşikler, oýunlar, ekran görkezmeleri, diwarlyklar, synp bezegleri, tanyşdyryş çäreleri we döredijilik duşuşyklary geçirildi. Geçirilen çäräni Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň kitaphana bölümi we Dünýä edebiýaty žurnaly bilelikde gurnadylar.

Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 9-njy noýabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryna eýerip harby mekdepde kitaphana ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, harby okuwçylary kitap okamaga höweslendirmek we olaryň giň dünýägaraýyşly bolmagyna ýardam bermek maksady bilen kitabyň jemgyýetimizdäki orny giňden wagyz edildi.  

«Milli goşun».

Категория: Edebiýat täzelikleri | Просмотров: 472 | Добавил: Нawеran | Теги: Edebi wakalar | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebiýat täzelikleri bölümiň başga makalalary

Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]