13:57 Arap älemi, yslam dünýäsi! | |
ARAP ÄLEMI, YSLAM DÜNÝÄSI!
Publisistika
Söýgüli okyjylarym, "Hamas" bilen Ysraýylyñ arasynda dörän gorkunç uruşy bütin dünýä howpurgamak bilen tomaşa edýär. Men daşary syýasat boýunça ýörite hünärmen-ä däl. Ýöne bu ýazgyny siziñ ýaly biri bolup ýazýaryn. Bu uruş eýýäm olaryñ arasynda näçinji gezek bolup geçýär! Dowamly garpyşýarlar, emma üýtgeýärler. Araplary Palestinanyñ öz ýurtlarydygyny öñe sürse, Ysraýyl muña düýbünden ters zat aýdýar. Arap dünýäsi köpçülik... Ysraýyl bolsa, 10 million ilatly, geografik ýerleşişi boýunça seredende, kiçijik ýurt. "Büräniñ kiçisi gaty çakar" diýleni, kiçem bolsa ellerinden gelmeýän zat ýok! * * * Aziýadan Afrika çenli aralykdan uzal ýatan arap ýurtlary, yslam dünýäsi bileleşse, Ysraýyly bir käse suwda bogup öldürmekleri mümkin... Emma olaryñ muny edip biljegi nägümana... Olaryñ hersi özbaşyna (arap däl Eýrany-da muña goşuñ) aýry-aýry ýollaryñ ýolagçysy. Asyl olaryñ özlerine özlerinden başga ýagy gerek däl. Biri-birlerini itden beter ýigrenýärler. Biriniñ ak diýenine beýlekisi gara diýýär. Bileleşmekden geçen, entek olar öz aralarynda dil tapyşyp bilenok. Hemmesi-de aýry-aýry alanyñda "musulman"!.. Emma özara harçañlaşmalaryñ düýbüne seredýäñ welin, käbirinde "mezhep oñşuksyzlyklary" bar, käbirinde hem "bähbit oñşuksyzlary"... * * * Araplaryñ bir bölegi nebit multimilliarderi... Käbirlerini şeýhler, käbirlerini-de din söwdagärleri dolandyrýar. Nebitden gazanylan ummasyz pullar halkyñ däl-de, şol musulmansumaklaryñ jübüsine girýär. Ýolbaşçylarynyñ köpüsi ogry... Saud Arabystany, Kuweýt, Katar ýaly şeýhlik bilen dolandyrylýan ýurtlaryñ başynda oturanlaryñ dagy barsy ogry diýsegem öte geçdigimiz bolmaz. Bularyñ barsy elpe-şelpelikde döwran sürüp ýaşaýarlar. Emma, gelip görüñ, Afrikadaky musulmanlaryñ aglabasy aç-hor, ýetde-gütdelikde, garyplykda ýaşaýar. * * * Siz seretmäñ ol toslama "musulmanlyk, din doganlygy" edebiýatyna, pöwhe sözlere... Hemmesi ýapa degmez patarraky... Birinji jahan urşunda Osmanla garşy eden duşmançyklaryny ata-baba ýatdan çykarar ýaly däl we muny hiç wagt gözden salmaly däl. Iñlis altynlaryna satyn alynan "din doganlarymyz", şeýhler we şuña meñzeşler bize hunaba barsyny ýuwutdyrandyr-a!.. On müñlerçe mehmetjigimiz häzir olaryñ ýurdunda ýatyr, indi olaryñ mazarlarynyñ nirdedigem belli däl. * * * Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w) "Rawzaýy-Mutahhara" atly mübärek guburynyñ ýerleşen Medine şäherini ganap, ahyrsoñunda eýelemegi başaranam ýene şolardy. Olar yslamyñ mukaddes şäherini hristian esgerleriniñ eline berdiler. Birnäçe aýlap dowam eden şol wagşyýana gabawyñ dowamynda aç galan mehmetjik (türk esgeri) näme etjegini bilmän galdy. Garnizon serkerdesi beýik gahryman Fahretdin (Türkkan) paşa esgerlerine görkezme beripdi: "Balalarym, men çekirtge iýýärin, sizem iýiberiñ". Başga alajy ýokdy... Şonsuzam çekirtgeden we hurmadan başga iýere zat galmandy... Saçda gowrulan çekirtgelerdir, birnäçe hurma açlyk bilen gidişýän türk esgeriniñ gündelik iýmitidi. Mehmetjik perişan haldady, ahyrsoñunda garnizon boýun egmäge mejbur boldy. * * * Şindi ýene häzirki günlere dolanyp geleliñ... Ol ýerde 10 million adamly Ysraýyl diýilýän jöhit döwleti bar. ABŞ-dyr Günbatar dünýäsiniñem maddy-magnawy goldawyny alýar... Eýelik edýän tehnologiýasy-da iñ soñky derejede ösen. Garşysynda bolsa dürli sebäpler bilen böleklere bölünen arap dünýäsi... Ylla ugruna goýberseñ, biri-birlerini bogup öldüräýjek. Yslam ýurtlarynyñ birinde-de "demokratiýa" diýilýän düşünjä ýer ýok. Asyl şol sözi agzajak bolýanam ýok. Emma howada gaýmalaşýan boş sözlere, boş çişen bolmalaryna seretseñ, hemmesi Ysraýylyñ ganym duşmany! Her Ysraýyl urşundan soñam "din dogany" Türkiýeden kömek hantama bolýarlar!.. Biziñkilerem, "dünýä liderimiz" başlyklaýyn özlerini görkezjek bolup nutuk atmaga başladylar... "Biz araçylyk etmäge taýýar, hernä köp gan dökülmese bolýar!" Käşgä, mümkin bolsady... ýöne hiç kimse, hiç bir ýurt orta çykyp, "Gel, Türkiýe, bizi ýaraşdyr-da, şu uruşy soñlandyr" diýenok. Diýmejegem görnüp dur. Eýýäm boljak iş boldy, suw señrikden agdy. Gan sil bolup akýar. Rayat, esger, aýal-erkek, çaga-çoluk... müñlerçe adam ölýär... Ady agzalan uly döwletlerden başga kim kime araçylyk edip biler öýdýärsiñiz! Bular içerki syýasatyñ çeper fantaziýalary bilen bile hyýaly dünýäleridir! * * * Arap dünýäsiniñ we yslam äleminiñ öz arasynda böleklere bölünen we pytran ýagdaýy haçanam bolsa bir gün soñlanarmy? Meñ pikirimçe soñlanmaz... Ýene bir gezek at goýalyñ we hakykatlary unutmalyñ. Arap dünýäsi Birinji jahan urşunda, aýratynam Ýakyn Gündogarda bize hyýanat edip, arkamyzdan urupdy. Guma garylan nijeme mehmetjiklerimiziñ, türk esgerleriniñ garnyna çenli "altyn bar bolaýmasyn" diýip tüpeñiñ tygy bilen ýarylyp görlüpdi. Has soñky ýyllara seredenimizde, dürli toparlaryñ üsti bilen Türkiýede bolup geçen terrorçylykly aktlara hem ýakyndan goldaw beripdi. Falih Ryfky Ataý "Zeýtun dagy" atly kitabynda şeýle diýýär: "Siriýada we Liwanda kimdir birinden türkmi sen diýip sorasañ, berýän jogaby köplenç "Estagfurylla!" bolardy!" Arap dünýäsiniñ aglaba köplügi Türkiýäni ýigrenýär. Biz bolsa şunça taryhy hakykatlardan soñam olara gowy görünjek bolmagyñ, ýallaklamagyñ ugrunda jan edýäris. Emin ÇÖLAŞAN. "SÖZCÜ" gazeti, 14.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||