14:38 Jübidäki pullaryñ gynançly hakykaty... | |
JÜBIDÄKI PULLARYÑ GYNANÇLY HAKYKATY...
Publisistika
Söýgüli okyjylarym, ençeme ýyldan bäri pulumyz samana döndi, walýutamyzyñ hiç hili hümmeti ýok! Birküç günlükde markete gidenimde, jübimdäki kagyz pullara bir göz aýladym. Her birinden bir sanysy bolan 5-lik, 10-lyk, 20-lik, 50-lik, 100-lik, 200-lik liram bar eken. Bular döwletiñ çykaryp, ulanyşyga goýberen banknotlary... Indi gülkünç ýagdaýa düşen ownuk pullarymy-ha sanajagam bolamok. Adamlar indi ony jübüsine boş agram berip götermeýärem. Ownuk pullaryñ samança güýji ýok. * * * Markete girensoñ pikir etdim... Eýse 5 lira bilen näme alyp bilerkäm? Çöregiñ bahasy 6 lira bolupdyr. Simit 8 lira. Marketiñ içini söküp çykdym, 5 lira alyp boljak ýekeje zat bar eken. 40 gramlyk balyk şekilli kökejik bar, bahasy 3 lira. * * * A 10 lira bilen näme alyp bilerkäm? Ýarym kile pomidor, ýarym kile-de badamjan alaýsam?.. Bahalara seretdim. Pomidoryñ kilosy 29, baklajanyñky 35 lira. 10 lira bilen hersinden ýarym kile alaryn öýdüp pikirem etme. Gözüm (nämediginem bilemok) gülgüne pomidoryñ bahasynda eglendi... 43 lira. * * * Tykyrganyp durşuma ýene pikire batdym... Jübimdäki 20 lira bilen bir zatlar alyp bolmazmyka? Ýumurtga alaýyn diýsem, lotogy 68 lira. Süýt alaýyn diýsem, litri 28 lira... Iñ bolmanda şöhlat bir alaýyn diýip, bahasyna seredenimden agzym uçuklady. Kilesi 910 lira. 100 gram alsam 91 lira... * * * Pikirim şobada jübimdäki 50 lira gitdi, emma olam 100 gram şöhlat almaga ýetenok. Bahasyna seredeýin, ýetse sygyr eti alaýyn diýdim. 60 gramy 22 lira eken. Onuñam kilesi ep-esli pula durýar, 50 liram ýetenog-a! * * * Jübimdäki 100 ýa-da 200 liramy böldürip, bir zatlar alsam... Meselem, az-owlak et alyp bilmezmikäm!.. Bir kile üwelen sygyr etiniñ (farş) bahasy 330 lira. Gapyrganyñ kilesi 470 lira! Markete aýlanyp ýörkäm bir zat ünsümi çekdi, 16-lyk sertaraş päkisi bar eken, bahasy 1.690 lira! * * * Jübimdäki pullar bilen bir kile et ýa-da bir kile ak peýnir almak mümkin däl. Köne syryñ bahasy 440 lira bolupdyr... Raki ýaly ähli spirtli içgileriñ bahasy çilimiñ bahasy bilen bile keýgiñ şahyna çykypdyr. Ir-iýmişiñ, gök önümleriñ, kir ýuwujy serişdeleriñ, hajathana kagyzunyñ bahalary-da asmana uçupdyr. Garry ildeşleriñ biri kassanyñ öñünde hüñürdeýär: - Köşklerde ýaşaýanlar bir gün şu ýerik gelip, bahalary bir görsediler. Aýda 18 müñ lira pensiýa alsamam, öýüme äkidýän zadym ýok... * * * Söýgüli okyjylarym, ýañam aýdypdym, jübimde 5-200 liralyk aralykda alty dürli banknot bardy. Bularyñ jemi 385 lira bolýar. Kilesinden geçdik, bu pul bilen ýarym kile et bilen bile ýarym kile peýnir, iki kile käşir alyp bolanok. Pulumyz hakykatdanam samana dönüpdir, öñdenem ýok hümmetini ýitirip, ýer bagyrtlaýar. * * * Emma ýer bagyrtlatmaly zat aslynda pulumyz däl-de, onu bu zelil ýagdaýa düşürip, inflýasiýanyñ garşysynda çäresiz galanlar. Saýlawdan öñ halky ýalan-ýaşryklar bilen aldawa salyp, ses ogurlanlar. Pikir edip görüñ-ä, ýañy wezipä bellenen Merkezi bankyñ başlygy ähli gowy niýeti bilen birlikde beýanat berýär: "Inflýasiýa garaşygymyzy täzeden gözden geçirdik, 22%-den 58%-e çykardyk". Çäresizligiñ alamaty bolan bu sözleriñ manysy belli: "Aýyplaşmañ, biziñ inflýasiýa belasyny başymyzdan dep edip biljek güýjümiz ýok". Düşnükli dilde aýdylanda: Her kim öz najatyna özi garasyn, gadyrdanlar! Ölen-ä öler gider, galanlary bilen günümizi göreris. * * * Süýji wadalar, reñbe-reñ arzuw-hyýallar, pöwhe sözler bireýýäm dyndy, indi-indi boýun almaga başladylar... Boýun alyp başlamaga mejbur boldular. Bärde möhüm sorag şu: Ýurdy we millionlarça raýatymyzy bu ýagdaýa düşüren, inflýasiýa belasyny gündelik durmuşymyza sokan bu utançsyzlardan hasap soraldymy? Ýok! Ýa bolmasa soralarmyka? Ýok, hiç wagtam soran bolmaz!.. Jemgyýetiñ-ä bu zatlara nägilelik bildirjek gümany ýok, gyş ukusynda ýatyr. Ýeñsesine bir şarpyk urup, agzyndaky lukmasyny alsañam sesini çykaranok. Olar halkyñ şeýledigini bilensoñ, ýollaryna gül sepdirip ýaşaýarlar. Emin ÇÖLAŞAN. "SÖZCÜ" gazeti, 29.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||