09:25 Adyna "Ysraýyl" diýilýän ýurt! | |
ADYNA "YSRAÝYL" DIÝILÝÄN ÝURT!
Publisistika
Söýgüli okyjylarym, bize aralyk taýdan alanda, onçakly ýakyn däl we adyna Ysraýyl diýilýän ýurt bar. Jöhit döwleti. Ilaty 10 milliona ýeteñkirleýär, emma bütin dünýäni barmagynda pyrlaýar. Belli ýerlerde iñ aýgytlaýjy urgulary edip gandöküşikleri guraýar, teraktlary edýär ýa-da etdirýär. Indem didiwanda Palestina bar. Ysraýyl rehim-şepagatsyz ýurt... Ysraýyl urdugyça urýar, elinden diñe uçup bilýänler bilen gaçan gutulýar! * * * Düýnki bolan hadysa ýene geñsidi. Palestin toparlarynyñ başynda oturan Haniýe iki gün öñ dabaraly syýasy çäre üçin iki gün öñ Tährana gelipdi... Ol bu ýerde aýdylyşyna görä ýerleşen otagynda bombalanyp (raketa bilen) öldürilipdir. Gözüne gan öýen Ysraýylyñ ýarak itden parhy ýok. Hüjüm etdigiçe edýär, urdugyça urýar. Kimi didiwanyna mündüren bolsa, parhy ýok, ol kişiniñ aman sypma umydy nol ähtimallyk! Bu ýurduñ birem "geñ-tañsy" kontrrazwedka gullugy bar. Adyna MOSSAD diýilýär. Bu soñky hadysany kim etdi, Haniýäni kim nädip öldürdi, raketalar nirden atyldy? Bu soraglaryñ jogaby ýok! * * * Siriýanyñ häzirki prezidenti Beşar Esaddan öñ ol kürside kakasy Hafyz Esad oturýardy. Günleriñ bir güni bir habar dumly-duşa ýaýrady. Hafyz Esad ölüm howply kesele ýolugypdy we onuñ ýakyn wagtda ölmegi mümkindi. Ysraýyl bu habaryñ dogrudygyny şobada tassyklady we jikme-jik maglumatlary çap etdi. Görgüliniñ hemme barlaglary ellerindedi. Üstesine MOSSAD Esadyñ bolýan ýerindäki lagymlara (kanalizasiýa) giripdi we onuñ saglygyna degişli ähli maglumatlary şol ýol bilen, ýagny lagymdaky peşewiniñ we nejasatynyñ galyndylaryndan anyklapdy. Hiç kimsäniñ ynanasy gelmedik bu beýanatlaryñ dogrudygy belli bir wagtdan soñ ýüze çykanda bütin dünýä haýrana galmakdan ýaña añk bolup galypdy. Dogrumy, ýalanmy... Biz bilemzok, ýöne bu hadysa şol günlerde dünýä jemgyýetçiliginde birentek gowur turzupdy. * * * Gapdaljygymyzda birnäçe ganly hadysalar bolup geçýär... Çaga-çuga, ýaş ýetginjekler, aýal-erkek... on müñlerçe adam öldürilýär. Öldürilmedikleri açlyga sezewar edilýär. Eýse biz şu şertlerde näme edýäris? Jogaby görnüp dur! Gije-gündiz nutuk atyp, özümizi aldaýarys! "Jöhitler tarapyndan şehit edilen din doganlarymyzyñ ganyny ýerde goýmarys... Ganhor Ysraýyldan hökman hasap sorarys... Adyna Netanýahu diýilýän ganhor derhal öz islegi bilen wezipesinden el çekmelidir we ýok bolup gitmelidir..." Başga? Başga hiç zat ýok! * * * Rejep beý üç gün öñ ýene çykyş edip, bir döwlet syryny äşgär etdi. Ýokary Halk Mejlisinde çykyş etmegi üçin Palestinanyñ döwlet ýolbaşysy Mahmud Abbasy çagyranmyş, emma Abbas onuñ towakgasyna jogap berme salyhatlylygyny hem görkezmänmiş... Rejep beý gynanmak gynananmyş, sebäbi ol örän gowy düzülen propoganda mümkinçiligini elden giderdi. Abbas Ankara gelmeli, göni efirler bilen beriljek ýalp-ýulply dabaralar bilen garşylanmaly, Mejlisiñ kürsüsinden aýgytly nutuk sözlemeli we Ysraýyla ýumruk düwmelidi!.. Partiýasynyñ ýygnagynda aýdan şu sözleri eşdenimizde gulaklarymyza ynanmajak bolduk: - Çagyran ýagdaýymyzda-da gelmedi. Bizden ötünç soramasy lazym! Nämüçin ötünç sorasyn? Gelip çykyş etmäge borçlumy? * * * Bizi dolandyrýanlar hepdeläp diýen ýaly başga bir oýnuñ ugrunda... Ysraýyl bahanasy bilen Türkiýedäki musulman saýlawçylaryñ arkasyndan ses awçylygyny etmek! Musulmanlar tarapyndan halanylmaýan jöhitlere ýumruk düwen bolup, tarapdar toplamak!.. Şeýtmek bilen AKP-ä ses gazandyrmak! * * * Ilki munuñ başga bir ýoluny synadylar. Bütin dünýä aradadurarlyk etmek isleýändiklerini aýtdylar! "Biz söweşýän taraplaryñ arasyna girip araçy bolalyñ, olary tegelek stoluñ başyna oturdalyñ. Stoluñ başynda gerek bolsa, ABŞ, Angliýa, Hytaý, Russiýa hem bolup biler... Hem ýygnanyşyklary (Ankarada däl!) Stambulda geçireliñ..." * * * Bütin dünýä bu tekliplere güldi!.. Hiç kimse munuñ ýaly düýpden we çynlakaýlykdan binesip sözlere pitiwa etmedi... Sebäp aradadurarlyk wezipesini Müsür, Katar ýaly ýurtlar bireýýämden ellerine geçiripdi. Mahmud Abbasyñ Ýokary Türkiýäniñ Halk Mejlisinde çykyş etmek teklibinden ýüz öwürmegi munuñ iñ bärkije mysalydyr. Sen "dost we dogan" Palestinanyñ döwlet ýolbaşçysyny Türkiýä çagyrýarsyñ, olam gelmeýär. Soñam "çagyrdyk gelmedi, bizden ötünç sorasyn!" diýen bolýarsyñ! Dogrusyny aýtsak, bu döwlet syryny biziñ Rejep beýimiz däl-de, başga biri aýdan bolsa ynanmazdyk. A indi näme edýäris? "TRT" döwlet telewideniýesi başlyklaýyn, häkimiýete ýakyn ähli mediýa serişdeleri Palestina öwgüli sözlerini aýtmagy dowam etdirýär, jöhit döwleti Ysraýyla günüñ 24 sagadynyñ dowamynda dat-bidat edýäris. Ysraýyl bigünä adamlary öldürmek bilen birlikde öz bilenini edýär, biziñkiler bolsa boş gykylyklamak bilen çäklenýär. Hüjümleri ýazgarmak, näletlemek bilen wagtymyzy geçirýäris! Emin ÇÖLAŞAN. "SÖZCÜ" gazeti, 01.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |