18:05

Ýeri, onsoñ, oguzlarmy ýa Kolumb?

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 425 | Добавил: Jeksparro | Теги: Öwez Gündogdyýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 12
1
1 Hаwеrаn  
245
Bolanna görä G.Gurbandurdyýewiñ makalasynam ýetirseñ-ä gowy bolardy. )

0
2 Jeksparro  
405
Nesip bolsa onam bir gün goýaryn, bir makala ahyry beýleki makalanyñ üstüni açyberýär, yzyndan ýetilmedik ylym ýaly...

0
3 Nurdan  
100
Indeýlerem Oguzlardan diýaýipmi?!

1
4 Hаwеrаn  
245
Öwez Gündogdyýew G.Gurbandurdyýewiñ makalasynda getirilýän delilleri gowşagrak görüp biler. Emma şu linklerdäki Ahmet Bekmyradowyñ "Amerikany ilki bolup kim açypdyr?" işine jogap bermekden asgyn gelse gerek:
http://www.kitapcy.ga/news....-05-980
http://www.kitapcy.ga/news....-05-982
http://www.kitapcy.ga/news....-05-983
Şeýle-de Ö.Gündogdyýewiñ pikirine garşylyk saýtda paýlaşylan http://www.kitapcy.ga/news....26-5943 makalany görkezip biljek. Awtoryñ özi hernäçe ýuwmarlanam bolsa "Türkmenler we Amerika halklary" http://www.kitapcy.ga/news....9-11044 makalasynda eýýäm türki halklar bilen indeýleriñ haýsydyr bir bagyny tapmaga çalşyp, ýokardaky makalada öñe süren pikirlerindwn başgaçarak pikir ýöredýär.
Türkmen ulamasy Hoja Ahmet ahun bolsa "Ynsan ruhundan habar" makalasynda düýbünden başga hili täsin pikiri öñe sürüp, Amerikany türkmenlerden Abdylla Merzebe oglunyñ açandygyny aýdýar. (Maglumat üçin seret: http://www.kitapcy.ga/news/ynsan_ruhundan_habar/2018-06-18-613 linki)

1
5 Hаwеrаn  
245
TÜRKMEN!

(Ahmet Bekmyradyñ ruhy ýañy)

Türkmen!
Geçmişiñe sarpa goýýarlar,
Geçmişiñ gadymy diñler deý beýik!
Howalanyp duran daglar deý beýk!
Diñläni agladýan heñler deý beýik!

Türkmen!
Pederleriñ abraý tuguny
Göteripdir jahanyñ çar ýanynda.
Ýüregine dowul düşüripdirler
Hatda Isgenderdir Çingiz hanyñ-da.

Türkmen!
Eden beýik açyşlaryñyñ,
Milletiñ sanyndan agdykdyr sany.
Kitap kökün okap, şu pikre geldim:
Açan sen bolmaly Amerikany!

Türkmen!
Pes açyş däl Amerikadan
Aýlaw baglan ahal-teke bedewiñ.
Halyñ, ak bugdaýyñ, hatda itiñe
Berip bilen täsin keşbiñ, edebiñ.

Türkmen!
Nepis ýasan şaý-sepleriñi
Dakynyp ýör kän milletiñ zenany.
Aýt ahyryn, beýik açyk dälmidir
Tikeçläp, birgeñsi bezeýşiñ nany!

Türkmen!
Eşidýänsiñ al şerabyñy
Öz gabyna guýup, biziñki diýip,
Abraý alýan çemeçilleñ bardygyn,
Şerabyñyñ özi açyşdyr beýik!

Türkmen!
Hasap ylmyn, küşdi döreden,
Beýik Pyragyny getiren dünýä..
Esräp galkynmaýşyñ nämeden bu gün,
Bu gün "gaflat ukusyndamy" sen ýa?!

Türkmen!
Aýñal, eýelik et ýurduña,
Silkin,
zyñ egniñden zulmady, türkmen!
Halas et geljekki nesiller üçin,
Topragy, milleti hem ady, türkmen!

20-nji sentýabr, 1989-njy ýyl.

Hemra ŞIROW.

1
6 Hаwеrаn  
245
AMERIKANYÑ AÇYLYŞY

(degişme goşgy)

Heniz düýeguşlar uçýan mahaly,
Düýeguşy münüp uçupdyr türkmen.
Gezip-gezip, aýlanyp giň jahany,
Soňra Amerikany açypdyr türkmen.

Düýeguşy münüp göge uçanmyş,
Ägirt uly okeandan geçenmiş,
Baryp düşüp bir materik açanmyş.
Kimler ýalan diýýär, ýöne bu çynmyş.

Soňra düýeguşyn taýaklap kowup,
Sag bolsun ýerine ganatyn döwüp,
Ähli ýelek-perlerini ütüpdir,
Olary hem kellesine dürtüpdir...

Guşlary horlapdyr, hetden geçipdir,
Oň towguna hiç tok diýen bolmansoň.
Türkmen bir wagt Amerikany açypdyr,
Hiç wagt öz-özüni açyp bilmänsoň.

1998 ý.

Sylapberdi MUHAMOW.

1
7 Bagabat  
43
Käbiri gaýradan, käsi ilerden
Ýürek bilen gulagyma guýdular.
“Sen hokga çykarma, ýigit, boş ýerden,
Amerikany açasyň ýok” diýdiler.
 
Beýle açyş hakda edemok hyýal
Men başga bir ýagşy ýurduň gurbany.
Siziň üçin Amerikany açjak däl
Siziň üçin açjak Türkmenistany!

Gurbannazar Ezizow

0
8 Jeksparro  
405
Beýdip ýepbeklejek bolsañyz açjak däl-ä muny!? dry

1
9 Bagabat  
43
@Jeksparro, gaýta ýepbeklenseň begenmeli. Sebäbi iň kesgir gylyçlaram, iň çydamly gurallaram demirçiniň sandalynyň üstünde ýekedaban bilen "ýepbeklene-ýepbeklene" taplanyp, synmaz polada öwrülýär. Iň gowy tamdyrlar depgilene-depgilene şykgy edilen toýun palçykdan ýasalýar. Iň ussat boksçularam türgenleşiklerde "ýepbeklene-ýepbeklene" ýeňilmez derejä ýetýärler. Tak çto, gaýta "ýepbeklenýäniňe" minnetdar bolmaly! Öňki döwürler ýasawullar düzgüni bozan adamy saklap, oňa temmi taýagyny uranlaryndan soň ondan gaňryp "taýak hakyny", ýagny özleriniň zähmeti üçin tölegem alypdyrlar. @Haweran bolsa, senden töleg soraman, mugt işleýär. wink

1
10 Jeksparro  
405
Tankydyñyz gurasyn hemmäñiziñ!
blahblah

1
11 Bagabat  
43
An-a ahyry öýkeletdiňiz! Indi gelmez... biggrin

0
12 Hаwеrаn  
245
Aý, hawa-da, kireýsiz kilim kakyp ýörenimizsoñ mugtuñ gadry ýok... wink

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]