19:02 Siriýa çykmazynda Türkiýe | |
SIRIÝA PETIGINDE TÜRKIÝE
Publisistika
Söýgüli okyjylarym, geçen ýyl şu wagtlar Ankarada Başkent uniwersitetiniñ hassahanasynda ýatymlaýyn bejergi alýardym. Men ol ýerde täsin adam bilen tanşypdym. Öz aýdyşyndan asly siriýaly eken, ýöne ol gaty köp zat bilýärdi we pikirini kesgitli orta atmaga çekinmeýärdi. Onuñ aýdan şu sözleri hiç ýadymdan çykanok: - Esadyñ döwlet ýolbaşçylygyndaky ömri barha gysgalýar. Gijä galanda bir ýylyñ içinde düñderiler... Görersiñiz, häzir ony goldaýan ýurtlar hal-ahwalyny soramagy-da artykmaç iş biler. Mysal üçin, Eýran Esady hökman satar. Satmasa-da agdarylyşyna sesini çykarmaz... - Russiýanyñ näme etjekdigini soranymda: - Esad möwritini doldurdy, Russiýanyñam satmagy mümkin - diýipdi. Häzir aradan tegelek bir ýyl geçdi. Ýüz keşbi we ady ýatdan çykyp giden şol adamyñ çaklamasy hutma-hut amala aşdy duruberdi. * * * Gelip gowuşýan habarlara ynansañ-a, Russiýa Esada syýasy gaçybatalga beren ýaly. Başgaça aýdanda Esad ýurduny taşlap ökjä tüýkýripdir we Russiýa gaçypdyr. Biz bular ýaly spektakllara köp tomaşa edipdik! Diktatorlar ençeme ýyllap häkimiýet başynda oturýar, toplap bilen baýlyklaryny we dogan-garyndaşlaryny-da ýanlaryna alyp daşary ýurda gaçyp gitmegiñ pikiri bilen ýaşaýar. Esasy zat, gaçyp özüñi atjak ýurduñy dogry saýlap bilmek! Ýogsam bolmasa, gaçyp oñarmasañ soñuñ Kaddafiñkä, Saddam Hüseýiniñkä meñzär duruberer. Ýadyñyza salyñ, agdarylan Kaddafi açyk meýdanda gaçyp barýarka ele salnypdy we ýoluñ gyrasynda "alamana bir daş" edilip öldürilipdi. Saddamyñ soñy bolsa dar agajy bolupdy. * * * Indem Esadyñ agdarylmagyny joşgunly çykyşlar bilen gutlaýan halk köpçüliklerini teleýaýlymlarda görýäris. Tans edip towsaklaýanlar, heýkelleri ýumurýanlar, elleri bilen "V" yşaratyny edýänler, näme göresiñiz gelse görüp bolýar. Sahna doly sähne... Emma men bu Orta Gündogar götberençiligine hiç wagtam ynanmaýaryn. Orta Gündogar we Arap ýurtlary sözüñ doly manysynda çybyn-çirkeý batgalygy. Aýdyşymdanam beter bolansoñ, Atatürk hem şol hapa batgalyga bulaşmakdan hemişe gaça durupdyr. * * * Şu gün Esadyñ agdarylmagyny gutlaýan şol halk köpçülikleri agdarylyşyk şowsuz tamamlanan ýagdaýynda häzir Esadyñ üstünligi üçin tans edip towsaklardylar! Indem patyşa öldi, ýaşasyn täze patyşa diýlenini edýärler! Täze patyşanyñ ýa-da bazara çykmagyna garaşylýan täze patyşalaryñ kimlerden düzüljekdigini heniz bilemzok! Biz iñ gowsy öz iş-aladalarymyz bilen bolalyñ! * * * Gaziantepde ýaşaýan bir ildeşimiz aýdýar: - Siriýalylar her ýeri alyşlary ýaly biziñ merkezdäki köçämizi-de basyp aldylar. 200 metr aralykdaky ýere iki sany süýji-köke çykarýan seh, iki sany larýok, bir sany dermanhana, bir market we egin-eşik satýan dükan açdylar. Türk dili bilen birlikde iş ýerlerine arapça ýazgylary asdylar. Biziñ şäherimizde we goñşy etraplarda açan iş ýerleri bilen birlikde satan alan jaýlary-da olaryñ eden işiñ netijesi. Hemmesi iş tapdy. Üstesine olara bilim we saglygy goraýyş hyzmatlary-da mugt... - Ildeşimiz sözlerini şeýle jemleýär: - Indi sizden sorajak zadym, şeýle şertler barka siriýalylar Esad agdaryldy diýip ýurtlaryna gaýdyp bararmyka? Dogry aýdýar. * * * Bilýänsiñiz, biziñkileriñ iñ uly umydy - siriýalylaryñ Esad wakasyndan soñ öz ýurtlaryna gaýdyp barmagy. Wagtynda açdylar ähli gapylary we olaryñ müñ bir şowhun-şagalañ bilen Türkiýä labyr atmagyna göz ýumdular. Näçe milliona ýetendikleri häzirem belli däl. Sanlary ýa-ha bilgeşleýin gizlenýär ýa-da anyk sany biziñ taýýipçilerimiziñ özlerem bilenok. Awtoulag kerwenlerini tutalga görkezip, eýýäm şowhun turuzmaga başladylar... "Hemme zat garaşyşymyz ýaly bolup dur. Siriýalylar öýlerine gaýdyp barýar!" * * * TRT, CNN-Türk, Habertürk ýaly käbir telekanallar bolsa öýlerine gaýdyp barýan awtoulaglary içinden gepledýär: "Alla Taýýip Erdogandan razy bolsun, onuñ saýasynda boldy bularyñ barsy!" Korrespondent we wideokameraçy olaryñ gulagyna pyşyrdap aýtmaly sözüni öwredýär, olara-da minnetdarlyk bildirmek galýar. * * * Söýgüli okyjylarym, ýañam aýdyp geçipdim... Orta Gündogar syýasaty hakyky hapa batgalygyñ mesgeni. Kimiñ eliniñ kimiñ nämesindedigi belli däl Şular ýaly spektakla gatnaşýan aktýorlar belli bir wagtdan soñ tarapyny üýtgetseler geñ galmaly däl. Şu gün size alkyş okap ýoluñyza gül sepeläp oturanlar ertir siziñ kelläñize tokmak bilen urup bilýär. Bularyñ köpüsi araçäkleri imperialistik güýçler tarapyndan jedwel bilen çyzylan ýurtlar. Yrak, Iordaniýa, Liwan ýaly... Goñşymyz Siriýa hem şolaryñ biri. Göreliñ bakaly, öñümizdäki günler Siriýada nämeler bolarka... Bir zatlaryñ boljagy-ha görnüp dur-la! Emin ÇÖLAŞAN. "SÖZCÜ" gazeti, 10.12.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |