20:44 Nohur | |
NOHUR
Goşgular
![]() Ýyldyzlar çeşmede misli bir balyk, Bu ýerde tebigat örän ýabany. Şäherdäki ýaly zähräňi ýaryp, Itler üýrüp garşy almaz adamy. Olar intipisem etmez adama, Bar küýi-köçesi möjekdir olaň. Meniň türkmenite bolan söýgimi Şeýle akly bilen öjikdir olar. Ilki dag şemaly saňa topulart, Bir mähriban jigiň ýaly jülgeler. Şemala başlaryn yrar oturar, Toý lybasyn geýen ýaly üljeler. Nähakdan degjek ýok seniň çetiňe, Men bu ýerde köp adama ýaradym. Bu ýerde bekden bek serhet çekilen Arasyndan dogry bilen galadyň. *** Didesi gussaly, dilber, Çümme hasrat derýasyna. Geçer gider elwan güller, Soň bakmazlar perýadyňa. Gözýaş üçin pursat bardyr, Aglarsyň bolanda kempir. Senden özge biri bilen Meniň söýgim bolar kemter. Söýýärin men gözýaşyňy, Ondan beter gülküleriň. Haçan seniň aýalaňda, Başym goýup irkilerin?! | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |