10:32 Abdylhamyt han! | |
ABDYLHAMYT HAN!
Publisistika
Söýgüli okyjylarym, aýratynam ykdysadyýet ulgamynda nähili gündelik ýalan-ýaşryklar bilen dolandyrylýandygymyzy köpüñiz şeýle-de bilýänsiñiz... Häkimiýet gatlagynyñ her ýerinden, her böleginden we her babatda ýalanlar pürkülip dur... Hususanam ýakyn taryhymyz boýunça her dürli äpet-äpet ýalanlary bize ýuwtdurmaga çytraşýarlar. Ýuwdan ýuwdýar, emma azajygam bolsa taryhdan habary barlar bu pyrryldakly oýuna aldanmaýar. Bu häkimiýetiñ özboluşly bir aýratynlygy bar! Osmanlyny tegelek 33 ýyllap (1876-1909) bir özi köşgünden dolandyran gorkak, wehimli hökümdara "çokunýar". Şindi nebit bütin dünýäde üns merkezine düşdi welin, amatly pursat gelendir öýdýärler! Şobada daşary ýurtdan alynan burawlaýyş gämisiniñ ady-da dabaraly ýagdaýda goýuldy! "Abdülhamit Han". * * * Meger Abdylhamyt han deñizlerimizi keşt edip, dürli ýerlerde nebit burawlaýyş işini geçirjekmiş. Bu gürrüñiñ añyrsyny agtaryp ýörkäm, düýn häkimiýete ýapja yslamçy gazetiñ internet saýtynda täsin bir habaryñ üstünden bardym. Bir ýurduñ ýakyn geçmişi zol-zol ýalan-ýaşryk toslamalar bilen nädip bular ýaly weýran edilýär, hiç ynanar ýaly däl. Şindi bu mus-musuñ mustapasyna geleýin, aslynda muny bir "taryhçy" ýazypdyr. Serediñ, näme diýýär: "Aslynda soltanyñ nebit syýasaty bardy... Wagty ýetmese-de ömrüniñ soñky ýyllarynda Osmanlynyñ egilmän-bükülmän dim-dik saklanyp galmagyny üpjün edip bilmegi täsindi. Onuñ tagtdan düşürilen 1909-njy ýylynda Osmanly dünýäniñ iñ güýçli bäş döwletiniñ biridi". Jypdyrmanyñ bular ýalysyna diñe telpek goýaýmak galýar! Rumeli, Balkanlar, Kipr we başga-da birnäçe ýerler onuñ döwründe elimizden taýyp gidipdi. * * * "Ylmy" ýazgy dowam edýär: "Abdylhamyt han baryp şol döwürde çäklerimize girýän Yragyñ nebitiniñ gadyr-gymmatyny bilip, gelejekde oýnajak kesgitleýji syýasy, ykdysady we strategiki roluna añ ýetiripdi". Onuñ taýýarlan nebit kartasy bar eken welin, hatda TPAO hem häzir burawlaýyş we gözleg işlerinde şol kartadan peýdalanýarmyş! Belki sorarsyñyz... Eýse şol karta hany, nirede, kimde? Şu güne çenli gören ýok. Eger gören bar bolsa aýtsyn, bizem bileliñ! * * * Ýalan-ýaşryklar käbir adamlary belli bir ýere çenli aldap biler, emma hakykatlar iru-giç orta çykýar. Osmanly Abdylhamydyñ döwründe "Hassa adam" diýip tanalýardy. Ýerlerimiz elden gidýärdi. Lozan şertnamasy arkaly ýatyrylan kapitulýasiýalar, hatda jogapkärçilige çekmek babatda daşary ýurtlulara berilen artykmaç ygtyýarlyklar we hak-hukuklar bizi basyp-bogup, öldürip barýardy. Hernä, 1908-nji ýylda Ikinji meşrutyýet yglan edildi... Abdylhamyt tarapyndan 33 ýyl öñ ýatyrylan Mejlis dikeldildi... Tagtdan inderilmegi bolsa bir ýyla çekdi we 1909-njy ýylda Selanige sürgün edildi. Şondan öñinçäsi Osmanly nukdaýnazaryndan aýratyn ýer tutýar. * * * Tagtdan inderilen 1909-njy ýylynda Osmanly dünýäniñ iñ güýçli bäş ýurdundan birimiş! Gadyrdan "taryhçymyz" şeýle diýýär. Indi size iki aýry mysal bereýin: ol bäş güýçli döwletden biri bolan Osmanlynyñ başyna nämeleriñ gelendigini birnäçe setirlerde seredip geçeliñ... 1901-nji ýyl... Tagtda Abdylhamyt otyr... "Hassa adamyñ" içerki we daşarky bergileri ummadan aşan ýagdaýda... Algydarlaryñ arasynda Tubini we Lorando atly iki sany fransuz bankiri-de bar. * * * Millionlarça altyndan ybarat algylaryny alyp bilmänsoñ, Osmanly döwletiniñ üstünden Stambuldaky fransuz ilçihanasyna arz edýärler. Munuñ soñy bizi nukdaýnazarymyzdan hem gynançly, hem täsin... Fransuz flotiliýasy biziñ ýerimiz bolan Midilli adasyny basyp alýar. Gümrükler bilen birlikde adanyñ ähli girdejisine el urulýar. Abdylhamyt diñe bergisini üzüp bolandan soñ flotiliýa yza çekilýär. Allatagala hiç bir döwleti we ýurdy bular ýaly masgaraçylykly ýagdaýa düşürmesin. * * * Taryhyñ lentasyny biraz yza saralyñ. Indi 1878-nji ýyl... Russiýa bilen aramyzda uruş gidip dur, ýeñilýäris. Rus goşunlary Gündogarda Kars, Erzurum ýaly şäherlerimizi ele salyp ýör. Plewne goragyny böwsüp, paýtagt Stambuluñ alkymyna çenli geldiler. Rus goşuny häzirki ady San-Stefano raýonyna çenli gelýär we ol ýerde bäş gat beýikliginde ýeñiş ýadygärligini dikýär. Burnumyzyñ aşagynda. Bu ýadygärlik binasyny 1914-nji ýylda ("Ittihat we Terakki" döwründe) dinamit bilen partladyp ýykdylar. * * * Emma işiñ has gynançly ýene bir tarapy bar... Gorkusyna köşgünden çykybilmän oturan Abdylhamyt han bu ýadygärligiñ kölegesinde birnäçe ýyllap ýaşamaga utanmandyr. Biçäre we gözgyny ýagdaýda. Nähili alajynyñ tapylandygyny-da gysgaça aýdyp geçeýin. Ol Stambuldaky iñlis ilçihanasyna ýüz tutup, "herekete geçmegi" haýyş edipdir. Angliýa Stambula flotiliýasyny ugradyp, rus goşunyny kowupdyr! Düşen şeýlekin masgaraçylykly ýagdaýlarymyza serediñ-ä! * * * Ine, biziñ häkimiýet topbagymyz şular ýaly hökümdara hudaý deregine çokunýar.... Olaryñ gahrymany (!) 33 ýyllap "Ýyldyz" köşgünden daşaryk çykman, gojaman imperiýany öz döreden "hafiýe goşunynyñ" içalyçylykly habarlary bilen dolandyrdy. Gelip-gelip bu gün biziñ hökümetimiz onuñ adyny burawlaýyş gämilerine dakýar. Nämemiş, "Osmanlynyñ egilmän-bükülmän dim-dik durmagyny üpjün edenmiş!" Ýakynda täze açyljak mekdeplere we ýokary okuw jaýlaryna onuñ ady dakylsa, geñ galyp oturmañ. Abdylhamyt hany gowja tanañ! Emin ÇÖLAŞAN. "SÖZCÜ" gazeti, 30.06.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |