16:49 Jem bolgun | |
JEM BOLGUN
Goşgular
Il günüň ýasynda, ýa-da toý tutsa, Galmagyn sen şonda, mydam bol bolgun. Sapar Allaguly Ömür öter, baky däldir, bu dünýe, Wagtyň gelip, gitmezden öň jem bolgun. Ýarym salkyn, eljiretse şu dünýe, Akyl satma, il ýanynda sem bolgun. Eşreti köp, munda, ony görene, Rehneti bar, Alla ryskyn berene, Berläýenok elin göge serene, Özüň çusdan, beden berkden hem bolgun. Kyn şertde mert durar, namartlar gaçar, Husyt ýygnap bukar, sahylar seçer, Ahyr geler bir gün, gara ýer guçar, Zanny zyýat, iman bilenden bolgun. Ýazgyt bardyr, şoňa bagly gezeriň, Bagtyň çüwse, nesip eder güzeriň, Azap köpdür, azar çekseň, dözeriň, Hötdesinden gelip, gülenden bolgun. Akyl bilen başlabilseň her işe, Soňy onuň rowaç bolar hemişe, Nebsiň artyp, gyzma altyn-kümüşe, Alan bolsaň, bermägede çem bolgun. Ýalta göwre, ýany düşekden galmaz, Bilgin, aň ýaltasy akyly almaz, Baryn beren adam hergiz uýalmaz, Il sanynda artyk gelme, kem bolgun. Pursat gaýyp, uçup geçer deňiňden, Gyjalata galmajak bol, öňünden, Damja bolup, syçrap çägä siňenden, Ýaksa ýaksyn, ýagty saçjak şem bolgun. Abat sakla, gowşatmagyn hyryňy, Ýagşa ýanap, çyndan çekgin jyryňy, Halap, söýseň gabap goýma syryňy, Dertlilere şypa berýän em bolgun. Ýatlamalar ýaşlygymdan ýeteni, Gädik garap, gören bolsaň çetini, Jahyllykda dörän «ýaraň» biteni, Köňül küýsän gözellere üm bolgun. Illi saňa berlen bolsa bir çeşme, Ýoňsuz ýonup, gözbaş bilen erjeşme, Şöhrat arap, baky galma dyrjaşma, Peýmanyňda il deňinde güm bolgun. | |
|
√ Ker bolar gulak / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Ykbal / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Konfusiý / Goşgular - 13.05.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Setirlem / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Kakama / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Yşkdan dawa kylan kişi... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Walid ogly sen Halid / Goşgular - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |