08:33

Ýewropada osmanly patyşasy we Ömer Faiz ependi



Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 205 | Добавил: Gökböri | Теги: Emin Çölaşan | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Money  
1834
Şu musulmanlaryñ ählisini Ýaponiýa we Hytaýyň halklary ýaly edip ylym-bilime we ýewropa siwilizasiýasyna tarap ugrykdyrylsa musulmanlaram siwilizasiýadan yza galmaz - diýjek boldum welin iň soňky abzasy okap "eh meň diýjegmi diýipdir" diýip pikir etdim. Şonda-da pikirimi ýazaýyn diýdim. Ilki bilen musulmanlarda agzybirlik ýok, şuny ýola goýmaly. Içindäki agzybirlige garşy, dinçileri, güni güýçlilere ýallakçylyk edip gün görýänleri ýok etmeli. Onuň üçinem mundan 200-250 belki mundanam köpdir edil Amerikada bolşy ýaly halk öz içini özi saýhallamaly. Meselem Amerikadaky bolan duel atyşyklar we şuňa meňzeşler mysal bolup biler. Şonda belki adalat hakykat üstün çykar. Ýöne edil häzirki nesil muny başarmazmyka diýýän. Emma Ŷewropadan ýa Amerikadan ýa Ýaponýa Hytaýdan adamlar gelip özleri ýaly etmegi müňkin ýöne olaram musulmanlary beýle ösüşe başarsalaram ugrukdyrmazlar. Iň gowusy SSSR ýaly biriniň elinde bolany ýagşy diýdirýä. Sebäbi hiç bir musulman döwlet ösüşe gidenok. Häzirki tehnologiýalary mysal getirjekler bolar welin näme bujagaz tehnologiýalaram ulanman Afrikanyň birnäçe döwletleri ýaly ýaşajakmy :)? Iň bärkije mysal: daşary ýürtda ýaşan-okan işlänler has gowy bilýändirler. Daşary ýurtlarda-da türkmen biri birine duşman. Onsaň nädip ösjek. Başaran daşary ýurda gaçýa, ýada şol ýerde okap başarsa gelmezlik pikirinde ýaşaýar. Ýene-de diýýäler yslam-yslam-yslam... Musulmanlar dünýäň ähli ýerinde hristianlaryň, ateistleriň, deistleriň gulydyr.

0
2 Money  
1834
Onda-da Osman, Ärtogrul, Seljuk, Alp Arslan diýip yzy üzülmeýän seriýallaram çykarýalar. Hakyky taryhy bilip şol seriallara seredeňde şol ýyllardaky Ýewropa bilen Amerikany göz öňüne getirseň-ä seriallary has üstüne goşup senariýa ýazylany bildirýär. Ýöne şol seriallara şol döwrüň Ýewropa-Amerikasynyň siwilizasiýasyndanam parçalar goşan bolsadylar (goşmak üçin senariýada döretmäne esaslar bardyr hökman) onda hasam ýüze çykardy. Beýle etseler o seriallaryň tagamam gaçardy.

0
3 studentmoskva65  
1659
Dopba-dogry aydylan teswir. Çyrşamaga zat goymandyr agam tuweleme

0
4 Moderator  
1471
Musulmanlaryñ öz siwilizasiýasy bar. Olary Ýaponiýañam, Hytaýyñam, Ýewropañam yzyna eýertmegiñ zerurlygy ýok. Ýewropa siwilizasiýasy tarp ýerden döremedi. Orta asyrlaryñ tüm-garañky gorkunç we yzagalak Ýewropasy Ispaniýadaky, Sisiliýadaky yslam medeniýetinden täsirlendi, şolaryñ mirasy esasynda ösdi. Şondan soñ Ýewropada Renessans döwri başlady. Emma olar yslam siwilizasiýadan täsirlendik diýip musulman boljak durmadylar.
Hiç bir medeniýet hem tarp ýerden döremeýär. Sumbar medeniýeti, Änew medeniýeti, Marguş medeniýeti, Pers-eýran medeniýeti, Gadymy Hindi medeniýeti, Gadymy Grek medeniýeti, Gadymy Müsür, Mesopotamiýa, Rim medeniýetleri... hemmesi biri-biriniñ üstüni doldurýar, edil jaýyñ diwarynyñ kerpiji ýaly biri-biriniñ üstüne örlüp şu günki ýagdaýyna gelipdir.
Abbasy döwrüniñ hökümdarlary Harun Reşidiñ, Mamunyñ döwürlerinde gadymy grek-rim akyldarlarynyñ eserleri terjime edildi. Bagdat ylym-bilim ojagydy. Şol tutumly işler hem yslam dünýäsinde beýik-beýik alymlary orta çykardy. Şol wagtlar Ýewropa halklary biri-birini gemirýärdi. Ýokanç keseller (garahassalyk), uruşlar, inkwizisiýa, katolikleriñ we protestantlaryñ mezhep dawalary we ş.m...

* * *

Medeniýet bir ýerde durmaýar. Göçüp, aýlanyp duran zat. Şoña görä-dä dünýeler hemişe bu durşuna gitmez. "Owal akan ýerden akarmyş aryk". Özümizi kämilleşdireliñ, çagalarymyzy kämilleşdireliñ, bilim bereliñ, düşünje bereliñ. Ýagşy umytda bolalyñ.

* * *

Siziñ bu aýdýan zatlaryñ yslam dünýäsiniñ häzirki betbagtçylygyndan has betbagtçlykly ýola - özgä meñzejek bolmaklyga gol salgaýar. Musulman ýurtlary haçanda Ibn Sinanyñ, Birunynyñ, Farabynyñ, Horezminiñ, Omar Haýýamyñ, Ibn Arabynyñ, Ibn Roştyñ, Gazalynyñ döwründäki ýaly özi bolanda bu aýdýan halklaryñdan ozup biler.
Türki görende türk, orsy görende ors boljak bolsak, ol-a özümiz bolmak eken, ýitip-ýok bolup gidenimizi duýman galarys.

* * *

Biziñ matematika sapagyny özleşdirip bilmeýänligimiz ýa-da matematika mugallymynyñ bu sapagy bize dogry-dürs düşündirip bilmeýänligi matematika ylmynyñ çuñlugyndan we gözelliginden hiç zady ýitirdip bilmez. Görýän pis adamlarymyza, kartinalarymyza seredip, yslama we yslam medeniýetine özümizçe baha kesjek bolmalyñ.

0
5 Money  
1834
Hawa tüm garaňky gorkunç döwürleri geçirenleri dogry. Kinolardan görüp düşündim şu aýdanlaryňyza, şeýle bir kirli hapysa ýaşan döwürleri bolan. Mekdep okuwçysykak bir mugallym Ýewropa ýuwunmany Aziýadan öwrenen diýipdi. Bu diýdigi eliňi ýüzüňi ýuwmak dälde umuman arassaçylygy diýen manyda aýdandyr. Men mundan 100-150 ýyl (ruslar gelip türkmenleri dokumentleşdirenden aňry) we tä taryhyň çuň sahypalaryna çenli islendik ösen jemgyýeti ösen medeniýeti häzirki türkmene ýa yslama degişli hasaplamok, ynanamok. Belki ýagşy umyt etse bolar, emma gelejekde-de näbileýin-da....

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]