13:27 Ýuwaş okeanyñ säheri | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
▶ ÝUWAŞ OKEANYÑ SÄHERI Depämde ~ suw bilen reñkdeş asman bar, Aýagmyñ astynda ~ Ýuwaş okean. Ak teplohod öten agşamdan bäri Çaýkanýar düýbünde äpet okarañ. Agzy ak köpükli suwa çümdürip, Garañkyny kem-kem eretdi säher. Günçykar tarapda göründi göze Baýyrlañ gerşine gonan ak şäher. Güýzüñ gijesini gylla ýarpylap Ýañy uka giden çagy Moskwa, Ussuriniñ tagtasynyñ üstünde Dañ atyp, bu ýerde ýagtyldy howa. Bu suw ~ ümmülmez bir iş meýdançasy, Bu ýerde iş güni başlanýar suwda. Äpet umman öz adyna mynasyp, Haýbatly hem görer göze asuda. Emma bize diñe görmegi däl-de, Eýsem duýmagy-da öwretdi eýýam. Gyzgyn dünýämiziñ galagoplugyn Bu suwuñ üstünde has ýiti duýýan. Sorup durun süzme ýaly säheri. Hem içimden goşgy edip okaýan: "Asmanyñ mydama arassa bolsun, Özüñem ýuwaş bol Ýuwaş okean!" Nahodka-Wladiwostok, 2.X.1981. | |
|
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |