15:09 Bir-birimizi aldamalyñ | |
BIR-BIRIMIZI ALDAMALYÑ
Publisistika
Söýgüli okyjylarym, Siriýada bolup geçýän wakalary hemmämiz bilelikde synlap otyrys. Hem käbir zatlary islesek-islemesek oýlanyp-pikir etmeli bolýarys. Arap dünýäsinde häzire çenli nijeme diktatorlar agdaryldy. Soñky gezek Liwiýada Muammar Kaddafi gaçjak bolanda, halk tarapyndan linç edildi. Yrakda Saddam Hüseýin asyldy. Bular bary-ýogy iñ bärki ikije mysal... Şeýle zatlar bolup durka-da kimdir birleri ýurdumyzyñ çar künjünde halka seslenýärdi: "Diktatorlar agdaryldy. Döwletiñ baýlygy we nebitden gelýän girdeji mundan beýläk ogrular üçin däl-de, halkyñ bähbidi üçin sarp ediler!" * * * Ýöne hiç haçanam beýle bolmady. Hökümeti eýelänler biri-birine ýarag galdyrdy... Iki ýurdam ýaragyñ zory bilen bölündi. Häzir Liwiýa-da, Yrak-da sözüñ doly manysynda bölek-büçek ýagdaýda. Durnuklylygy, asudalygy hiç ýola goýup bolanok. "Oh-ho, nähili gowy boldy, diktatorlaryñ gümüni çekdiler" diýenleriñem haýu-höwesleri gursagynda çüýredi... Muña bizi ençeme ýyl dolandyryp gelýän hökümetimizem degişli... Çünki aradan geçen ganly prosesde olaryñam paýy az bolmady. * * * Indem hem Liwiýada, hem Yrakda türk goşun bölümleri bar. Ikä bölünen Liwiýada bir tarapy goraýarys, beýleki tarap bilenem gatnaşygymyz ýok! Demirgazyk Yragy PKK-dan goramagy boýnumyza aldyk... Ikitaraplaýyn şeýle gorag operasiýasynda türk raýatlarynyñ jübüsinden milliardlarça dollar pul çykýar. Olaryñ arkaýyn ýatyp-turmagynyñ agramyny biz çekýär, özem bu çekilýän agramlar az-küş zadam däl... * * * Indi Esadyñ agdarylmagyndan soñ biziñ häkimiýetimiz ýene halky aldamagyñ kül-külüne düşdi... "Indi azatlygyñ ýoly açyldy. Biziñ gardaşlarymyz bolan siriýalylar kowçum-kowçum bolup ýurtlaryna dolanýar. Gaýdyp barýan awtoulag kerwenleri gün geçdigisaýy artýar!.." Bularyñ barsy toslama. Ynanmañ. Ýeri gelende aýdaýyn, Türkiýede täze durmuş guran millionlarça siriýaly Rejep Taýýibiñ aýdyşy ýaly biziñ-ä gardaşymyz däl. Olara adam hökmünde hormat goýýarys, ýöne döwlet bähbidimizi hiç kimse üçin pida berip bilmeris. Bolany! * * * Sanlary indi millionlara ýetendigi aýdylýar... Birgiden problemalary-da öz ýanlary bilen alyp geldiler. Anyk sanlaryny bilýänem ýok. Ýurtlaryndan ogurlap gaýdan pullart bilen (onuñam möçberi belli däl) on müñlerçe iş ýerlerini açdylar, müñlerçe jaý satyn aldylar, ownukly-irili kärhana eýeleri boldular. Siziñ pikiriñizçe bu sagatdan soñ Siriýa dolanmagyñ pikirini ederler öýdýäñizmi? Meniñ pikirimçe etmezler, şonuñ üçin soraýaryn! * * * Esad agdaryldy, gaçdy gitdi... Gowy zat. Indi Siriýada birtopar başybozuklar toparynyñ režimi höküm sürýär. Mysal üçin, araçägimiziñ Hataý töwereklerinde nämeler bolar? Esad barka ol ýerlerde PKK agaluk sürýärdi, mundan soñ güýjüñ kime geçjekdigi belli däl. Halap biziñ araçägimize 45 kilometr daşlykda. Awtoulag bilen barañda ýarym sagatlyk ýol. * * * Üstesine bu ýerleriñ agalygyny boýnuna alýan topar bar - HTŞ. doly ady "Heýet Tahrir Şam". Bu ýerleri ençeme ýyllap gysyp-gowrup gelen rehim-şepagatsyz hakyky şerigatçy topar. Bir hepde mundan öñem serhedimizde Esas bardy. Halasagam, halamasagam, hernäçe sözi geçmese-de, döwlet ady bardy. Indi Halapda, Hamada, Humusda, başgaça aýdanda Türkiýäniñ serhedine iñ ýakyn sebitlerde PKK bar, HTŞ bar. Siziñ özüñiz haýsysyny saýlap alardyñyz, Esadymy ýa şularymy? * * * Söýgüli okyjylarym, Orta Gündogar batgalygynda, Orta Gündogar çybyn-çirkeýliginde hiç bir diktator gan akydylman agdarylmaýar. Emma asyl gan diktator agdaryldan soñ akýar. Ýaragly taraplar hökmany suratda biri-biri bilen garpyşýar. Siriýa heniz şol tapgyra gelmedi, ýöne Orta Gündogarda üýtgewsiz düzgün-ä şeýleräk. Şu babatda belkäm ýalñyşaýyn-da menem. Emin ÇÖLAŞAN. "SÖZCÜ" gazeti, 11.12.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |